Meksikada ýaşan türkmen ýazyjysy

Han Hajyýewiň “Uly Boýar” romany daşary ýurt rus okyjylaryny aşa gyzyklandyrandan soň, “Nowyý žurnaly” bu roman hakynda gyzykly üç syna orun beripdir.

Han Hajyýew 1895-nji ýylyň 22-nji iýulynda Özbegistan Respublikasynda türkmenleriň ýaşaýan mekany bolan Dörtgül raýonynda doglupdyr. Oňa ene-atasynyň dakan ady Beknazar, ýöne ol hakdaky işlerde onuň ady Nazar bek, Reza bek, Razak bek, Baýderen Hajyýew diýlip hem ýazylypdyr.

Akademik, taryh ylymlarynyň doktory Şamyrat Täşliýewiň bellemegine görä, Beknazaryň has ýörgünli “Han” adyyny almagy bolsa, onuň Teke polkunda batyr komandirleriň biri bolmagy bilen baglanyşyklydyr.

Han Hajyýew Moskwada imperator Aleksandr II-niň 3-nji kadet korpusynyň Twer kawaler uçilişesini tamamlap, Zabaýkalýedäki Kazak polkuna gulluga iberilýär. Ol tizara Teke atly polkuna geçirilýär.

Birinji Jahan Urşundaky edermenlik

Han Hajyýew Birinji Jahan Urşunda Teke polkunyň söweşjeň komandirleriniň biri hökmünde özüni tanadyp, ol nemes, awstriýa goşunyny ýeňlişe sezewar etmekde görkezen gahrymançylygy üçin 1917-nji ýylyň fewralynda Rus imperatorynyň söweşjeň “Geýorgiý hajy” ordeni bilen sylaglanypdyr.

General, Orsýetiň öňki Baş komandýuşisi L.G.Kornilowy tussag edip, Orsýetiň Bykow türmesine eltenlerinde, Teke polky oňa garawulçylyk çekipdir. Taryhçy alymlar, professor Ö.Gündogdyýewiň hem J.Annaorazowyň “Teke atly polky: Şöhrat hem tragediýa” atly kitabyndaky beren maglumatlaryna görä, Han Hajyýewiň ýolbaşçylygynda Teke polky bu generaly türmeden boşadýar hem Han Hajyýew L.G.Kornilowyň adýutanty bolýar.

Han Hajyýew 1918-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda meýletin goşun gullugyndan çykyp, Türkmenistana dolanýar. Ol şol wagtky türkmen topraklarynda bolşewiklere garşy göreşe işeňňir gatnaşýar.

1919-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda general A.I.Denikiniň buýrugy bilen general-leýtenant W.P.Sawiskiniň ýolbaşçylygynda Türküstan goşuny döredilýär. Teke atly polky Oraz serdaryň baştutanlygynda kawaler diwizýa öwrülip, Türküstan goşunynyň hatarynda bolşewiklere garşy söweş alyp barypdyr.

Alyslardaky sergezdanlyk

Bolşewiklere garşy söweş şowsuz tamamlanandan soňra, Han Hajyýew 1920-nji ýylyň fewralynda Eýrana gidýär, ol tizara Bagdada, az wagtdan Hindistana barýar. Han Hajyýew 1921-nji ýylda Orsýetiň Wladiwostok şäherine gelip, admiral Kolçagyň goşunynyň hatarynda Uzak Gündogarda bolşewiklere garşy söweşipdir. Kolçagyň göreşi şowsuz tamamlanandan soňra, Han Hajyýew derrew Hytaýa barýar, bir ýyl gowrak Şanhaýda ýaşapdyr.

Akademik Ş.Täşliýew 1990-njy ýylyň ý fewralynda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň studentleri üçin “Türkmen komandiri Han Hajyýew” diýen leksiýasynda Han Hajyýewiň Şanhaýdan Ýaponiýa, ol ýerdenem 1923-nji ýylyň maýynda Meksika baryp, onuň tä ömrüniň ahyryna çenli Meksikanyň Meksiko Siti şäherinde ýaşandygyny bize, şol wagtky studentlere gürrüň beripdi.

Han Hajyýew Meksikada ilkiler gara işçi bolup işläpdir, soňra öz hususy surat atelýesini açypdyr, bu ýerde onuň işi örän şowly bolýar. Han Hajyýew Meksikanyň metbugatynda 1925-njy ýyldan çykyş edip başlaýar.

Onuň Meksikadaky döredijiligi

Ol Meksikada ýaşasa-da, ak gwardiýaçylaryň metbugaty diýip at alan Ýewropada hem Amerikada çykýan “Posledniýe nowosti”, “Wozroždeniýe”, “Westnik perwopohodnika” gazet-žurnallarynda, Meksikanyň ýerli metbugatynda yzygider çykyş edipdir.

Ol 1929-njy ýylda general Kornilowyň ykbaly hem ynkylap taryhy hakynda 357 sahypalyk “Uly Boýar” diýen romanyny Belgradda çap etdirýär. Onuň bu romany oňat garşylanypdyr.

Bu roman Orsýetdäki 1916-1920-nji ýyllaryň çylşyrymly wakasyny çeper şöhlelendiripdir. Han Hajyýewiň “Uly Boýar” romany daşary ýurt rus okyjylaryny aşa gyzyklandyrandan soň, “Nowyý žurnaly” bu roman hakynda gyzykly üç syna orun beripdir.

Han Hajyýew San- Fransiskoda çykýan “Westnik perwopohodnika” diýen žurnalda hem geçen asyryň 50-nji ýyllaryndan çykyş edip başlaýar. Bu žurnal 1962-nji ýyldaky sanlarynda Han Hajyýewiň “Atçapar” powestini tutuşlygyna çap edipdir.

Han Hajýýew bu powestinde bolşewiklere garşy söweşen ak gwardiýaçylar hakynda örän gyzykly taryhy maglumatlary beripdir. Häzirki döwürde Han Hajyýewiň “Atçapar” powestiniň türkmen diline terjime edilýändigi hakyndaky hoş habary eşitdik.

Han Hajýýew Meksikada 43 ýyl ýaşap, 1966-njy ýylyň 20-nji maýynda 71 ýaşynyň içinde ýürek agyry keselinden ýogalýar. Ony Meksiko Siti şäheriniň fransuz gonamçylygynda jaýlapdyrlar.

Alysda at galdyran ýazyjy

“Westnik perwopohodnika” žurnaly 1966-njy ýyldaky birleşdirilip neşir edilen 59-60-njy sanynda “General Kornilowyň adýutanty, poruççik Razak bek Han Hajyýew” atly nekrolog çap edilip, Han Hajyýewiň ömür ýoly hakynda gysgaça, ýöne gyzykly maglumatlary beripdir.

Han Hajyýewiň maşgala durmuşy hakynda bir zat aýtmak kyn, emma onuň Anna Eleonora Guld atly agtygynyň häzirem Meksikada ýaşaýandygy hakynda maglumat bar. Umuman, Han Hajyýew Türkmenistandan alys ýurtda –Meksikada ýaşap, özüniň döredijiligi bilen bolşewikleriň aýylganç syýasatyny dünýä paş eden meşhur türkmen ýazyjylaryndan biridir.

Han Hajyýewiň romandyr powestleri, daşary ýurtda çap bolan makalalary bir ýere toplanyp, türkmen diline terjime edilip, okyjylara ýetirilse, bu türkmen edebiýatynyň baýlaşmagyna uly goşant bolardy.

Döwlet Mäneli türkmenistanly alymyň, ýerli synçynyň edebi lakamy.Bu blogdaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişi.