Jennifer Lopez Eýranyň ýadro programmasy boýunça krizisiň köpden bäri garaşylýan çözgüdimi?
Ol Eýranda gitdigiçe ýaramazlaşýan adam hukuklarynyň ýagdaýyny hem gowulandyryp bilermi?
Aýdym-sazyň güýjüni gözden salyp bolmaz, emma ABŞ-da ýerleşýän hukuk goraýjy guramanyň başgarak bir ideýasy bar.
“Ýadroly Eýrana garşy birleşik” (UANI) atly gurama Eýranyň “ýadro ýaraglaryna eýe bolmak maksatlarynyň öňüni almak üçin” iş alyp barýandygyny aýdýar.
Bu gurama Jennifer Lopeze ýüzlenip, eger awtoulag öndüriji “Fiat” kompaniýasy Eýran bilen biznes hyzmatdaşlygyny togtatmakdan ýüz öwürse, onda kompaniýa bilen işleşmegi bes etmegini sorady.
UANI guramasynyň aýtmagyna görä, “Fiat” kompaniýasynyň golçur firmasy “Iveco” Eýranda ulag söwdasyny edýär. Topar bu ulaglaryň ballistik raketalary daşamak we tussaglary dardan asmak üçin ulanylýandygyny öňe sürýär.
Şeýle hem, UANI guramasy “Fiat” kompaniýasynyň Eýranda “Maserati” lýuks awtoulagynyň wekilhanasyny açmagy göz öňünde tutýandygyny hem belleýär.
Bu topar “Fiat” kompaniýasyna garşy çärelerine geçen ýyl başlady we kompaniýa Eýrandaky biznesini bes etmäge çagyryş etdi.
Görnüşe görä, “Fiat” kompaniýasy bu topary diňlemeýär, emma gurama oňa täsir etmek üçin indi pop ýyldyzynyň gapysyny kakýar.
Jennifer Lopeze iberen hatynda, UANI guramasynyň prezidenti “Fiat” kompaniýasynyň mahabatlandyryjy ýüzi bolan Lopezden awtoulag öndürijiniň Eýran babatdaky “jogapkärçiliksiz” syýasatyny üýtgetmek üçin öz ornundan peýdalanmagy ýa-da bu kompaniýa bilen gatnaşygy kesmegi soraýar.
Aýdymçy bu hata entek açyk jogap bermedi.