Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby: Donetskdäki rus goşunlarynyň arasynda özbek raýatlary bar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Ukrainanyň Donetsk sebitiniň basylyp alnan Gorlowka şäherinde ýerleşýän rus goşunlarynyň arasynda Özbegistanyň raýatlarynyň bardygy belli boldy diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň hasabatynda aýdylýar.

“Bu adamlar Mariupola gurluşyk işlerinde işlemek üçin geldi. Olar bu ýere gelenlerinden soň, pasportlary ellerinden alnyp, meýletinçiler hökmünde, basyp alyjy goşunlaryň hataryna alyndy” diýip, habarda aýdylýar.

Gazeta.uz bu habar bilen baglylykda Özbegistanyň Daşary işler ministrligine ýazmaça sorag bilen ýüz tutdy. Ministrlikdäki çeşme DIM-niň bu habary barlap başlandygyny aýtdy.

Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy mart aýynda Garagalpagystanyň Ellikkala etrabynyň bir ýaşaýjysynyň Russiýada türmä basylanyndan soň, uzak wagt geçmänkä Ukrainada ölendigini habar berdi. Onuň Ukraina gurluşyk işlerinde işlemek üçin iberilendigi we bolýan ýerine top okunyň gelip düşendigi habar berilýär.

Döwlet howpsuzlyk gullugy maý aýynyň ahyrynda rus türmesinden Ukrainadaky urşa iberilen özbek raýatynyň şol ýerde ölendigini habar berdi.

Merhumyň ejesi oglunyň Ukraina iberilmezinden öň hiç wagt elinde ýarag tutmandygyny aýtdy.

Şeýle-de, ol oglunyň özi bilen eden soňky telefon söhbetdeşliginde: "Eje, men olara adam öldürmejekdigimi, ol ýere gitmejekdigimi aýtdym, ýöne meni mejbur etdiler" diýendigini gürrüň berdi.

BBC-niň Rus gullugy iýun aýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlarynyň rus türmelerinden Ukrainadaky urşa iberilişi barada geçirilen derňewiň netijelerini çap etdi. Neşiriň sahypasynda çap edilen habara görä, bu hili ýagdaýda urşa iberilen adamlaryň azyndan 93 sanysy, şol sanda 34 özbek öldi.

XS
SM
MD
LG