Türkmenistanda ýene-de şowhun-şagalaň artýar

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki mekdep stadionlarynyň birinde baýramçylyk türgenleşikleriniň gerçirilýän pursady. 1-nji oktýabr, 2012.

Türkmenistan 27-nji oktýabrda özüniň Garaşsyzlyk gününi bellemäge taýýarlyk görýär. Özi-de, ol muny paýtagt Aşgabatda köpçülikleýin tanslar we harby paradlar bilen garşylamaga taýýarlanýar. Ýöne tanslaryň ýa ýörişleriň islendigi munuň üçin kabul edilmeýär.

Indi sentýabryň ortalaryndan bäri ýurduň ähli uly şäherlerinde mekdep okuwçylary, studentler we edara-kärhana işgärleri hökmany tans etmek we parad geçmek boýunça türgenleşiklere gatnaşdyrylýarlar.

Okuwçylar we işgärler aýak üstünde

Şäherlerdäki köp mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda günortandan başlap sagat 15:00-lere çenli sapaklar ýatyrylyp, çagalar we studentler okuw jaýlarynyň ýanyndaky stadionlarda türgenleşik geçýärler.

Okuwçylar öz türgenleşiklerini tamamlanlaryndan soň, bu stadionlary köpçülikleýin tans etmek boýunça türgenleşik geçýän edara-kärhanalaryň işgärleri doldurýarlar. Bu türgenleşikleriň köpüsi hökümet tarapyndan bellenilen ýörite instruktorlaryň berk gözegçilikleri astynda geçýär.

Lebap Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk görýär


Paradyň käbir instruktorlary welaýatlaryň şäherlerinde geçirilýän deslapky türgenleşiklerden soň saýlanyp alynjak toparlaryň 10-njy oktýabrda ýene iki hepde türgenleşik geçmek üçin Aşgabada alnyp gidiljekdigini mälim etdiler.

Türkmenistanda raýatlaryň köpçülikleýin çärelere ýa-da konsertlere ýa-da saglyk ýörişlerine sürülmekleri adaty bir ýagdaý hasaplanylýar. Bu taýýarlyk çäreleri Demirgazyk Koreýadaky şuňa meňzeş çäreleri ýadyňa salýar.

“Bagtyýarlyk dowry” bagtyýarmy?

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň fewralynda özüniň ikilenji gezek prezidentlige saýlanmagynyň yzy bilen ýurduň häzirki döwrüni “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri” diýip yglan edipdi.

Şu ýylyň başynda Türkmenistanda “Saglyk we bagtyýarlyk hepdeligi” bellenip geçilende, döwletiň edara-kärhanalarynda işleýän işgärleriň öz saglyklaryny pugtalandyrmaklary üçin olara has köp bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak barada görkezmeler-de berildi.

Şonda “Saglyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň” dowamynda paýtagt Aşgabatda adamlary “Saglyk ýodasyndan” köpçülikleýin ýöretmek ýaly çäreler-de gurnaldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýramçylygyna görülýän taýýarlyklarda instruktorlardan biri bu çärelerde hemme zadyň jikme-jikligine çenli öňünden planlaşdyrylýandygyny aýtdy. Tansçylar prezidentiň öňünde tans etmeli. Ol bolsa hiç bir hili kadadan çykmany halamaýar.

Prezident G.Berdimuhamedow ýakynda eden çykyşlarynyň birinde Garaşsyzlyk gününe görülýän ähli taýýarlyklaryň “iň ýokary guramaçylyk derejesinde” bolmalydygyny nygtady.

Şeýle hem, ol “hiç bir zadyň baýramçylyk atmosferasyna hem-de ilatyň ýokary baýramçylyk keýpine kölge salmazlygy üçin” berk jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň üpjün edilmegi ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.