Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hautala: “Türkmenistandan käbir oňaýly özgerişleriň bolandygyny eşitmek biz üçin juda wajyp"


Ýewropa Parlamentiniň Adam hukuklary boýunça komissiýasynyň ýolbaşçysy Heýdi Hautala
Ýewropa Parlamentiniň Adam hukuklary boýunça komissiýasynyň ýolbaşçysy Heýdi Hautala
Geçen hepde Ýewropa Parlamentiniň deputatlaryndan ybarat ýörite delegasiýa Türkmenistanyň adam hukuklary babatynda boýun alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilişine baha bermek maksady bilen Aşgabada bardy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Brýusseldäki habarçysy Rikard Jozwiak delegasiýanyň agzasy bolup Aşgabada baran, Ýewropa Parlamentiniň Adam hukuklary boýunça komissiýasynyň ýolbaşçysy Heýdi Hautala bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanda adam hukuklarynyň berjaý edilşiniň ýagdaýyna nähili garaýaňyz ?

Heýdi Hautala: Bu gynandyryjy ýagdaý. Käbir adamlaryň pikiriçe, dolandyryjy gatlagyň düzümindäkiler Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiliginiň aktiw agzasy bolmagy üçin käbir zatlaryň özgerdilmeginiň gerekdigine düşünýärler.

Meniň pikirimçe, häzir Türkmenistana BMG-niň adam hukuklary boýunça ýörite gözegçilerini çagyrmak boýunça Ýewropa Bileleşiginiň türkmen hökümetine berk basyş etmeginiň wagty geldi.

Biz BMG-niň gynamalar boýunça ýörite gözegçilerine ýurduň türmelerine barmaga rugsat edilmegi we başga-da käbir ugurlar boýunça gürrüň etdik. Öňümizdäki birnäçe hepdäniň dowamynda, Türkmenistandan käbir oňaýly özgerişleriň bolandygyny eşitmek biz üçin juda wajyp. Bu ugurda olaryň açyk bolmagyň näderejede möhümdigine düşünmegi zerur.

Men ol ýerde özümi haýrana galdyran juda bir geň ahwala gabat geldim. Men Nyýazowyň mukaddes kitaby diýilýän “Ruhnamasy” eýýäm aradan aýrylandyr diýip pikir edýärdim. Ýöne Aşgabatdaky resmi rus mekdebine baranymyzda, ol ýerde “Ruhnamany” öwretmek üçin aýratyn otagyň bardygyny görenimde, bu ýagdaý meni geňirgendirdi.

Azatlyk Radiosy: Ýaňy siz golaý wagtda Türkmenistandan käbir oňaýly habarlara garaşýandygyňyzy aýtdyňyz. Türkmenistandan nähili oňaýly habarlara garaşýarsyňyz ?

Heýdi Hautala: Eger-de türkmen hökümeti gysga wagtyň içinde BMG-niň gynamalar boýunça gözegçilerini ýurda çagyryp, olaryň erkin seljermeleri geçirmegine şert döretse, meniň üçin bu juda gowy habar bolardy.

Azatlyk Radiosy: Siz maý aýynyň aýagynda Ýewroparlamentiň Daşary işler boýunça komitetiniň Türkmenistan bilen Ýaranlyk we Hyzmatdaşlyk ylalaşygy boýunça geçirjek ses berişligine nähili teklipleri berersiňiz ?

Heýdi Hautala: Ses berişlige çenli türkmen hökümeti adam hukuklary boýunça hiç hili oňaýly borçnamalary boýun almasa, onda meniň teklibim – Ýaranlyk we Hyzmatdaşlyk ylalaşygyna “ýok” diýmek bolar. Munuň ornuna biz Türkmenistanda bolup geçýän wakalara gözegçilik etmek üçin, özümiziň ol ýerdäki gatnaşygymyzy artdyrmalydyrys. Şeýle-de Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda tagallalarymyzy güýçlendirmelidiris. Bulary amala aşyrmak üçin, hiç hili Ýaranlyk we Hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň zerurlygy ýok.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Ýewroparlamentiň Daşary işler boýunça komiteti bu ugurda nähili ses berer ?

Heýdi Hautala: Men bu barada öňünden hiç zat aýdyp biljek däl. Ýöne meniň öz wezipäm, borjum bar, ol hem adam hukuklary meselesine çynlakaý çemeleşmek.

Men bu delegasiýanyň düzüminde Türkmenistana sapar edendigime örän şat. Delegasiýanyň ähli agzalary bu meseläniň türkmen hökümetiniň öňünde goýulmalydygyny biragyzdan goldadylar. Munda oňaýsyz ýagdaýlar hem ýüze çykdy. Tussaglykda saklanýan hukuk goraýjy aktiwistler barada biziň beren takyk soraglarymyzdan Türkmenistanyň daşary işler ministriniň onçakly bir göwni hoş bolmady. Şeýle-de biz onuň Ýewropa Bileleşiginde çakdanaşa azat kanunlar bar diýip gaharlanan mahaly bilen-de ýüzbe-ýüz bolduk.

Meniň pikirimçe, Türkmenistanda adam hukuklary meselesinde ýokary derejede aladalanmaklyga we olaryň ugrukdyrylmagyna zerurlyk dörän wagty energiýa hyzmatdaşlygy meselesini maslahat edip oturmaly däldigimize Ýewoparlament düşünmeli. Elbetde, bu meniň öňde goýýan maksadym, ýöne men nähili netijeleriň bolup biljekdigini öňünden çaklap biljek däl.
XS
SM
MD
LG