“Basijiň” başlygy "Twitter" we "Facebook" ulgamlaryna garşy goşgy düzýär

Mohammad Reza Nagdi

Eýran öz şahyrlary, hususan-da, Hafiz, Sagdy, Haýýam we Rumy bilen meşhur. Ýöne indi ýurduň şahyrlarynyň hataryna o diýen laýyk gelmeýän bir kandidat – Eýranyň "Basij" goşunynyň baştutany Mohammad Reza Nagdi hem goşulmaga çalyşýar.

Ol 2009-njy ýyldaky prezident saýlawlaryndan soň, adam hukuklaryny bozmakda aýyplanypdy. Nagdi golaýda "assyryn uruş" diýilýän barada bir goşgy ýazdy. Eýran öz duşmanlarynyň, hususan-da Birleşen Ştatlaryň, yslam döwletini ýykmak üçin bu ýurda garşy "assyryn urşa" başlandygyny aýdýar.

"Ýaşlar we assyryn uruş" diýlip atlandyrylan goşguda öz duşmanlary tarapyndan ýaş eýranlylary ýoldan azaşdyrmak we olary respublikanyň ideýalaryndan we ýörelgelerinden daşlaşdyrmak üçin Eýranyň garşysyna ulanylýandygy aýdylýan usullar sanalýar.

Nagdi öz poemasynda “Twitter” we “Facebook sosial ulgamlaryny nazarda tutýar, ýöne ol rep sazynyň we jazyň hem ýaş eýranlylary ýoldan çykaryp bilmändigini öňe sürýär:

Ilkinji gezek Eýranyň "Basij" goşunynyň websahypasynda çap edilendigi aýdylýan goşgynyň başky setirleri şeýle başlanýar (Bu goşgy pars dilinde ýazylan we men jenap Nagdi ýaly şahyr bolmamsoň, terjimede rifmalary bolşy ýaly saklap bilmedim):

"Meni ýarag bilen awlap bilmedik,
Geldi haka tutma sazanda hemem
Internetdir saz gurally bir topar.
Ejiz geldi deňiz goşuny menden,
Ol geldi gurjakly ýasalan çeper.
Bombalar hem raketa aldajy
Gorkuzyp, ürküzip bilmedi meni.
Ol geldi gep bilen gürrüň ýaýradýan
Twitterli, Facebookly her ýeňi.
Ol himiki ýaraglary ulandy,
Emma men gaçmadym, çykmady çeni.
Onsoň geldi geroinli, azarly..."

Nagdi goşgusyny "Dünýäniň gözi hakykata açyldy, Muhammediň yslamynyň tolkuny belende galdy" diýen setirler bilen tamamlaýar.

Görnüşinden, ol soňky aýlarda bolan arap gozgalaňlaryny nazarda tutýar. Eýran liderleri bu gozgalaňlary "yslam oýanyşy" hökmünde suratlandyrypdylar. Kim bilýär, belki-de, bu Eýranda döwlet syýasatynyň şahyranalaşyp başlandygyny aňladýandyr.