Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirme


Täjirçilik merkezi, Aşgabat
Täjirçilik merkezi, Aşgabat
Türkmenistanda telekeçiligi we kiçi biznesi goldamak boýunça kanunlar kabul edildi. Mejlis 21-nji maýda geçiren nobatdaky maslahatynda “Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirme hakynda” we “Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler bileleşigi hakynda” kanunlary kabul etdi. Bu kanunlaryň kabul edilmegi ýurduň maliýe-ykdysady ýagdaýyna nähili täsir ýetirip biler?

Türkmenistanyň Mejlisi “Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirme hakyndaky” kanuny kabul etmek bilen, maliýe serişdelerini çekmek, döwrebap senagat we telekeçilik infrastrukturany döretmek we ykdysadyýetiň hususy sektorynyň bäsdeşlige ukybyny ösdürmek ýaly maksatlary göz öňünde tutýar. Bu barada resmi maglumatlarda aýdylýar. Bu çäräniň bazar ykdysadyýetine geçiş şertlerinde amala aşyrylýanlygy hem bellenilýär.

Türkmenistan öz ykdysadyýetiniň bazar şertlerine esaslanýanlygyny we bu ugurdan öňe tarap ynamly barýanlygyny yglan edýär. Bilermenler bolsa Türkmenistanyň döwletiň doly gözegçiligindäki ykdysadyýetli ýurtdugyny we bu ýurtda hususy sektoryň ösüşine ýeterlik derejede mümkinçilik döredilmeýänligini öňe sürýärler.

Muňa garamazdan, bazar ykdysadyýetine mahsus käbir mehanizmleriň döwlet gözegçiligindäki ykdysady sistemaly ýurtlarda-da netijeli ornaşyp bilýänligini we mikromaliýeleşdirmäniň şeýle usullaryň biridigini hem bilermenler aýdýarlar.

Mikromaliýeleşdirme näme?

Orsýetiň “RosBusinessConsulting” maliýe-ykdysady agentliginiň analitika departamentiniň müdiri Aleksandr Ýakowlewiň sözlerine görä, döwlet gözegçiligindäki ykdysadyýetli ýurtda mikromaliýeleşdirme usulynyň netijeliligini Hytaýyň mysalynda görmek mümkin. Bilermen bu usulyň Aziýanyň ösýän döwletlerinde giňden ulanylýanlygyny belledi.

“Mikromaliýeleşdirme maliýe guramalarynyň arasynda kredit bilen bagly amala aşyrylýan gatnaşyklaryň bir görnüşidir. Şeýle gatnaşyklary alyp barýan mikromaliýe guramalary bolsa kiçi biznese, hususy telekeçilere kredit berýärler. Olar, meselem, banklardan kredit almakda kynçylyk çekýän ýa-da az möçberde karz pul almak isleýän şirketlere we telekeçilere ýardam bermek bilen meşgullanýarlar. Bu usul Aziýanyň ösýän döwletlerinde giňden ulanylýar we ilkinji nobatda oba hojalygy, söwda hem transport ýaly ugurlarda netijeli bolýar” diýip, A.Ýakowlew Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ýakowlewiň sözlerine görä, iri maliýe guramalaryndan we banklardan tapawutlylykda mikromaliýe guramalary kiçi biznes bilen gönümel işleşýärler we olar kiçi biznesi we hususy telekeçiligi goldaýarlar. Şu sebäpli bu ykdysady usul dünýäde Birleşen Milletler Guramasy we iri maliýe guramalary tarapyndan goldanylýar.

Netijeliligi nämä bagly?

Emma, Ýakowlewiň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň hususy sektorynyň ösdürilmegi üçin kabul edilen täze kanundaky şertleriň kesgitli bolmagy we olaryň doly ýerine ýetirilmegi zerur: “Fondlary döretmeli. Ýa bolmasa, kredit berýän edaralary, banklary höweslendirip, olaryň ýörite bölümleri açmagyny gazanmaly. Hökümet hususy mikromaliýe guramalaryň döremegini islemese, şeýle kredit beriji organ hökmünde özi çykyş etmeli”.

“Mikromaliýeleşdirme usulynyň görnüşi döwletiň ykdysady gurluşyna bagly bolýar. Usulyň netijeliligi bolsa hökümetiň kanuny akylly-başly düzmäge we ony ýerine ýetirmäge taýýarlygyna bagly bolar” diýip, Ýakowlew aýdýar.

Resmi maglumatlara görä, ýurduň hususy sektoryny goldamak üçin Türkmenistanyň Mejlisi “Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirme hakyndaky” kanun bilen bilelikde “Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler bileleşigi hakyndaky” kanuny hem kabul etdi.
XS
SM
MD
LG