Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşaýjylar telefon, internet hyzmatlarynyň hiliniň 'hukuk meselesidigini' aýdýarlar


Aşgabatda halkara sergileri we ylmy maslahatlar köp geçirilýär, emma telefon we internet hyzmatlarynyň hili gowy däl diýip, ýaşaýjylar aýdýar.
Aşgabatda halkara sergileri we ylmy maslahatlar köp geçirilýär, emma telefon we internet hyzmatlarynyň hili gowy däl diýip, ýaşaýjylar aýdýar.

Lebap welaýatynda ilata edilýän telefon, internet hyzmatlarynyň hili soňky günlerde örän ýaramazlaşdy diýip, ýerli çeşmeler habar berýär. Welaýatyň Köýtendag, Döwletli, Hojambaz we Darganata etraplarynda “Altyn asyr” aragatnaşyk kärhanasynyň SIM kartlaryny almak tasdan mümkin däl. Emma muňa garamazdan, “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ulanyjylara täze hyzmaty – wirtual telefon belgilerini hödürleýär we ýaşaýjylar onuň nähili işlejegini sorag astyna alýarlar.

Öňden ulanylyp gelýän SIM kartlarynyň ýaramlylygy ‘örän gözgyny ýagdaýa’ geldi diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.

“Abunaçylar bir köçäniň ugrunda durup, bir-birine jaň edenlerinde hem telefony aldyryp bilmeýärler” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy çeşmeleriň habaryny tassyk etdi.

“Abonentiň telefony öçürilen ýa-da ol... hyzmat ediş çäginden daşdadyr" diýip berilýän awtomatiki jogapdan bizar boldum” diýip, ýasaýan etrabynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy aýtdy.

“Telefonda iberilen SMS-ler köplenç gelmeýär ýa-da 2-3 günden soň, bir topar bolup, yzly-yzyna gelýär.”

Telefon aragatnaşygynyň hiliniň ýaramazlaşmagy ýaşaýjylarda bank hasaplarynyň howpsuzlygy barada hem alada döretdi.

“Mobil aragatnaşygynyň peselmegi ýaşaýjylaryň öz bank maglumatlaryny almagyny hem kynlaşdyrdy, sebäbi bank kartlaryndan çykarylan pullar baradaky we beýleki maglumatlar uly bökdençlikler bilen gelýär” diýip, ýaşaýjy aýtdy.

“Gürrüňi edilýän 4G internet ulgamy aňyrda dursun, etrap ýerlerinde käte 2G internet ulgamy hem tutanok" diýip, lebaply ýaşaýjy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda sebitde 3G diýilýän internet ulgamy diňe welaýat merkezinde we onuň eteklerinde biraz kanagatlanary derejede işleýär, galan ilatly ýerlerde 2G hem uly bökdençlikler bilen işleýär.

Bu habar Aşgabatda “Türkmentel-2023” atly XVI halkara serginiň we ylmy maslahatyň geçirilen wagtyna gabat geldi.

Halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ulanyjylara täze hyzmaty – wirtual telefon belgilerini hödürledi diýip, TDH habar berdi.

Emma ýaşaýjylar döwlet ýolbaşçylarynyň sanly ulgama geçmegiň üstünlikli amala aşyrylýandygy barada aýdýan sözleriniň hakykata gabat gelmeýändigini aýdýarlar.

Azatlygyň habarçysy 6-njy noýabrda türkmen häkimiýetleriniň Özbegistandan gelýän tele-radio tolkunlarynyň öňüni baglap, ilatyň erkin maglumat almagyna garşy alyp barýan göreşini güýçlendirendigini habar beripdi. Emma telefon we internet hyzmatlarynyň häzirki ýagdaýynyň bu çäre bilen baglydygy ýa däldigi belli däl.

Ýerli hünärmen şonda synag edilýän ýörite enjamlaryň serhet ýakasyndaky ýaşaýjylaryň mobil telefon aragatnaşygyny hem petikländigini aýdypdy.

Aşgabatda geçirilen halkara serginiň maglumatlaryna görä, "ýurtda häzirki wagtda 3 million 100 müňden gowrak internet ulanyjy bar, şolaryň 2 million 700 müňden gowragy mobil internet ulanyjylary" bolup durýar.

Azatlygyň söhbetdeşleri bu görkezijileriň [mobil internet ulanyjylaryň sanynyň], ýurt ilatynyň resmi sany bilen deňeşdireniňde, ýurduň ýaşaýjylaryň 40%-ini hem öz içine almaýandygyny, şol bir wagtda-da, gürrüňi edilýän 2,7 million müşderiniň hem kanagatlanarly mobil internet hyzmaty bilen üpjün edilmeýändigini öňe sürýärler.

Mundan öň Azatlyk ýurtda VPN ulanyjylaryň garşysyna alnyp barylýan göreşler, VPN ussalarynyň gorkuzylyşy hakynda habar beripdi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän türkmenistanlylaryň sözlerine görä, telefon, internet aragatnaşygy diňe gyrak-bujakdaky etraplarda däl, Aşgabatda hem gowy däl we bu hususan-da daşary ýurtdan, IMO arakly habarlaşjak bolýan adamlarda uly kynçylyk döredýär. Bu ýurtda ilatyň internet asyrynyň berýän aragatnaşyk mümkinçiliklerine bilkastdan döredilýän kynçylyk bolup görünýär diýip, synçylar aýdýarlar.

Ýaşaýjylar bu hili çäklerindirmeleriň ilatyň Konstitusiýada kepillendirilen erkin maglumat almak we ýaýratmak hukuklaryna ters gelýändigini aýdýarlar.

Şu aralykda häkimiýetleriň wirtual telefon belgilerini hödürlemegi adamlarda bir topar sorag döretdi diýip, habarçy ýazýar.

"Telefonyň içinde goýlan SIM kartlary şeýle kanagatlanarsyz işleýän wagtynda, wirtual sim kartlaryň işinden nämä garaşmaly?" diýip, habarçy bilen gürleşen ýaşaýjy sorady.

Türkmen häkimiýetleri, ozal beren wadalaryna garamazdan, ýasaýjylaryň 2G, 3G, 4G internet ulgamlarynyň işi barada garaşsyz neşirlerde bildirilýän nägileliklerine açyk reaksiýa bildirmeýärler

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG