Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň polisiýasy ýaşaýjylaryň satyn alan çöreklerini sanaýar


Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda satylýan bihanka çöregi hiliniň pesdigine garamazdan, satyn almaga uly isleg saklanýar.
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda satylýan bihanka çöregi hiliniň pesdigine garamazdan, satyn almaga uly isleg saklanýar.

Türkmenistanda ilat köpçüligi subsidirlenen nyrhdan çörek we un satyn almakda yzygiderli kynçylyk çekýärkä, ilaty döwlet tarapyndan kesgitlenen ýeňillikli bahadan çörek bilen talaba laýyk üpjün edip bilmeýän häkimiýetler alyjylara gözegçiligini güýçlendirýär. Resmileriň boýun almaýan azyk gytçylygyna garşy esasy çäresi alyjylaryň köp çörek satyn almazlygyna gönükdirilýär.

Şu günler Aşgabadyň döwlet dükanlarynda çörek satylan wagtynda polisiýa işgärleri nobatlaryň daşynda aýlanýar we alyjylaryň ellerindäki çöregi sanaýar.

Döwlet dükanlarynda satylýan buhanka çöregi adam başyna üçden köp berilmeýär. Şeýle-de bolsa, nobatlara gözegçilik edýän polisiýa düzgüni bozanlary gözleýär.

"Bagtyýarlyk etrabynyň polisiýa bölüminiň işgärleri şu gün irden etrabyň merkezlerinde ýerleşýän azyk dükanlarynda çäkli mukdarda satylan subsidirlenen çörek söwdasyny barlady. Polisiýa awtoulaglarda dükanlaryň töwereginde pes tizlikde hereket edip, alyjylary uzak aralykdan synlap olaryň her biriniň näçe sany çöregi satyn alyp dükandan çykandygyny synlady" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 7-nji fewralda maglumat berdi.


Aşgabadyň polisiýasy alyjylaryň satyn alýan çöreginiň sanyna öňden bäri gözegçilik edip gelýär. Adamlaryň ellerinde haýsy-da bolsa bir sebäpden üçden artyk çörek bolan ýagdaýynda polisiýa şeýle alyjylary saklaýar we olaryň ellerinden çöregini alýar. Şeýle ýagdaýlaryň birnäçesi 7-nji fewralda hem bolupdyr.

"Elinde üçden artyk çöregi bolan adamlaryň polisiýa işgärleriniň talabyna tabyn bolup, garşylyk görkezmezden artyk çöregini meýletin polisiýa berendigini we sesini çykarman öwrülip gidenlerini gördüm" diýip, habarçy aýdýar.

Paýtagtyň döwlet dükanlarynda subsidirlenen bahadan satylýan buhanka çöreginiň üç sanysy 2 manada durýar, bazarlarda we hususy dükanlarda iň arzan çörekleriň täjirçilik bahasy 3-4 manatdan başlanýar. Hususyýetçilerde gowy hilli çörekler 5-15 manat aralygynda satylýar.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda satylýan buhanka çöreginiň hiliniň pesdigine garamazdan, ilat arasynda ony satyn almaga uly isleg saklanýar. Çörek irki sagatlarda satylýar we gysga wagtda satylyp gutarýar.

Ýurtdaky agyr işsizlik zerarly, köp maşgalalaryň iýmit üpjünçiligi subsidirlenen azyk önümlerinden düzülýär. Adamlar uly nobatlara we çäklendirmelere boýun bolmaga mejbur bolýar. Öz hakyny talap etmäge synanyşýan adamlar basyşa sezewar bolýar.

"Öz hakyny talap etmäge synanyşan we artyk diýlip, ellerinden alynjak bolýan çöregi bermekden ýüz döndüren, kejeleşen raýatlar awtoulaga mündürip polisiýa bölümine äkidildi" diýip, habarçymyz aýtdy. Onuň anyklamagyna görä, polisiýanyň saklan adamlaryna jemgyýetçilik tertibini bozandygy üçin 100 manat möçberde jerime salynypdyr.

Azatlyk bilen gürleşen aşgabatlylar çörek söwdasynyň günde dawa-jenjel bilen geçýändigini. Dartgynlylygyň hem alyjylaryň söwdegärler, hem nobatlarda duranlaryň öz arasynda, hem-de raýatlaryň polisiýa işgärleri bilen arasynda ýüze çykýandygyny gürrüň berýärler.

"Häkimiýetler bu meseläni çözüp bilmeýär, ne çöregiň arzan bahadan söwdasyny kadalaşdyrýar, ne-de subsidirlenen bahany doly ýatyryp, bazar bahasyna geçmek kararyna gelýär" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy öz pikirini paýlaşdy.

Türkmen hökümeti 6 ýyl bäri dowam edip gelýän azyk gytçylygyny boýun almaýar. 2017-nji ýylyň aýagynda dörän un we çörek gytçylygy ýyllarboýy saklanýar, käte has ýitileşýär.

Soňky aýlarda hatda paýtagtda-da çörek birnäçe günläp satuwda bolmandy. Welaýatlarda, aýratynam oba ýerlerinde döwlet dükanlaryndaky azyk üpjünçiligi has-da gowşak bolmagyna galýar. Oba ýaşaýjylary un paýlaryna birnäçe aýlap garaşyp alýarlar, satylan unuň hiliniň iýmite ýaramaýandygyny bilip galýarlar.

Häkimiýetleriň her gezek krizisiň agyrlaşmagyna reaksiýasy gözegçiligi güýçlendirmek bilen çäklenýär. Dekabrda söwda ministrliginiň işgärleri we alyjylar jemgyýetleriniň hünärmenleri paýtagtyň döwlet dükanlarynda barlaglary geçirip, azyk nobatyna garaşýan adamlary wideo ýazgy etmek çäresini geçirdi.

Galyberse-de häkimiýetler köpçülik ýerlerinde ykdysady şertlerden nägilelik bildirýän raýatlary gözleýär we gysyş görkezýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG