Türkmenistanda un-çöregiň ýeňillikli nyrhdan satylmagynyň bes edilmegi il içinde aladalanmalary artdyrdy. Gün-güzeranyny zordan dolandyrýan halk köpçüligi döwlet dükanlarynda arzanrak satylýan azyga doly garaşly bolup, ýyllarboýy saklanyp gelýän gytçylyga, nobatlara we dürli çäklendirmelere çydam görkezip geldi. Ýaňy-ýakynda döwlet dükanlarynda azygyň nyrhynyň resmi duýduryşsyz birden ýokarlanmagy köpçülikde başagaýlyk döredi.
Mary welaýatynyň ýaşaýjylary üçin şu günler un paýlaryny satyn almagyň aladasynda geçýär. Döwlet dükanlarynda subsidirlenen bahadan her adam başyna aýda bäş kilogramdan göz öňünde tutulan un paýynyň ýokarlanan nyrhy uly başagaýlyga sebäp bolýar.
Soňky günlerde döwlet dükanlaryndaky unuň ýeňillikli bahasynyň birden duýdansyz ýokarlanmagy ilatyň azyk üpjünçiligi baradaky aladalaryny artdyrdy, ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi hatda geçen ýylyň paýlaryny hem şu çaka çenli satyn alyp bilmän gelýär.
"Köpçülik geçen ýylyň un paýogyny satyn almak üçin döwlet dükanlaryna barýar we ony ozalky bahadan satyn almak isleýär. Döwlet dükanlarynda bolsa işgärler unuň bir haltasynyň bahasyny 180 manada galdyrypdyrlar we ýany bilen gerekmejek harytlary goşup satýarlar. Şeýdip, bir halta unuň bahasy 200 manada barýar" - diýip, Marydaky habarçymyz 16-njy fewralda aýtdy.
Şu hepdäni başynda ýurtda unuň bahasy 250%, çöregiň bahasy 150% ýokarlandy.
Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda daýhan birleşikleriniň ýaşaýjylary un paýlaryna geçen ýyldan bäri garaşýarlar. Unuň ýeňillikli bahasy gymmatlan badyna ýerli dükanlara un getirilip, täze bahadan satylyp başlapdyr. Bu ýagdaý ýerli ýaşaýjylary örän gynandyrdy.
"Dükanymyzda geçen ýyldan bäri garaşýan un paýlarymyz täze nyrh bilen satylyp başlandy. Ilat bu uny almakdan ýüz öwürýär we welaýat häkimine arza ýazyp, geçen ýylyn un paýogyny köne nyrhdan bermegi soraýarlar. Käbirler geçen ýylyn awgust aýyndan bäri soňky aýlaryň un paýlarynyň hem heniz berilmändigini öz arzalarynda görkezýärler" diýip, maryly ýaşaýjy aýdýar.
Mary welaýatynyň ýaşaýjylary bilen gürleşen habarçymyzyň sözlerine görä, käbir obalarda un paýy geçen ýylyň tomsundan bäri satylmandyr.
Ýerli ýaşaýjylar unuň bahasynyň ýokarlanmagyna garaşylandygyny, bu barada il içinde köp gürrüň edilýändigini aýdýarlar, emma munuň birden, hiç hili duýduryş berilmezden ýüza çykmagyna köpçüligiň taýýar bolmandygyny belleýärler.
"Unuň nyrhy şu ýylyň gallasyndan, ýagny indi ýetişmeli bugdaýdan alynjak hasyldan ýokarlanar diýlip, garaşylýardy. Häkimiýet bolsa, muny öňünden howlukmaç durmuşa geçirip başlady" diýip, maryly söhbetdeşleriň ýene biri aýdýar.
Türkmenistanyň hökümeti bugdaýyň daýhanlardan satyn alyş nyrhyny 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, 2,5 esse ýokarlandyrdy. 9-njy fewralda gol çekilen karara görä, döwlete bugdaý hasylyny tabşyran daýhanlar şu ýylyň hasylyndan başlap, öňki bahadan 2,5 esse töweregi has köp girdeji gazanmagyna garaşypdy.
Bu aralykda welaýatyň döwlet dükanlarynda alyjylar bilen söwda işgärleriniň arsynda dawalar köpelýär. Ilat öz hakyny soraýar, dükan işgärleri bolsa ýokardan gelen buýruga salgylanyp, geçen ýylyň paýlarynyň hasabyna uny täze nyrhdan satmaga synanyşýar.
Şu günler bazarlarda hem unuň bahasy üýtgäp durýar. Türkmenistanda öndürlen 1-nji derejeli 1 halta un bazarlarda 300-500 manat aralygynda satylýar diýip, habarçymyz aýdýar we bu aralykda köp maşgalalaryň azyk üpjünçiligini düzýän esasy iýmit önümleriniň, şol sanda pagta ýagynyň hem gymmatlap başlandygyny belleýär.
Döwlet dükanlaryndaky unuň birden 2,5 esse gymmatlamagy halk köpçüliginiň azyk üpjünçiligini hatar astynda goýdy.
Türkmenistanyň ilatynyň aglaba bölegi azygy döwlet dükanlaryndan satyn alýar. Döwlet tarapyndan kesgitlenen ýeňillikli bahadan ilata çäklendirilen mukdarda satylýan azyga hyrydar artýarka, hökümet bu ýeňilligi ýatyrmaga synanyşýar. 2017-nji ýyldan bäri dowam edýän un-çörek gytçylygynyň fonunda hökümet ýeňillikli bahalary resmi taýdan ýatyrmasa-da, nyrhlary yzygiderli artdyryp gelýär we azyk paýlaryny satyn almagyň şertlerini agyrlaşdyrýar.
Emma adamlar ägirt uly nobatlara, azygyň satylýan mukdarynyň azaldylmagyna, ýaşaýan ýerinden resminama, şol sanda jemagat hyzmatlaryň tölenmegine kepilnama ýaly dokumentleriň talap edilmegine, polisiýanyň gözegçiligine, gapdalyndan geçmeýän harytlaryň ýüklenmegine we hatda azygyň käte iýmite ýaramaýandygyna garamazdan, döwlet dükanlarynda biraz arzan satylýan azyga mätäç bolýarlar.
Türkmen hökümetiniň resmi taýdan boýun almaýan ykdysady krizisde ýaşaýan halk köpçüliginiň durmuş derejesi gitdigiçe peselýär we olary döwletiň goldawyna mätäç edýär.
Köpçüligiň azyk rasiony ýyllarboýy un, çörek, şeker, pagta ýagy we towuk budy ýaly harytlardan düzülýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum