Amerikaly bir ylmy toparyň aýtmagyna görä, biziň galaktikamyz bolan Akmaýanyň Ýolunda iň azyndan 100 milliard planeta bar. Bu olaryň "Kepler-32" diýlip atlandyrylýan planeta sistemasyny takyk öwrenenlerinden soň gelen netijesi. Alymlaryň pikiriçe, bu analizden biziň galaktikamyzdaky planetalaryň sany we olaryň nähili dörändigi barada netije çykaryp bolýar.
"Galaktikada iň azyndan 100 milliard planeta bar. Bu aýdylýan diňe biziň öz galaktikamyz barada" diýip, Birleşen Ştatlaryň Kaliforniýa ştatynyň Pasadena şäherinde ýerleşýän Kaliforniýa tehnologiýa institutynyň ("Kalteh" ylmy topary) professory Jon Jonson aýdýar.
"Bu ynanar ýaly zat däl. Takygrak oýlanyp görseň, bu gaty köp zat. Ol ortaça hasap bilen her bir ýyldyza bir planetanyň düşýändigini aňladýar" diýip, Jonsonyň kärdeşi Jonatan Swift hem onuň sözüniň üstüni ýetirýär.
"Kepler-32" we bäş planeta
"Kepler-32" – bu kosmos teleskopy "Kepler" tarapyndan töwereginde 5 planetanyň hereket edýänligi anyklanan ýyldyz. Bu planetalaryň ikisine ozalbaşga ylmy toparlar gözegçilik edipdiler. "Kalteh" topary bu ulgamda ýene üç planetanyň bardygyny ýüze çykardy.
“Kaltehiň” 2013-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda bildirmegine görä, Jon Jonson bilen onuň kärdeşleri bu ulgamy jime-jik öwrenip, onuň häsiýetlerini "Kepler" missiýasy tarapyndan üsti açylan beýleki planeta sistemalary bilen deňeşdirip görüpdirler.
Gürrüňi edilýän "Kepler-32" bir gyzyl karlik ýyldyz. Bu ýyldyzlaryň m-görnüşi Akmaýanyň Ýolunda has köp duş gelýän ýyldyzlar. Olar biziň galaktikamyzdaky ýyldyzlaryň takmynan 70 prosentini emele getirýärler.
Sistemanyň 5 planetasynyň ululygy takmynan Ýeriň ululygyna deň, olaryň öz ene ýyldyzyndan aralygy bolsa Ýer bilen Günüň aralygyndan ep-esli ýakyn. Bu hem, Swiftiň aýtmagyna görä, bular ýaly ýyldyzlarda bir adaty zat. Biziň galaktikamyzdaky planetalaryň aglaba köplüginiň häsiýetleriniň “Kepler-32-niň” töweregindäki planetalaryň häsiýetlerine gabat gelmegi mümkin.
Bu ulgamyň özboluşly tarapy onuň bäş planetasyna, haçan-da olar öz orbitasy boýunça ene ýyldyzyň öňünden geçenlerinde, Ýerden gös-göni gözegçilik edip bolýanlygy. Bu hem ulgamy jikme-jik öwrenip, tranzit metodynyň kömegi bilen, planetalaryň öz ýyldyzynyň daşyndan doly aýlaw döwrüniň uzynlygy, massalary we beýleki parametrleri barada takyk netije çykarmaga mümkinçilik berýär.
"Kepler" missiýasy beýleki ýyldyzlaryň töweregindäki planetalary gözlemekde şu metody ulanýar. Tranzit metodynda bir planeta ene ýyldyzyň öňünden geçende, ýagtylykda bolýan peselmeler ölçelýär.
Bu ulgamy öwrenmegiň ähmiýeti
Astronomlar Akmaýanyň Ýolunda şular ýaly ulgamlar köp, şol sebäpden “Kepler-32-ni” öwrenmek bilen umuman planeta sistemalarynyň döremegi barada köp zatlary öwrenip bolar diýip pikir edýärler.
Planetalaryň gelip çykyşy baradaky esasy soraglaryň biri näçe planetanyň bardygy. "Kalteh" topary ýaly, beýleki ylmy toparlar hem bu soraga ozal çen-çak bilen ýyldyz başyna bir planeta bar diýip jogap beripdiler. Ýöne häzirki çaklama ilkinji gezek planetalaryň san taýdan iň uly bölegini düzýän m-karlik ulgamlary barada geçirilen barlaglara esaslanýar.
Alymlar ilki karlikleriň m-görnüşine degişli we gapdaldan gözegçilik edip bolýan şular ýaly sistemalaryň duş gelme ähtimallygyny hasaplapdyrlar. Onsoň, gelnen nitijäni kosmos teleskopy “Kepleriň” açyp bilýän ulgamlarynyň sany bilen birikdirip, Akmaýanyň Ýolunda her bir ýyldyza bir planeta bar diýen netijä gelipdirler.
Ýöne, olaryň aýtmaklaryna görä, bu bir juda konserwatiw çaklama. Jonatan Swift başga bir analizde gelnen netijeler boýunça edilen hasaplamada her ýyldyza iki planeta düşýändigini aýdýar.
"Kepler-32" ýaly ulgamlar biziň Gün sistemamyzdan bütinleý tapawutlanýarlar. Olar Günden hem sowuk hem-de ep-esli kiçi. Bir gyzyl karlik ýyldyzyň massasy ortaça hasap bilen biziň Günümiziň massasynyň takmynan 10 prosentine deň, üstündäki temperatura köplenç 2.200 bilen 3.600 kelwin aralygynda bolýar. Günüňki bolsa 5.500 kelwin.
Bäş planetanyň ene ýyldyzdan aralygy hem biziň Gün sistemamyzdaky planetalaryň Gün bilen aradaky uzaklygyndan has ýakyn. Şu jähtden garanyňda, “Kepler-32-niň” töweregindäki sistema dolulygyna Merkuriniň orbitasynyň içinde ýerleşip bilýär.
M-karlik sistemalaryň öz ýyldyzlaryna ýakyn ýerleşmegi olaryň üsti juda gyzgyn, ýaşamaga ýaramly dünýäler däldigini aňladanok. Sebäbi m-karlikler kiçi hem-de temperaturasy pes bolansoň, olaryň ýaşamga ýaramly zonasy ene ýyldyzdan o diýen uzakda ýerleşmeýär. “Kepler-32-däki” bäş planetanyň diňe iň daşdakysy bu zonada ýerleşse-de, beýleki m-karliklerde bu zonada ýerleşýän köpsanly planetalar bar.
“Kepler-32” ulgamynyň haçan dörändigini entek bilýän ýok. Ýöne gelnen netijelerden planetalaryň hemmesiniň ene ýyldyzdan häzirkisinden has uzak aralykda döräp, wagtyň geçmegi bilen ýyldyza ýakynlaşandygyny çaklasa bolýar.
Araz Perwiş Germaniýada ýaşaýan žurnalist, syýasy ylymlaryň doktory.
ÇEŞMELER:
http://www.caltech.edu/content/planets-abound
http://www.astrobio.net/pressrelease/5242/100-billion-planets-may-populate-the-galaxy
http://www.sciencedaily.com/releases/2013/01/130103143422.htm
http://phys.org/news/2013-01-planets-abound-astronomers-billion-populate.html
http://www.raumfahrer.net/news/astronomie/08012013160147.shtml