Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýyl başyndan bäri rus nebit desgalaryna azyndan 17 dron hüjümi edildi


Arhiw suraty
Arhiw suraty

“Astra” neşiriniň hasaplamalaryna görä, 2025-nji ýylyň ilkinji iki aýynda Ukrainanyň pilotsyz uçarlary Russiýanyň azyndan 17 sany nebit desgasyna hüjüm etdi.

17-nji fewrala geçilýän gije edilen hüjüm netijesinde Krasnodar ülkesindäki Hazar geçiriji konsorsiumyna degişli “Kropotkinskaýa” nebit stansiýasy hatardan çykaryldy.

“Kropotkinskaýa” nebit stansiýasy Kubanyň Kawkaz etrabynda ýerleşýär we Russiýanyň çäginde iň uly nebit geçiriji stansiýa bolup durýar.

Bu stansiýa Gazagystanyň ähli nebit eksportynyň 80% -ini, şeýle-de Hazar deňziniň ýalpaklyklaryndaky rus ýataklaryndan Noworossiýskdäki deňiz terminalyna iberilýän nebiti akdyrýan geçirijiniň bir bölegidir.

Mundan başga, Krasnodar sebitinde Ilskiý we Afipskiý nebit zawodlaryna, şeýle-de Slawýank-EKO kärhanasyna hüjüm edildi.

XS
SM
MD
LG