Meýdanda pagta kän, ýöne ýygymçy ýok

Döwlet Mäneli: "Häzir oba adamlary ölmez-öde ýaşamagyň däl-de, gurply ýaşamagyň aladasynda, olar indi ujypsyz pula pagta ýetişdirmek, ýygmak islänoklar".

Tejenli agronom Akmyrat aga ýaly tejribeli daýhanlaryň tassyklamagyna görä, öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe oba adamlaryna çörege pul tapmak, ýaşamak uly gaýgy bolan bolsa, häzir orta derejede zähmet çekýän daýhan üçin ýylda 6-7 müň manat (2000-2500 amerikan dollary) pul gazanmak, garaz, bolmanda ertir çagalaryma näme iýdirerkäm diýip alada etmän ýaşamak mümkinçiligi ýurtda doly döredildi diýsem öte geçdigim bolmasa gerek.

Oba hojalygynda adamlara pul berlip başlanmagy bilen pagta möwsüminde Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlaryndan ýurdumyzyň haýsy künjeginde pagta gowy bolsa, şol ýerde sergezdan ýatyp-turup, ölmez-öde ýaşamagyň hatyrasyna sähelçe teňňä pagta ýygýan Nyýazow döwründäki işsizler goşuny hem öz-özünden ýitdi. Sebäbi häkimiýetiň çalyşmagy bilen pagta-bugdaýyň satyn alyş nyrhy ýokarlandyryldy, daýhanyň öndüren önüminiň girdeji puly döwlet tarapyndan eglenmezden tölenýär.

Pagtanyň satyn alyş nyrhynyň galdyrylmagy bilen, öň adamlara, esasanam gelin-gyzlara bir kilogramy 10-12 teňňä (köne puldan 500-600 manat) ýygdyrylan pagtanyň kilogramy 2007-nji ýylda 20 teňňeden, soňky ýyllarda ýuwaş-ýuwaşdan galyp, häzir 30-35 teňňeden ýygdyrylýar. Ýöne indi bir kilogramyny 35 teňňeden ýygmaga hem isleg bildirýänleriň azdygyny pagtaçy kärendeçiler özara söhbetdeşlikde aýdýarlar.

Daýhanlar pagtasynyň kilogramyny 35 teňňeden ýygdyraýanda hem ýygymçylary äkidip-getirmek we ýygan önümini pagta bazasyna tabşyrmak üçin azyndan 100 manat çykdajy etmeli bolýarlar. Şeýlelikde, daýhan pagtasyny ýygdyrmak üçin kilogramyna 50-55 teňňe çykdajy etmeli. Daýhanyň pagtany ýetişdirmek üçin eden çykdajysyny goşsaň, bir kilogram orta süýümli pagta daýhana 70 teňňeden arzan düşmeýär. Inçe süýümli pagtany ýygmak, ýetişdirmek üçin çykdajy bolsa tas bir manada barýar eken. 2007-nji ýyldan bäri orta süýümli pagtanyň kilogramy 1 manat 4 teňňeden, inçe süýümlisi 1 manat 52 teňňeden satyn alynýar.

Häzir meýdanlarda pagta kän, mysal üçin, Altyn asyr etrabynyň Mäne-Çäçe obasynyň hersinde 2500 gektar ýetişdirilen gowaçanyň käbir ýerleriniň pagtasy heniz bir gezegem ýygylmadyk diýip, oba adamlary gürrüň berýärler. Myratberdi Sopyýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Begmyrat özüniň obasyndan 45 km uzaklykda 6 gektar pagtasynyň gowy ýetişendigini, ýöne ýygymçy ýokdugy üçin heniz pagtasyny bir gezegem ýygdyryp bilmändigini gürrüň berdi. Begmyrat pagtasyny doly ýygnap bilse, gektardan 30 sentner hasyl almaga umyt edýär eken.

Oba ýerlerinde işsizligiň azalmagy-da pagta ýygýanlaryň sanyny görnetin kemeldipdir. Türkmen manadynyň hümmetiniň bell bir derejede pese gaçmagy hem adamlaryň pagta ýygmak islegine böwet bolýar. Mysal üçin, 2007-nji ýylda 20 teňňeden bir kilogram pagta ýygan puluňa bir rus buhankasyny, 3 kilogram pagta ýygan puluňa bolsa tamdyrda bişirilen türkmen çöregini alyp bolýardy. Häzir bolsa 35 teňňeden pagta ýyganyňda hem, rus buhankasy üçin 2 kilograma golaý, gowy tamdyr çöregini almak üçin 6-7 kilogram pagta ýygmaly.

Aşgabatdan Gökdepe, Baharly ýa Mara tarapa gideniňde ýol ugrundaky açylan pagta meýdanlarynyň içinde bir-iki sany ýygymçy bar diýäýmeseň, Nyýazow döwründäki ýaly, pagtanyň bir übtügini hem zaýalamaýyn diýip, pagta ýygyp ýören adamlar toparyna gözüň düşenok. Häzirem ýetişdirilen pagtanyň ýygylmadyk meýdanlarynyň ýa bolmasa bir-iki gezek ýygnalanam bolsa, ak patrak ýaly açylyp, ýygylmaga taýyn bolan pagta ýerleriniň gaty köpdügini daýhanlar özara söhbetdeşlikde aýdýarlar.

Pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy 2007-nji ýyldan bäri üýtgänok. Emma daýhanyň pagta ýygym puly tas iki esse, tehnika, dökün üçin tölegi hem esse ýarym ýokarlanypdyr. Daýhan 2011-nji ýylda meýilnamadan artyk tabşyran pagtasynyň her kilogramyna azyndan 40 teňňeden 1 manada çenli birža tabşyryp goşmaça girdeji alypdy. Bu ýyl meýilnamadan artyk birža tabşyran orta süýümli kilogram pagtaňa 20 teňňe, inçe süýümlä bolsa 30 teňňe goşmaça töleg edýärler. Şeýlelikde, daýhanyň girdejisiniň öňki ýyllardakydan üzül-kesil kemelendigini görmek bolýar.

Mahlasy, häzir oba adamlary ölmez-öde ýaşamagyň däl-de, gurply ýaşamagyň aladasynda, olar indi ujypsyz pula pagta ýetişdirmek, ýygmak islänoklar.

Döwlet Mäneli türkmenistanly alymyň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Bu blogdaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.