Biziň galaktikamyz Akmaýanyň Ýolunyň ýazgydynda nämäniň bardygy, oňa geljekde nämeleriň garaşýandygy indi belli. Ol goňşy galaktika Andromeda (Andromeda dumanlygy hem diýilýär) bilen çaknyşar.
Uly Ýarylyşdan (Big Bang) birnäçe milliard ýyl soň gaz dumanlyklarynda bilelikde dörän galaktika toparlary dartyş güýji sebäpli özara baglanyşkly bolup galýarlar. Akmaýanyň Ýoly bilen Andromeda galaktikasy-de şeýle. Şol sebäpden bu iki galaktikanyň sagatda 400,000 kilometr tizlik bilen biri-birine barha ýakynlaşýandygy köp wagtdan bäri bilinýärdi. Ýöne bular çalaja galtaşýarmy ýa uzak aralykdan biri-birinden sowa geçip gidýärmi ýa-da göni çaknyşýarmy – bilinmeýäni diňe şudy. Sebäbi Andromedanyň iki gapdala edýän gymyldylaryny ölçäp, onuň göni ugruny kesgitläp bolmaýardy.
Ýöne 31-nji maýda Birleşen Ştatlaryň Aeronawtika we kosmiki giňişligi derňemek boýunça milli gullugy NASA kosmos teleskopy "Hubble" arkaly bu işiň özüne başardandygyny habar berdi. Bu teleskopdan alnan maglumatlaryň esasynda döredilen kompýuter simulýasiýasynyň görkezmegine görä, ýene 4 milliard ýyldan Akmaýanyň Ýoly bilen Andromeda çaknyşar. Ondan 2 milliard ýyl soň hem bu iki spiral galaktika birigip, bir elliptik galaktika emele geler.
"Andromeda galaktikasy bilen öz galaktikamyz Akmaýanyň Ýolunyň ykbaly barada bir asyra golaý dowam eden pikir ýöretmelerden soň ahyrsoňy indi geljek milliardlarça ýyllarda nämeleriň boljakdygy baradaky düşünje aýdyňlaşdy " diýip, Baltimorda (Amerikanyň Merilend ştaty) Space Telescope Science Institutynyň işgäri Sangmo Tony Sohn aýtdy.
Simulýasiýa: "Hubble" teleskopy arkaly alnan maglumatlaryň esasynda döredilen kompýuter simulýasiýasynyň görkezmegine görä, ýene 4 milliard ýyldan Akmaýanyň Ýoly bilen Andromeda çaknyşar.
Bu çaknyşmada Gün ulgamyna, şol sanda biziň planetamyz Ýere-de boljak zat ýok. Gün ulgamy bu garma-gürmelikde bir çete taşlansa-da, dargap gitmez. Ýöne onuň täze formirlenen galaktikada eýeleýän ornunyň galaktikanyň merkezinden häzirkisinden has uzakda bolmak ähtimaly gaty ýokary.
Galaktikalar çaknyşanda ýyldyzlar köplenç, iki sany maşyn ýaly, göni çakyşmaýarlar. Munuň sebäbi hem olaryň aralarynyň aşa uzak bolmagy. Mysal üçin, Güne iň ýakyn ýyldyz Proksima Sentawra ondan 4,2 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. Bir ýagtylyk ýyly 9,46 milliard kilometre barabar.
Astronomlaryň aýtmagyna görä, Älemiň irki döwürlerinde galaktiklar biri-birine gaty ýakyn bolansoň, bular ýaly çakyşmalar häzirkisinden 10, belki-de 100 esse köp bolupdyr. Ýöne ondan bäri Älemiň giňemegi bilen galaktikalaryň arasy barha açylýar. Olar biri-birinden gitdigiçe daşlaşýarlar. Muňa garamazdan, bu täsin hadysanyň bizden ýüzlerçe million ýagtylyk ýyly uzaklarda bolýan mahallary ýok däl.
Andromeda galaktikasynyň Ýerden aralygy 2,5 million ýagtylyk ýyly. Açyk howada bulutsyz, aýsyz gijelerde teleskopsyz ýönekeý göz bilen görüp bolýan bu asman jisimini ilkinji bolup ýazga alan 10-njy asyrda ýaşap geçen eýranly ýyldyzşynas Abdulrahman al-Sufi bolupdyr. Ol ony "kiçi bulut" diýip atlandyrypdyr.
Näme diýip atlandyrylsa-da, bu goňşy galaktika o diýen kiçi däl. Ol hiç bolmanda biziň galaktikamyzdan uly. Onuň görünýän diskiniň diametri takmynan 140,000 ýagtylyk ýyly. Akmaýanyň Ýolunyň diametri bolsa 100,000 ýagtylyk ýyly diýip çaklanýar. Andromedadaky ýyldyzlaryň sany hem 1000 milliard bardyr diýilýär. Biziň galaktikamyzyň ýyldyzlary bolsa 100 bilen 500 millardyň aralygynda.
Bu iki galaktikanyň birigenini görmek biziň planetamyzyň ýaşaýjylarynyň ýazgydynda ýoga meňzeýär. Alymlaryň hasaplamagyna görä, ýene 5 milliard ýyldan termoýadro reaksiýasynda wodorody tükenip, Gün uly gyzyl ýyldyza öwrüler. Onuň golaýynda ýerleşýän planetalar – Merkuriý, Wenera, Ýer we belki-de Mars hem howra çydaman, gara köýük bolup gowrularlar.
Araz Perwiş Germaniýada ýaşaýan türkmen žurnalisti, syýasy ylymlaryň doktory, Gamburg şäheriniň Daşary diller institutynyň mugallymy.
ÇEŞMELER
1. http://hubblesite.org/newscenter/archive/releases/2012/20/full/
2. http://www.spiegel.de/wissenschaft/weltall/milchstrasse-wird-laut-hubble-mit-andromeda-galaxie-kollidieren-a-836399.html
3. http://www.bild-der-wissenschaft.de/bdw/bdwlive/heftarchiv/index2.php?object_id=31316844
4. http://www.astronews.com/news/artikel/2012/06/1206-001.shtml