Ýyldyzly asman adamzadyň ünsüni hemişe diýen ýaly özüne çekip, ony geňsi jadylap gelipdir. Ol garaňky gijelerde çölde-düzde ýeke galanlara ýaran bolupdyr, ýoluny ýitiren kerwenlere ýol görkezipdir. Şahyrlara, ýazyjylara ylham bolup, olary wasp edilip şygyrlar ýazylypdyr, dessanlar düzülipdir.
Biz asmany ýyldyzsyz göz öňüne getirip bilemizok. Ýöne bir gün ýyldyzlaryň öçüp, Älemiň garaňkyrap galma ähtimaly nähilikä? Portugaliýaly, britaniýaly, ýaponiýaly, italiýaly we gollandiýaly astronomlardan ybarat bir ylmy toparyň gelen netijerlerine görä, bu ähtimallyk gaty ýokary.
Nähili esas bar?
Bu ugurda alnyp barlan giň gerimli barlaglarda alymlar häzir Älemde täze döreýän ýyldyzlaryň sanynyň özüniň iň ýokary derejesi bolan 11 milliard ýyl mundan ozalky, ýagny Älemiň döremegine getiren Uly Partlamanyň 2.7 milliard ýyl yzýanyndaky derejesiniň diňe 3%-ne deňdigini kesgitläpdirler. Olaryň aýtmagyna görä, bu durgunlyk bu golaý-goltumda üýtgärli däl.
Älemiň ewolýusiýasy barada häzir kabul edilýän model boýunça ýyldyzlar 13.4 milliard ýyl mundan ozal, ýagny Uly Partlamadan 3 million ýyl soň döräp ugrapdyrlar. Bu deslapky ýyldyzlaryň aglabasy, şu günki ölçeglere görä, aşa uly bolup, olaryň massasy biziň Günümiziň massasyndan ýüzlerçe esse uly bolandyr diýlip pikir edilýär.
Bu “läheňleriň” ömri birnäçe million ýyldan aňry geçmän, irgözünden “garrap”, olaryň ýangyçlary tamamlanypdyr. Olar şeýdip, ýarylyp, dargap gidipdirler. Kiçi massaly ýyldyzlar bolsa, munuň tersine, milliardlarça ýyl ömür sürýärler.
Ýyldyzlaryň partlamagyndan ýaýraýan tozandyr-gazlar “täze nesilleriň” döremegi üçin gaýtadan ulanylýar. Mysal üçin, biziň Günümiz üçünji nesil ýyldyz diýlip pikir edilýär. Ýöne massalary we häsiýetleri nähili bolsa-da, ýyldyzlar biziň galaktikamyz “Akmaýanyň ýoly” ýaly galaktikalaryň düzüm bölegi bolup durýarlar.
Kosmiki döwrüň dowamynda ýyldyzlaryň döreme taryhyny öwrenmek galaktikaryň nähili emele gelip, nähili ösendigine göz ýetirmek üçin juda möhüm hasaplanýar.
Soňky gözegçilikleriň netijesi
Täze barlaglarda alymlar ýyldyz önýän galaktiklary synlamak üçin biri-birinden tapawutly üç guraldan, ýagny Beýik Britaniýanyň “Infrared” teleskopyndan, Gawaýidäki “Subaru” teleskopyndan we Ýewropanyň Çilide ulanýan uly teleskopyndan peýdalanypdyrlar.
Agzalýan galaktikalar dürli uzaklyklarda bolansoň, olardan ýaýraýan şöhlelere, bize gelip ýetýänçä, şonça wagt gerek bolýar. Bu hem biziň olaryň Älemiň taryhynyň dürli döwürlerindäki ýagdaýlaryny görýändigimizi aňladýar. Şeýdip, biz wagtyň geçmegi bilen şertleriň nädip üýtgeýändigine düşünip bilýäris.
Bu galaktikalarda ýyldyzlaryň “dogulýan” ýeri bolan gaz we tozan dumanlyklaryny synlap, olaryň döreme derejesini hasaplap bolýar. Alymlar şu mümkinçilikden peýdalanyp, geçen 11 milliard ýyllyk döwürde ýyldyz önümçiliginiň yzygiderli haýallap, häzir onuň 11 milliard ýyl mundan ozalkysynyň diňe otuzdan birine deňdigini anyklapdyrlar.
Çaklanmagyna görä, Älemde şu wagta çenli peýda bolan ýyldyzlaryň ýarpysy 11 milliard ýyl bilen 9 milliard ýyl mundan ozal döräpdir. Galan ýarpysynyň döremegi üçin bolsa ozalkydan bäş esse köp wagt gerek bolupdyr. Ýyldyzlaryň döreýşinde ölçelen aşaklama şeýle dowam etse, onda kosmosyň ömri soňlanýança ýyldyz sany artaýsa, ol 5% artar diýilýär.
Bu barlaglara ýolbaşçylyk eden Gollandiýanyň Leiden uniwersitetiniň professory Dewid Sobral: “Älem üçin geljek garaňky görünýär. Ýöne biz bagtly, sebäbi biz sagdyn, ýyldyz öndürýän işjeň galaktikada ýaşaýarys. Biziň galaktikamyz ‘Akmaýanyň ýoly’ täze dörejek ýyldyzlara güýçli goşant goşmagyny dowam etdirer” diýip belleýär.
Täze geçirilen barlaglaryň ýyldyzlaryň azalýandygy baradaky görkezijileri gowy görkezijiler däl bolsa-da, onuň bu syryň üstüni açmaklary üçin alymlara itergi bolmagy mümkin.
Araz Perwiş Germaniýada ýaşaýan žurnalist, syýasy ylymlaryň doktory.
Çeşmeler:
1. http://www.ras.org.uk/news-and-press/219-news-2012/2187-cosmic-gdp-crashes-97-as-star-formation-slumps
2. http://www.sciencedaily.com/releases/2012/11/121106114141.htm