Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň ykdysady azatlygy boýunça düzülýän sanawda iki basgançak ýokary galdy, ýagny 171-nji orundan 169-njy orna geçdi. Emma ol entek ýapyk ykdysadyýetli ýurtlaryň arasynda bolmagynda galýar. Bu hakda ABŞ-nyň "Miras" fondy bilen "The Wall Street Journal" neşiriniň bilelikde çap eden "Ykdysady azatlygyň indeksi 2011" atly täze hasabatynda aýdylýar.
Hasabatda dünýäniň 179 ýurduna syn edilip, söwdanyň, maýa goýumlarynyň, hususy eýeçiligiň, zähmet bazarynyň we korrupsiýanyň ýagdaýyna 10 derejeli ölçeg esasynda baha berilýär. Bu ugurdan Türkmenistana 169-njy orun we 43,6 bal berlipdir. Munuň özi şu gezekki hasabatda Türkmenistana öňküden 1,1 ball ýokary baha berildi diýmekdir. Hasabatda bellenişine görä, Türkmenistanyň görkezijileriniň gowulanmagy ýurduň walýuta we salgyt ugurlaryna berlen bahalaryň gowulanmagy bilen bagly.
Hasabatda syn berilýän ýurtlaryň ykdysadyýetleri azat, aglaba azat, belli bir derejede azat, aglaba azat däl, repressiw we baha berilmedik diýen toparlara bölünýär. Şolaryň arasynda ykdysady azatlygyna 43,6 ball berlen Türkmenistan repressiw diýlip kesgitlenen topara girýär. Şeýle-de hasabatda Türkmenistanyň görkezijileri region we umuman dünýä derejesinde ortaça görkezijilerden hem örän pesde.
Türkmenistanyň ykdysady pudaklaryna edilýän berk döwlet gözegçiligi hususy pudagyň ösüşine ýaramaz täsir edýär. Şeýle-de ýurduň maliýe sisitemasynyň belli bir topar tarapyndan dolandyrylýandygy we bu dolandyryş sistemasynyň örän çylşyrymlydygy, açyk-aýdyňlygyň ýokdugy, korrupsiýanyň ösýändigi, zähmet düzgünleriniň üýtgemeýändigi aýdylýar we munuň hususy sektoryň işini çäklendirýändigi bellenýär.
Hasabatda göz öňünde tutulan kriteriler boýunça Türkmenistanda emläk hukugy, zähmet erkinligi, maliýe edaralarynyň azatlygy, söwda erkinligi, biznes azatlyklary, korrupsiýadan saplanmak boýunça özgerişlik bolmandyr.
Käbir ekspertleriň pikirine görä, Günbatarda we Birleşen Ştatlarda çap edilýän beýle hasabatlar diňe ykdysady maksatlary göz öňünde tutman, eýse syýasy, strategik ugurlary-da nazara alýar. Şeýle pikirdäki ekspertleriň biri hem Orsýetiň Strategik ösüşler merkeziniň prezdentiniň orunbasary Trafimçuk Grigori:
—Hasabatda döwletleriň ornunyň ýokary ýa-da aşak düşürilmegini bu ýurtlaryň häkimiýetlerine we paýtagtyna ýörite duýduryş hökmünde kabul etmeli. Soňky hasabatda Türkmenistanyň 171-nji orundan 169-njy orna geçirilmegi täsin görkeziji. Meniň pikirimçe, munuň ýurtdaky bir topar problema, ilkinji nobatda hem ykdysady we syýasy problemalar bilen bagly bolmagy mümkin. Bilşimiz ýaly, häzir birtopar ýurtlarda, şol sanda postsowet ýurtlarynda-da türkmen tebigy gazyny Ýewropa akdyrmak meselesine garalýar. Meniňçe, bu Türkmenistana şu meselä has işjeň gyzyklanma bildirmegi üçin edilýän yşarat bolmagy mümkin. Onsoň iki ball ýokary galmagy Türkmenistan üçin belli bir derejedäki höweslendirme bolup biler.
Hasabatda Türkmenistanyň salgyt ugrundaky azatlyk görkezijisiniň 3,4 ball ýokarlanandygy aýdylýar. Geçen ýyl Türkmenistanyň salgytlardan gelen girdejileri umumy içerki önümçiligiň 21,8%-ne deň bolupdyr. Pul azatlygy kategoriýasyndan hem Türkmenistanyň görkezijileri geçen ýylkysyndan 6,8 ball ýokarlanypdyr.
Emma Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Hudaýberdi Orazow hasabatda aýdylýan ösüş sanlaryna ynanmaýar:
—Daşary ýurt guramalaryna ýurtdaky üýtgeşiklikleriň görünýän bolmagy mümkin. Emma, meniň bilşimçe, ýurtda göze iler ýaly üýtgeşiklik ýok. Ýurtda ýaşap, işläp ýören adamlar üçin ýagdaý agyrlaşsa agyrlaşdy welin, ýeňilleşmedi. Halkara institutlaryň özleriniň hasap ýöredişi bar. Eger-de iki ýurduň arasynda hasabat ýöredilýän bolsa, Türkmenistan ikinji orunda diýmek hem bolýar.
Emma resmi Aşgabat ýurtdaky ykdysady ösüş boýunça ýokary sanlary ýaýratmagy dowam etdirýär. "Miras" fondunyň we "The Wall Street Journal" neşiriniň bilelikde taýýarlan hasabatynyň dünýäniň 179 ýurdundan ybarat sanawynda Türkmenistan 169-njy orny eýeleýär. 2010-njy ýyldaky hasabatda Türkmenistan bu sanawda 171-nji, 2009-njy ýylda bolsa 169-njy orunda ýerleşdirilipdi.