Kanunçylygyň işleýşi barada “Maplecroft” guramasynyň ýaýradan hasabatynda Türkmenistan iň ýaramazlaryň bäşligine girdi.
Düýbi Britaniýada ýerleşýän “Maplecroft” barlaglar guramasy kanunçylygyň işleýiş we töwekgelçiligiň derejesi baradaky hasabatynda iň ýaramaz ýurtlaryň onlugyna Birmany, Demirgazyk Koreýany, Somaliýany, Günorta Sudany, Türkmenistany, Kubany, Kambojiýany, Owganystany, Siriýany we Liwiýany girizipdir.
Kanunçylygy iň gowy işleýän we töwekgelçiligi pes bolan ýurtlaryň onlugyna bolsa San-Marino, Malta, Andorra, Lýuksemburg, Monako, Täze Zelandiýa, Awstriýa, Germaniýa, Norwegiýa we Awstraliýa ýaly ýurtlar girizilipdir.
Türkmenistana berlen anyk orun barada aýdylanda bolsa, ol bu hasabatda dünýäniň 197 ýurdunyň arasynda iň ýaramazlaryň bäşinjisi hasaplanylýar.
Kanunçylygyň işleýşine we töwekgelçiligiň derejesine baha berlende esasan nämeleriň göz öňünde tutulýandygy barada beren soragymyza “Maplecroft” barlaglar guramasynyň direktorynyň orunbasary, Merkezi Aziýa regiony boýunça bilermen Mandi Körbi şeýle ýogap berdi:
—Biziň indeksimiz kanunçylyga hormat goýulyşyna üns berýär. Bu meselede bolsa, biz ýurtdaky guramalaryň näderejede erkin iş alyp barýandyklaryna, kanunçylygyň näderejede berk işleýşine, sud sistemasynyň näderejede garaşsyzdygy we onuň adalatsyzlyga garşy durmakdaky roly, galyberse-de, raýatlaryň öz häkimiýetlerini saýlamak hukuklary ýaly meselelere üns berýäris.
Mandi Körbiniň aýtmagyna görä, şu sanalyp geçilen esasy meseleler boýunça ýaramaz görkezijileri görkezýän ýurtlar, öz gezeginde, biznesler üçin-de howply ýurtlara öwrülýärler:
—Kanunçylyga hormat goýmaýan ýurtlar biznesler üçinem howply ýurtlar bolup durýarlar. Sebäbi, munuň özi ýurtda garaşsyz suduň ýokdugyny we awtoritar dolandyryş tendensiýasynyň bardygyny aňladýar. Ol bolsa, öz gezeginde, baglaşylan kontraktlara hormat goýulmajakdygyny we beýleki biznes töwekgelçilikleriniň hem-de ýitgileriň boljakdygyny aňladýar.
Köpüsi energiýa resurslaryna baý
Kanunçylyga hormat goýmaýan ýurtlar biznesler üçinem howply ýurtlar bolup durýarlar. Sebäbi, munuň özi ýurtda garaşsyz suduň ýokdugyny we awtoritar dolandyryş tendensiýasynyň bardygyny aňladýar.Mandi Körbi
“Maplecroft” guramasynyň hasabatynda biznes we inwestisiýalar üçin iň bir töwekgelçilikli diýlip hasaplanylýan ýurtlaryň köpüsi energiýa resurslaryna baý we daşary ýurt maýa goýujylarynyň ünsüni özüne çekýän ýurtlar. Ýöne “Maplecroft” guramasynyň ekspertleri bu gürrüňi edilýän ýurtlarda ykdysady potensialyň uludygyna garamazdan, olarda kanunçylygyň işleýşiniň ýaramazdygy we biznes üçin töwekgelçilikleriň ýokarydygy sebäpli, bu ýurtlar bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň biznes işleriniň, köplenç, kynçylykly bolýandygyny belleýärler.
“Maplecroft” barlaglar guramasynyň direktorynyň orunbasary Mandi Körbi Türkmenistan ýaly daşarky dünýäden izolirlenen käbir ýurtlar barada hasabat taýýarlananda, bu ýurtlardan maglumat almak meselesiniň-de uly kynçylyklar bilen baglanyşyklydygyny aýtdy:
—Biz Turkmenistan ýaly käbir ýurtlardan maglumat almakda belli bir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Sebäbi, mysal üçin, Türkmenistanda daşary ýurt guramalarynyň sany örän az, hökümete degişli bolmadyk ýerli guramalaryň sany-da beýleki ýurtlardakydan has az. Şoňa görä-de, biz öz öwrenýän dürli meselelerimizde özümiziň toplaýan maglumatlarymyzdan daşary, käbir abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda ‘Amnesty International’ we ‘Human Rights Watch’ ýaly guramalaryň-da hasabatlaryny göz öňünde tutýarys.
Mandi Körbi soňky wagtlar Türkmenistanyň häkimiýetleriniň Ýewropa Bileleşigi bilen öz ykdysady we söwda hyzmatdaşlyklaryny gowulandyrmaga çalyşýandyklaryny belläp, bu ugurdaky gepleşikleriň we dialoglaryň Türkmenistandaky biznes üçin şertleriň gowulanmagyna ýardam etmegi mümkin diýip umyt edýändigini aýtdy.
Düýbi Britaniýada ýerleşýän “Maplecroft” guramasy dünýäniň dürli regionlaryndaky howplar we töwekgelçilikler bilen bagly dürli meseleler barada hasabat ýaýradýar. Guramanyň kanunçylygyň işleýiş meselesi baradaky hasabaty ýylda bir gezek çap edilýär.