Türkmen manady 19 ýaşady: geçilen ýola syn

2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan denominirlenen täze türkmen manady dolanyşyga girizildi.

Prezident Saparmyrat Nyýazowyň permany esasynda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda iki manady bir amerikan dollarynyň hümmetinde türkmen puly dolanyşyga girizildi. Ýöne ol çalt hümmetsizlenip başlady.

Eýýäm 2003-nji ýylyň ortalarynda gara bazarda 23-24 müň manadymyza bir amerikan dollaryny berýärdiler. 2003-2006-njy ýyllarda gara bazarda bir amerikan dollarynyň bahasy 23-26 müň manat aralygynda oýnap durdy. Ýöne Nyýazow gara bazary inkär edip, döwletde 5200 manat bir amerikan dollaryna deň diýen emeli bahany goýupdy.

Amerikan dollaryny döwlet bahasyndan raýatlara gaty çäklendirilen ýagdaýda ujypsyzja mukdarda çalşyp berýärdiler. Tanyşparazlyk bilen bikanun ýollar arkaly amerikan dollaryny döwlet bahasyndan çalyşýan az sanly adamlar topary emele gelipdi. Gara bazarda amerikan dollarynyň söwdasy gülläp ösýärdi.

Häkimiýetiň çalyşmagy bilen 2008-nji ýylyň 1-nji maýyndan bir amerikan dollary 14250 manat diýlip kesgitlendi. Şondan bärem amerikan dollarynyň türkmen manadyna bolan gatnaşygy bir nyrhda saklanyp dur. Raýatlarymyz owalbaşda amerikan dollaryna bolan gatnaşygynda türkmen manadynyň bir nyrhda saklanjagyna ynamsyzlyk edenem bolsa, ol ynamsyzlyk doly aradan aýryldy diýsem öte geçdigim bolmaz.

2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan denominirlenen täze türkmen manady dolanyşyga girizildi. Häzir Türkmenistanda amerikan dollaryna bolan gatnaşygynda türkmen manadymyzyň döwlet hem gara bazar boýunça kursy ýok. Amerikan dollaryny alyp-satýan raýatlarymyz hem döwletiň kesgitlän (bir amerikan dollary 2.85 manat) bahasyndan amerikan dollaryny halka hödürleýärler ýa-da satyn alýarlar.

S. Nyýazow 1993-nji ýylda täze türkmen manadyny girizende, pul denominasiýasy gümürtik ýagdaýda geçirilipdi. Söwet pulunyň 500 manadyna täze bir türkmen manady berildi.

SSSR döwründe raýatlarymyz ogul öýermek ýa maşyn almak ýaly ýagşy niýetde artdyran manatlaryny süýşürintgiler bankynda saklaýardylar. Mysal üçin, 1980-nji ýyllaryň ikinji ýarymynda täze "Žiguliniň" döwlet bahasy 9 müň manat, gara bazarda bolsa bu maşyny 12-13 müň manada satyn alyp bolýardy. Emma türkmen manady dolanyşyga girizilende, bir täze maşyn alyp bolýan pula 24-26 türkmen manadyny berdiler. Ol pula bolsa şol döwürde iki kilogram gant düşýärdi. Bir ýyldan soň bolsa asla hiç zat düşmedi.

Ogul öýerjek bolup, 30-40 müň manadyny süýşürintgiler bankynda saklan hojalyklaram köpdi. Mysal üçin, tejenli Meret aga Nyýazowyň pul çalşygy netijesinde döwlet bankynda özüniň 48 müň manadynyň köýendigini aýdýar. Mahlasy, müňlerçe manat pullaryny köýdüren hojalyklaryň anyk sany hem takyklanman gelýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem 2007-nji ýylda ilatyň köýen pullarynyň öwezini tölemek meselesini gozgapdy, ýöne häzire çenli bu mesele çözülenok. Emma köýen pullaryň eýeleri hökümetiň ýakyn wagtda öwez tölegini etjekdigine uly umyt edýärler.

Ýene bir bellemeli zat, her ýyl döwlet derejesinde geçirilýän "Türkmeniň Altyn asyry" bäsleşiginiň pul sylagy amerikan dollarynda tölenýär. Ilatymyz bolsa özara pul alşyp- berşenlerinde ýa-da harytlaryň bahasyny agzanlarynda Nyýazow döwründe emele gelen türkmen manadynyň hümmetinde aýdýarlar. Has dogrusy, 5 müň esse kiçeldilip, denominirlenen türkmen manadynyň girizilmegi ilatymyzyň täze manadymyza düşünmeginde belli bir kynçylyklary döredýär.

Emma, bulara garamazdan, türkmen manadynyň durnukly puldugy hakyndaky düşünje halkymyzyň aňyna ornaşyp başlady.

Döwlet Mäneli türkmenistanly alymyň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Bu blogdaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.