Ýurduň demirgazyk sebiti indi çärýek asyr töweregi wagt bäri beýleki sebitler, hususan-da Lebap welaýaty bilen sözüň doly manysynda ulag üzňeliginde galdy diýip, ýerli synçy Azatlygyň üsti bilen Aşgabatdaky häkimiýetlere ilatyň arzyny ýetirmäge çalyşýandygyny, ulag üzňeliginiň ýönekeý adamlaryň ozalam kyn durmuşyny has kynlaşdyrýandygyny habar berýär. Bu habar Türkmenistanyň Hazar we Gara deňiz arkaly geçýän, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitlerini bir bitewi ulag ulgamyna birleşdirýän Ýewraziýa multimodal üstaşyr ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýändigi barada çykan malumatyň yz ýanyna gabat geldi.
Aşgabatdan gelýän gündelik otly welaýatyň diňe merkezi şäherine, Daşoguz wokzalyna gelýär, şol bir wagtda sebit merkezi bilen etraplar, şol sanda welaýatyň has çetki Köneürgenç we S. Türkmenbaşy (ozalky Oktýabr) etraplarynyň arasynda hiç hili demir ýol gatnawy galmady diýip, ýerli synçy bu ýagdaýyň ýerli ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagyna däl, ýaramazlaşmagyna ‘goşant goşýandygyny’ hem sözüne goşdy.
Şu aralykda, 29-njy fewralda goňşy Özbegistanyň Horezm welaýaty bilen Garagalpagystan awtonom respublikasynyň arasynda gurlan demir ýol-awtomobil köprüsiniň açylyş dabarasy boldy. Bu sebit Daşoguz welaýaty bilen araçäkleşýär. Özbek metbugatynyň habarlaryna görä, köpri Horezm welaýatynyň Şawat etraby bilen Garagalpagystanyň Amyderýa etrabyny, Nöküsi birleşdirýän täze demir ýol ulgamynyň çäginde, Amyderýanyň üstünden gurlupdyr.
Ýerli synçynyň ýazmagyna görä, bu ýoluň gurulmagy Özbegistanyň Horezm welaýatyny demirýol petiginden çykarýar. Mundan öň, Türkmenistanyň üzňelik syýasatyndan el çekmek islemezligi netijesinde, goňşy ýurduň bütin bir sebiti demirýol üzňeliginde galypdy diýip, synçy aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, Şawat-Amyderýa-Nöküs ugry boýunça açylan demirýol gatnawy Ürgenç şäherini, sözüň doly manysynda, demirýol peteginden halas etdi.
“Gazagystandan gelýän otlular indi, Ürgenje gelmek üçin, Amyderýanyň sag kenary bilen günorta-gündogaryndaky Gazojak şäheri bilen serhetleşýän Miskin we Hazarasp stansiýalarynyň arasynda gurlan demirýol köprüsine baryp, ondan soň ýene-de yzyna, demirgazyk-günbatardaky Ürgenç wokzalyna gitmän, göni Nöküsden, biraz soň Amyderýanyň üstünden geçýän täze köpri bilen, Şawat stansiýasyna geler we ol ýerden göni Ürgenje, soň ýene welaýatyň gündogarynda ýerleşýän Hazarasp stansiýasyna gidip, Amyderýanyň üstünden geçýän köprüden geçip, göni Buhara welaýatyna ugrar” diýip, synçy goňşy ýurtdaky demirýol täzeligini gürrüň berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ýagdaýlaryň ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ölüminden soň kän gowulanandygyna garamazdan, iki döwletiň ylalaşyga gelip bilmezligi netijesinde, sowetler döwründe gurlan Çärjew-Ürgenç-Daşoguz-Goňrat demir ýoly bu günki günde iki döwletiň çägindäki bölekleri üçin ulanylyp, öz tranzit we iki döwleti birleşdirmek wezipelerini doly ýitirdi diýip, synçy aýdýar.
Bu habarlaryň arasynda, ýerli synçynyň bellemegine görä, Türkmenistanyň demirýol edarasynynyň resmi saýtynda otlularyň gatnaw tertibinde Daşoguz-Köneürgenç we Köneürgenç-Daşoguz ugry boýunça, 28-nji martdan başlap, otly gatnawynyň ýola goýuljakdygy habar berildi.
Ýerli synçylaryň käbiri bu täzeligi ýurt ýolbaşçylarynyň garaşsyz metbugatda çykýan demirýol habarlaryndaky 'tankyda' berýän gytaklaýyn jogaby hasaplaýar.
“Eger-de otly gatnawyny ýola goýmak niýeti bar bolsa, hökümet näme üçin ony 1-nji martdan ýola goýup bilenok? Ýa-da otly näme üçin 8-nji martdan gatnap başlamaly däl?” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ýasaýjylaryň biri aýtdy.
Aýdylmagyna görä, 28-nji martda gatnap başlajak otly diňe günde bir gezek, diňe Köneürgenje çenli gatnar, ýurduň iň demirgazyk etraby, S. Türkmenbaşy (ozalky Oktýabr) etraby bolsa, ýene-de otlusyz galar.
Daşoguzly bir demir ýolçynyň ikiçäk gürrüňdeşlikde aýtmagyna görä, "häkimiýetler bu habar bilen Daşoguz welaýatynyň ilatyny köşeşdirmek isleýär”.
Eger häkimiýetler otly gatnawyny düzeltmek niýetinde bolan bolsadylar, onda goňşy döwletler bilen aradaky demir ýol gatnawlaryny bireýýäm dikeldip bilerdiler diýip, ýerli synçy pikir edýär.
Şeýle-de, ýerli synçynyň pikiriçe, Türkmenistan 2022-nji ýylyň awgustyndan başlap, Täjigistanyň Orsýete gatnaýan ýolagçy otlularyny Türkmenistanyň çägine (Kelif-Tallymerjen ugruna) girizmän, Özbegistanyň üsti bilen, göni Gazagystana we Orsýete ibermegi netijesinde, beýleki ýurtlar bilen ýolagçy demirýol gatnawlaryny gowulandyrmak meselesinde uly zyýan çekdi.
Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, Türkmenistan Hazar we Gara deňiz arkaly geçýän, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitlerini bir bitewi ulag ulgamyna birleşdirýän Ýewraziýa multimodal üstaşyr ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär.
Türkmen metbugaty bu habary Berdimuhamedowyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda aýdan sözlerine salgylanyp çap etdi.
Emma synçylar, hökümet tankytçylary Türkmenistanyň dilde bir zat aýdyp, iş ýüzünde başga hereket edýändigini öňe sürýärler.
"Oňyn bitaraplyk ýurdy, açyk gapylar syýasatyny ýöredýän" diýse-de, Türkmenistana dünýäniň we goňşy ýurtlaryň hiç bir ýolagçy otlusy gelmeýär, goňşy döwletler bilen wiza režimi ýeňilleşdirimeýär” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen synçy aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum