Türkmenistanda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça pudagara topar döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy diýip, türkmen metbugaty 2-nji iýunda habar berdi.
Biraz öň, Britaniýanyň “The Guardian” neşiri ABŞ-nyň Türkmenistan bilen Merkezi Aziýa döwletindäki ägirt uly metan syzmasynyň öňüni almak üçin şertnama baglaşmaga çalyşýandygyny habar berdi.
Gazetiň ýazmagyna görä, Türkmenistan 184 sany “ýokary gaz syzma” hadysasyna, 2022-nji ýylda dünýäniň iň köp ýyladyşhana gazynyň howa goýberilmegine jogapkär boldy. Bu ýurduň howa goýberen gaz syzmalarynyň biriniň howanyň hapalanmagyna 67 million awtoulagyň goýberen hapa gazy derejesinde goşant goşandygy aýdylýar.
ABŞ-nyň klimat boýunça ýörite wekili Jon Kerri 29-njy maýda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri maslahat etdi.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken apreliň soňky hepdesinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Waşingtonda geçiren duşuşygynda howa krizisine garşy göreşmek üçin metan zyňyndylaryny azaltmagyň möhümdigini aýtdy we Türkmenistan bilen işleşmek mümkinçiligini görkezdi.