Tokaryň işleri, Gurbannazar Ezizow aýtmyşlaýyn, gaty täsin. Oňa düşünmek üçin ýa seniň duýgularyň ýiti bolmaly ýogsa-da sungatyň şekillendiriş teoriýasyndan düýpli düşünjäň bolmaly.
Şekillendiriş sungatyna abstraksiýa ýoly (hyýalylyk) XX asyryň başlarynda rus hudožnigi Wasiliý Kandinskiý tarapyndan girizilýär. Bu ýoluň içki syrlary barada Kandinskiý «Sungatdaky ruhylyk hakynda» diýen kitabynda giňişleýin düşünje beripdir.
Abstraksiýa ilki dörände geometriki formalaryň dürli reňklerde sepleşmeginden düzülipdir. Soňra abstraksiýa iki ýola bölünýär. Olaryň birinjisi – intellektual abstraksiýa, ikinjisi – psihologik abstraksiýa.
Tokar Tugurow ilki öz abstrakt işlerini döretmäge girişende, intellektual abstraskiýada, ýagny geometrik çyzyklary dürli görnüşdäki reňkler arkaly suratlandyrmakdan başlaýar.
90-njy ýyllaryň ortalarynda Türkmenistanda Saparmyrat Nyýazowyň diktaturasynyň möwjemegi Tokaryň döredijiligine-de uly täsir edýär. Şol döwürde ol adamlaryň içki dünýäsini geometriki usulda däl-de, psihologiki abstraksiýa usulynda aňladyp başlaýar. Psihologik abstraksiýada adamlaryň içki dünýäsi adamlaryň we dürli predmetleriň doly gutarylmadyk şekilleriniň üsti bilen berilýär.
Tokar öz döredýän işlerine kärdeşleriniň we beýleki intelligensiýa wekilleriniň doly düşünmeýändiklerine gynanardy. Bir gün ol, janygyp, maňa şeýle gürrüň berdi: «Ýaňy, sen gelmänkäň, bir köne şahyr dostum geldi. Meniň edip oturan işlerime seredip, «Tokar, şu seniň çyzýan zatlaryňy menem çyzaryn. Ýa-da Malewiç diýen hudožnigiň «Gara dörtburçlyk» işini pylança million dollara alypdyrlar. Ine, şony men çep elimde edip görkezeýin, ber-le reňkiňi» diýip, duran çotgama elini uzatdy... Görýäňmi, türkmeniň belli şahyrlarynyň biri şeýle pikirde bolsa, beýlekiler nähilidir öýdýäň?! Onsoň nireden bizde Çingiz Aýtmatow ýaly ýazyjylar döresin?».
Tokar şonda maňa soragly gözlerini dikdi. Men bu soraga bada-bat jogap tapmadym. Ol soragyň jogabyny men soňra Kandinskiden tapdym. «Şeýle bir döwürler bolýar, sungatda iri wekilleriň, şahsyýetleriň ýetmezçiligi zerarly ýa-da olaryň ýoklugynda ruhy dünýäde çökgünlik emele gelýär. Şol döwürlerde adamlar öte kör hem ker bolýarlar. Olaryň esasy ünsleri-de diňe şöhrata kowalaşmak we maddy baýlyk, ýagny zat toplamak boýunça bäsleşikde jemlenýär. Ruhy baýlyk äsgerilmeýär, onuň bahasam gara şaýa gelýär. Ruhy baýlyga sarpa goýýan, ony görüp bilýän iki-ýeke adamlaryňam üstünden ajy gülkülerini edip, gaýta olary akylyndan azaşan hasap edýärler. Bu döwürlerde sungat kemsidilen ýagdaýda ýaşaýar. Ol diňe maddy maksatlar üçin ulanylýar. Şonda sungatyň ýeke-täk maksady predmetleri aýnada görnüşi ýaly bermek bolýar we şol predmetler jansyz sungat bolup galýarlar».
Abstrakt sungatyň kerwenbaşysynyň sözlerine nämedir bir zat goşmak kyn.
Berdimyrat Batyrow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy.
Dowamy bar