Bir ýola ol Moskwada bolanda, belli Nowodewiçiý öwlüýäsine barýar. Tokar Sergeý Ýeseniniň guburnyň ýanyna barsa, ol ýerde şahyryň döredijiligine sarpa goýýan muşdaklary ony ýatlap, goşgy okaýan ekenler. Olaryň okaýan goşgulary Tokara täsir edensoň, ol orta çykyp, Ýeseniniň goşgusyny türkmen dilinde okaýar. «Duranlar türkmençe düşünmeýän hem bolsalar, uly meni üns berip diňlediler. Çünki Ýeseniniň goşgulary türkmençe-de gaty süýji çykýardy» diýip, Tokar ýatlardy.
Tokaryň dine bolan garaýşam üýtgeşikdi. Ol dinparaz adam däldi. Onuň üçin dünýäniň hemme dinem deňdi. Bir dünýä – bir Alla diýen taglymata uýýardy. Eger-de biz onuň döreden işlerine syn etsek, onda ol ýerde ähli dinleriň formalaryny tapyp bileris. Esasan hem Tokar işlerinde ölümi we göreşi suratlandyranda, hristian dininiň haç simwolyny ulanýardy. Beýle etmek bilen ol öz işleriniň hasratyny bütin dünýä ýetirmek isleýärdi.
Onuň ussahanasyna köp adamlar gelerdi. Ol oturyp, olary diňlärdi. Olaryň arasynda ýaňralaram ýetikdi. Emma Tokar şolaryňam göwnüne degmän, olar bilen oturardy. Gelýänleriň köpüsi özleriniň agyr, kyn durmuşlaryny gürrüň bererdiler. Onuň jogabynam Tokardan gözlärdiler. Olar gidensoňam, Tokaryň içki dünýäsinden joşup, ahy-nala dürli reňklere öwrülip, holsta, kendir matanyň ýüzüne geçerdi. Gelýänleriň arasynda käbiri Tokaryň dine ýykylmagyny, onuň namaz okap başlamagyny ündeýänlerem bardy. Olar başardygyça, ony namaz okamaýanlygy üçin utandyrjak bolardylar. Tokar häsiýetiniň ýumşak bolanlygy üçin olara kän bir ýogam diýmezdi. Bu ýagdaýy ol maňa gynanyp gürrüň bererdi. «Men häzir namaz okamaga taýýar däl. Seniň päkligiňi namaz okaýanlygyňdan gözlemeli däl! Onsoňam, men bir taglymata gulluk etmek islämok. Men hudožnik ahyry! Namaz okamasamam, bilenimden, adamzada gulluk edýän, döredýän. Goý, meniň işlerime bir adam düşünsin. Gerek bolsa, bir adam üçinem dörederin. Näme üçin olar meniň içki durmuşyma goşulýar?» diýip, Tokar janygyp, içini dökerdi.
Tokary döredijilik prinsiplerinden dänmäge çagyranlar hem boldy. Olaryň «sungat syýasata girmeli däl! Hudožnik syýasaty eserinde görkezmekden saklanmaly» diýen pikirlerine Tokar janygyp, gaýtawul bererdi. «Pikassonyň beýikligine birjik-de söz ýok. Siz onuň faşistik ideologiýa garşy döreden «Gernika» diýen işine serediň. Bu bir hudožnigiň nalyşy ahyry» diýip, syýasy işlerinden saklanmaga çagyrýanlara jogap bererdi. Ýöne, gynansagam, Tokar ýaly düşünjeli adamlaryň azlyk etmegi ýaňky ýaňra gorkaklaryň, gara garga kimin gagyllaşmaklary onuň käbir işlerini öz eli bilen ýok etmegine sebäp boldy. «Sen bilýärmiň, men şol işlerimi ýok etdim. Maslahatlaşara-da adam tapmadym.» diýip, döreden birnäçe işlerini ýok edenligini gynanyp aýtdy. Ol işler henizem meniň ýadymdan çykanok.
Men aram-aram gonamçylyga, Tokaryň mazaryna baryp-gaýdýaryn. Ol bakyýet ummanyna çümüp ýatyr. Başujunda goýlan daşda bolsa şahyr Boris Pasternagyň şol setirleri bar.
Berdimyrat Batyrow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy.
Dowamy bar