26-njy iýulda Aşgabatda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda nobatdaky gepleşikler geçirildi. Bu duşuşykda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ÝB-niň Merkezi Aziýa we Gürjüstan boýunça ýörite wekili Pýer Morel taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga öz garaýyşlaryny mälim etdiler.
Duşuşygyň dowamynda Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen dialogy çuňlaşdyrmaga çuňňur gyzyklanma bildirýändigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, ÝB bilen doly derejeli hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýar. Ol muny “strategik maksat” hökmünde häsiýetlendirdi.
Gepleşiklerde energiýa meselesine aýratyn üns berildi. Resmi Aşgabadyň berýän maglumatyna görä, taraplar energiýa hyzmatdaşlygyna bolan gyzyklanmanyň Ýewropa döwletleriniň energiýa göterijilerine bolan talabynyň ýokarlanmagyna we Türkmenistanyň öz energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmak boýunça pozisiýasyna baglydygyny bellediler.
Ýakynda Ýewropa Komissiýasy Türkmenistandyr Azerbaýjan bilen gaz boýunça gepleşikleri geçirmek ygtyýarlyklaryna eýe boldy. Häzir Ýewropa Bileleşigine prezidentlik edýän Polşa bu karary 20-nji iýulda yglan etdi we munuň Hazaryň ägirt uly gaz baýlyklarynyň Ýewropa akdyrylmagy ugrunda ýene bir ädim bolanlygyny belledi.
Habar berlişine görä, ÝB-niň ministrleri Türkmenistan we Azerbaýjan bilen gaz gepleşikleri boýunça gutarnykly karara şu ýylyň sentýabr aýynda gelmekçi.
Energiýa serişdelerine baý Merkezi Aziýa regiony we şol sanda Türkmenistan bilen energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek ÝB-niň daşary syýastynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir.
Şol bir wagtda-da demokratik gymmatlyklara daýanýan ÝB Türkmenistanyň adam hukuklaryny berjaý etmeginiň zerurlygyny hem nygtaýar. Emma bu temanyň Aşgabatdaky soňky gepleşiklerde gozgalyp-gozgalmanlygy köpçülige nämälim bolup galýar.
Adam hukuklary
Emma hut adam hukuklary temasy ÝB-niň Türkmenistan bilen baglaşmakçy bolýan partnýorlyk we hyzmatdaşlyk boýunça şertnamasynyň yza tesdirilmegine sebäp bolupdy. Ýewropa Parlamentiniň bu dokument boýunça ses berişlikleri Türkmenistanyň adam hukuklaryny äsgermezligi sebäpli birnäçe gezek yza tesdirilipdi.
Ýurtdaky adam hukuklary bilen bagly ýagdaýy öwrenmek üçin şu ýylyň aprel aýynda Ýewroparlamentiniň ýörite delegasiýasy Türkmenistana barypdy. Emma delegasiýanyň ol ýerdäki ýagdaýlardan göwni suw içmändi.
Delegasiýa ýolbaşçy bolup Aşgabada baran Ýewroparlamentiň Adam hukuklary boýunça komitetiniň ýolbaşçysy Heýdi Hautala şol saparyndan çykaran netijeleri barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berip, Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna gynandyrjy diýip, baha beripdi.
Ýewropa Parlamentiniň resmi wekili Türkmenistan adam hukuklary boýunça halkara borçlaryny ýerine ýetirmese, ÝB bu ýurt bilen hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekmeli däl diýen pozisiýada. Ol ÝB-niň Türkmenistana adam hukuklary boýunça basyş etmeginiň wagty geldi diýip, hasap edýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen ÝB özara hyzmatdaşlygy ösdürmek niýetini yglan edip geldiler. 2008-nji ýylyň 26-njy maýynda taraplaryň arasynda Energiýa pudagynda birek-birege düşünişmek we hyzmatdaşlyk boýunça Memoranduma gol çekildi. 2009-njy ýylyň 22-nji aprelinde Ýewropa Parlamenti ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky wagtlaýyn söwda ylalaşygyny makullady.
Emma Türkmenstan bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar häzirlikçe esasan dürli derejelerdäki delegasiýalaryň saparlary, şeýle-de biznes, ylmy we medeni çäreler bilen çäklenýär.