Çagalar hakynda alada

Şu ýyl Nyýazow döwründe doly ýatyrylan oba we şaher mekdep lagerleriniňem, gysga wagtlyk bolsa-da, işläp başlajakdy aýdylýar.

Şu ýyl halkara çagalar gününde käbir edara-kärhanalarda işleýän adamlaryň çagalarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Mysal üçin, Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň tabynlygyndaky ylmy-barlag institutlarda işleýän ene-atalaryň çagalary surat çekmekde, goşgyny labyzly okamakda, çalt ýat tutmakda bäsleşdiler. Birinji, ikinji, üçünji orna mynasyp bolan çagalary sylagladylar. Her bir çaganyň ady tutulyp, sowgat gowşuryldy.

Türkmenistan Milli golýazmalar instutynda işeýän adamlaryň şu ýyl birinji synpa gidýän okuwçy çagalaryna bazar bahasy 40 manat bolan okuwçy sumkasy sowgat berlipdir.

Şu ýyl Nyýazow döwründe doly ýatyrylan oba we şaher mekdep lagerleriniňem, gysga wagtlyk bolsa-da, işläp başlajakdy aýdylýar. Akbugdaý etrabyndan Gözel mugallymyň aýtmagyna görä, şu hepdeden başlap, mekdep lagerleri açylyp, çagalar günortana çenli lagerde bolmaly. Çagalary bir wagtyna naharlamak göz öňünde tutulyp, olaryň döredijilikli dynç almaklary üçin gowy şert döredilipdir.

Emma mekdep lagerinde işlemeli mugallymlar lagere çaga toplamagyň kyndygyny gürrüň berdiler. Munuň sebäbi, kanikul döwründe ene-atalar çagalaryny iň bärkisi öý işlerinde peýdalanansoňlar, lagere goýbermek islemeýän ekenler. Kanikul döwründe lagere gatnamak üçin çagama okuw eşigini geýdirip, ony köneltdirip biljek däl, ýa bolmasa lagere gidip gelmek üçin çagama günde kyrk teňňäm ýok diýip, çagalaryny goýbermeýän ene-atalaram az däl eken.

Türkmenistandaky uly işsizlik çagalaryň ýagdaýyny has-da agyrlaşdyrýar. Şol sebäpli köp çagalar kanikuly gazanç döwri hökmünde peýdalanýarlar. Bu günki gün on ýaşdan ýokardaky çaganyň okuw esbaplaryny gazanmak üçin meýdanda zähmet çekýänini, bazarda galtak bilen ýük daşap ýörenini görmek bolýar. Hatda 7-8 ýaşly oglan-gyzjagazlaryň “Paket alaý-da daýy” diýip gygyryp aýlanyp ýörmegine hem köpler öwrenişdi.

Şol sebäpden, ene-atalaryň köpüsi özara söhbetdeşlikde çaga berilýän puluň on iki ýaşa çenli tölenmegini, onuň möçberiniň iň bolmanda iki esse köpeldilmegini, çaga dogurýan enelere bolsa kepillendirilen mugt medisina kömeginiň berilmegini arzuw edýärler.

Döwlet Mäneli türkmenistanly alymyň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Blogdaky maglumatlar awtoryň özüne degişli.