Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandan çykmak kynlaşýar: Kepil bolmaly adamyň bankda karzy bolmaly däl


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistandan daşary ýurtlara, esasan hem Türkiýä gitmek üçin wiza almak isleýän raýatlar ýene-de goşmaça çäklendiriji talaplar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Dilden mälim edilýän täze düzgüne laýyklykda, indi daşary ýurda gitjek raýatyň yzyna dolanyp geljekdigine kepil bolmaly döwlet işgäriniň bankda karzy bolmaly däl. Habarçylarymyz agyr ykdysady krizisiň arasynda bankdan karz almadyk býujet işgärleriniň juda azdygyna ünsi çekýärler.

Geçen ýylyň sentýabrynda Aşgabat Ankara ýüzlenip, türkmenistanlylar üçin 30 günlük wizasyz syýahat düzgüniniň ýatyrylmagyny gazandy. Mundan soň, türkmen migrantlarynyň esasy ugry bolan Türkiýä aşmak mümkinçilikleri hem göz-görtele çäklendirildi.

Häzirki wagtda, Aşgabatdaky türk konsullygyndan Türkiýä wiza açdyrmak üçin, ýüz tutulýan wizanyň görnüşine görä, 18 töweregi resminama talap edilýär.

Bularyň arasynda adamyň şahsyýetini tassyklaýan dokumentler, sosial statusyny we maşgala ýagdaýyny görkezýän dokumentler, şeýle-de işleýän ýerinden kepilnama; aýlyk hakynda maglumat we bank hasabyndan soňky üç aýyň hasabaty ýaly resminamalardan daşary dürli hemaýatkärlik hatlary, ýakynlarynyň borçnamalary, kepillendiriş hatlary bar.

Ýöne bularyň hataryndan Türkiýä gitmek isleýän raýatyň yzyna dolanjakdygyna kepil geçmeli adamy tapmagyň has kyndygy bellenilýär.

“Ilki bilen, kepil bolmaly şahsyýet döwlet edarasynda işleýän bolmaly. Ol zähmet çekýän ýerinden degişli güwanamany alyp, wiza ýüz tutýan bilen ýerli Adalat bölümine barmaly we oňa kepil bolýandygy baradaky arza gol çekmeli” diýip, wiza üçin ýüz tutan ýaşaýjylaryň biri 10-njy awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Emma ol ähli gerekli resminamalary toplap, wiza üçin ýüz tutanyndan soň, arzasynyň ret edilendigini aýtdy. Habarçymyz munuň kepil bolmaly adam bilen bagly girizilen täze düzgün bilen ilteşikldigini anyklady.

“Indi kepil geçmeli adamyň bankda karzynyň bardygy ýa ýokdugy barlanýar. Islendik sebäp, şol sanda ipoteka üçin hem karz alnan bolsa, onda ol döwlet işgäriniň kepillik baradaky arzasy ret edilýär. Özüňe kepil geçip biljek adamy tapmak mundan ozalam kyndy. Her kim uzagrak dogan-garyndaşlaryndan haýyş ederdi. Häzir býujetçileriň arasynda bankdan karz almadyk barmy?! Olaryň köpüsi hut bank karzalary sebäpli döwletiň işini taşlamaýarlar. Bu täze talabyň sebäbini düşündirjek hem bolmaýarlar” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi nygtady.

Söhbetdeşlerimiz wiza almak bilen bagly eden çykdajylarynyň gara bazaryň kursy bilen 1000 dollara golaýlandygyny belleýärler. Mundan öň, wiza üçin arza ret edilen halatynda wiza ýa-da hyzmat tölegleriniň yzyna gaýtarylmaýandygy hem resmi ýagdaýda duýdurylypdy.

Synçylar we hukuk goraýjylar türkmen hökümetiniň raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagyny çäklendirip, olara gözegçiligi güýçlendirmek synanyşyklary bilen baglanyşdyrýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG