Kudriniň oýny: ortadaky adam

Orsýetiň öňki maliýe ministri Alekseý Kudrin

Alekseý Kudrin ýene öz diýenine tutýar.

3-nji aprelde Moskwanyň Ykdysadyýet boýunça ýokary okuw jaýynda çykyş eden öňki maliýe ministri Kudrin Orsýetiň harby we howpsuzlyk çykdajylaryny azaltmagyň, senagat pudagynyň subsidiýasynyň kemeldilmeginiň we ýol gurluşygyna, bilime we saglyk pudagyna goýberilýän puluň artdyrylmagynyň zerurdygyny nygtady.

Kudriniň aýtmagyna görä, hökümet öz çykdajylaryny maliýeleşdirmek üçin nebitiň ýokary bahasyna hemişe bil baglap bilmez.

“Belli bir derejede reforma geçirilmeli, özem bu iş häzirden başlamaly. Sebäbi býujetiň taýýarlanmagy iýun aýynyň başynda tamamlanýar” diýip, Kudrin aýtdy.

Kudrinden şuňa meňzeş belliklere geljekki aýlaryň dowamynda hem garaşyp bolar.

Kudrin prezident Dmitriý Medwedew bilen oňuşman, geçen ýylyň sentýabr aýynda wezipesinden çekilipdi. Indi köpleri oýlandyrýan zat – Putin Kremle dolanandan soň Kudrine nähili işiň beriljegi.

Onuň haýsy wezipede oturmak isleýändigi azda-kände belli.

Kudrin özüniň wezipeden çekilmegine Medwedewiň geljek üç ýylyň dowamynda harby pudaga goýberilýän puluň möçberini 65 milliard dollara çenli artdyrmak baradaky planynyň sebäp bolandygyny aýdypdy. Kudriniň Orsýetiň býujeti barada edýän duýduryşlaryndan çen tutsaň, onda onuň bu meselede çynlakaýdygyny görmek bolýar.

Emma bu ýerde has möhüm mesele bar. Aýdylyşyna görä, Kudrin Putiniň premýer-ministri bolmaga ymtylýan eken, ýöne Medwedew öňe düşüp başlansoň onuň gahary gelipdir.

Syýasy analitik Mihail Rostowskiniň “Moskowskiý komsomolets” gazetinde geçen gepde ýazan makalasynda aýtmagyna görä, Kudriniň wezipesinden çekilmegi Putine ýakmandyr. “Sen nädip meniň ýüzümi gyzardyp bildiň?” diýip, Putiniň geňirgenendigi aýdylýar.

Putin köpçüligiň öňünde çykyş edip, Kudriniň ukybyna ýokary baha berýändigini aýtdy. Rostowskiniň maglumatyna görä, Putin oňa Merkezi bankyň başlyklygyny hödürläpdir.

Kudrin bu teklipden ýüz öwrüpdir. Emma şonda-da Putin özüniň ykdysady we maliýe toparynyň agzalaryna “Kudriniň aýdanyndan çykmazlygy” tabşyrypdyr.

Görnüşe görä, Putin Kudrine uly hormat goýýar. Olar 1990-njy ýyllarda Sankt-Peterburgyň şäher häkimliginde bile işläpdiler. Şeýle hem heçen onýyllykda Orsýetde makroykdysady durnuklylygyň ýol almagyna, diňe bir nebitiň bahasynyň galmagynyň däl, Kudriniň dolandyryş ukybynyň hem sebäp bolandygyna Putiniň akly çatman duranok.

Kudriniň Putin bilen arasynyň saz bolmagy oňa goşmaça mümkinçilik, şeýle hem birneme erkinlik berýär. Ýogsam ol nädip Putiniň göwnüni ýykyp, wezipesinden çekilip bilsin, Merkezi bankdan ýüz öwrüp bilsin ýa nädip oppozisiýanyň ýörişine gatnaşyp, syýasy reformalaryň tarapyny tutup çykyş etmäge het edip bilsin?

Kudrin özüniň abraýyndan nähili peýdalanar?

Bir çaklama görä, Medwedew halk tarapyndan halanmaýan sosial reformalary geçirer, halkyň gaharyny getirer, abraýy gaçar, şeýdip hem wezipesinden gider. Soňra Kudrin premýer-ministr wezipesine girişip, ykdysady we syýasy reformalary geçirer.

Başga bir çaklama görä, Putin aýry-aýry güýçleri, ýagny Medwedew bilen Kudrini biri-birine garşy goýup, şeýdip hem esasy araçy bolup, özüniň hemişeki oýnuny oýnar. Emma Kudrin bu oýundan çalt bizar bolar.

Kudrin ors syýasatynyň ortarasynda duran adam. Onuň Putin bilen arasy gowy, emma elitanyň reformaçy ganaty bilen birmeňzeş syýasy pozisiýada durýar. Ol Putiniň sistemasynda hem möhüm orunlary eýeledi, ýakynda bolsa oppozisiýa bilen häkimiýetleriň arasynda aralaşdyryjy rol oýnap, bir zadyň başlangyjyny ýaňzytdy. Ol milliarder tüçjar Mihail Prohorow bilen birleşmek baradaky ideýany hem halaman duranok.

Orsýetde geljekde nämeleriň bolup geçjegine göz ýetirmek üçin, Kudriniň hereketleri synlanyňa degýär.