Şu ýylyň 12-nji iýunynda – Ylymlar gününde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow alymlaryň ylmy derejeleri hem atlary üçin töleg etmek barada degişli ýolbaşçylara tabşyryk beripdi.
Türkmenistanda sentýabryň aýlygyndan başlap, ylym we bilim pudagynda işleýän alymlara olaryň ylmy derejeleri hem atlary üçin töleg edilip başlandy. Ylymlaryň kandidaty aýlygynyň üstüne 20%, ylymlaryň doktory 50% goşmaça zähmet hakyny alýar. Ýurduň ylym-bilim pudagynda işläp, ylmy dosent ada eýe bolanlar 10%, professorlar 30% aýlygynyň üstüne goşmaça hak alýarlar.
Alym ylymlaryň kandidaty bolup, dosent ylmy ada eýe bolsa, ylmy derejesi hem ady üçinem goşmaça hak aldy. Onuň aýlygyna 30% goşuldy, eger alym ylymlaryň doktory hem professor bolsa, onuň aýlygynyň üstüne 80% goşmaça töleg edildi. Ylymlaryň kandidaty bolup, professor bolanlar hem aýlygynyň üstüne 50% töleg aldylar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň korrespondent agzasy 80%, Ylymlar akademiýasynyň hakyky agzasy bolsa indiden beýläk aýlygynyň üstüne 100% goşmaça ylmy derejesi üçin hak alar.
Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň hakyky agzalary, ýurdumyz boýunça dört sany alym akademik ylmy derejeleri hem professor ylmy atlary üçin aýlyklarynyň üstüne 130% zähmet hakyny aldylar. Olar öň baş ylmy işgär bolup, 1600 manat alan bolsalar, indiden beýläk olaryň aýlygy 3660 manat ýa-da 1285 amerikan dollaryna barabar bolar.
Ylymlaryň kandidaty esasy ylmy işgär bolup, onuň aýlygy 1200 manatdy, häzir onuň aýlygy 1440 manat boldy. Ylymlaryň kandidaty bolup, dosent ylmy ada eýe bolanlaryň aýlygy 1560, eger ol professor bolsa, 1800 manat aýlyk alýar. Ylymlaryň doktory bolan baş ylmy işgäriň aýlygy öň 1480 manatdy, häzir onuň aýlygy 2220 manat, eger ylymlaryň doktory, professor bolsa 2664 manat aýlyk alýar, bu bolsa 935 amerikan dollaryna barabardyr. Ylymlar akademiýasynyň hakyky agzasyna, pensiýada bolsa-da, her aý üçin 1800 manat hak bellenipdir.
Hususy pudakda ýa ylym-bilimden başga ugurda işleýän alymlara ylmy derejeleri hem atlary üçin töleg edilmeýär. Şeýle hem 1995-2012-nji ýyllarda başga döwletlerde dissertasiýa goran alymlarymyzyň ylmy derejeleri hem atlary üçin töleg edilmedi. Ýurduň ylym-bilim pudagynda işläp, daşary ýurtda ylymlaryň magistri ýa doktory bolan alymlaryň ylmy derejelerini ykrar edip, olara hem goşmaça töleg etmegiň üstünde işlenip oturylandygy hakynda maglumatlar bar.
Ylmy derejesi bolmadyk ylmy işgärleriň iň tejribelisi uly ylmy işgär wezipesine işe alnyp, onuň aýlygy 1084 (330 dollar) manatdyr. Şeýlelikde, ylmy derejesi hem ylmy ady bolan alymlar bilen ýönekeý ylmy işgärleriň aýlyk haklarynyň arasynda uly tapawut emele geldi. Saparmyrat Nyýazowyň karary bilen, Ylmy dissertasiýalary goradýan ýöriteleşdirilen Geňeş 1995-nji ýylyň iýulyndan ýapyldy. Şu ýylyň 1-nji sentýabryndan bu Geňeş açylyp, işe başlanam bolsa, şu döwürde ýekeje ylmy işgäre-de dissertasiýasyny goramaga mümkinçilik döremedi. Şonuň üçin, ylmy derejesi hem atlary bolmadyk ylmy işgärlere Nyýazow döwründe döredilen uly päsgelçiligiň göz öňünde tutulyp, olaryňam aýlygynyň galdyrylmagyna umyt edilýär.
Döwlet Mäneli türkmenistanly alymyň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Bu blogdaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.