Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda güýç edaralaryna studentleriň arasynda işgär gözlenýär


Ýokary okuw jaýlarynyň uçurymlary. Türkmenistan (Arhiw suraty)
Ýokary okuw jaýlarynyň uçurymlary. Türkmenistan (Arhiw suraty)

Türkmenistanyň güýç edaralarynyň işgärleriniň okuw jaýlaryna saparlary ýygjamlaşdy. Kanun goraýjy edaralarynyň wekilleri ýokary okuw jaýlaryny tamamlaýan uçurymlaryň arasynda işgär gözleýärler. Bu barada Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri habar berdiler.

Kanun goraýjy resmileriň okuwyny tamamlaýan ýaşlar bilen geçiren ýygnaklarynyň biri Türkmenabadyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet pedagogiki uniwersitetinde geçirildi.

"Güýç edaralary täze kadrlary saýlamak üçin ýokary okuw jaýlaryna geldiler. Güýç edaralarynyň ofiserleri Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-nyň 5-nji ýyl talyplary bilen ýygnak geçirdiler. Ýygnagyň maksady, MHM, polisiýa we prokuratura edaralaryna ýaş işgärleri kabul etmekden ybarat" diýip, çeşme ýaňy-ýakynda geçirilen şeýle ýygnaklaryň biri barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň dowamynda resmiler ýaşlara kadr gözleýändigini mälim edipdir.

“Ýygnaga güýç edaralarynyň ofiserlerinden birnäçesi, institutyň okuw işler boýunça orunbasary we fakultetleriň dekanlary gatnaşdy. Watana hyzmat etmek we ony goramak barada gysgarak propaganda gürrüňleri geçirildi hem-de edaralaryna ýaş kadrlary gözleýändigi aýdyldy” diýip çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi.

Şeýle ýygnaklar beýleki okuw jaýlarynda hem geçirilýär. Olaryň biri ýaňy-ýakynda Mary welaýatyndaky Energetika Institutynda boldy.

Ýokary okuw jaýlaryndaky ýagdaýdan habarly çeşmeler güýç edaralarynyň studentler bilen duşuşyk geçirmeginiň birinji gezek däldigini, geçen ýylda hem bolandygyny bellediler.

“Bu ýygnaklar her ýyl geçirilýär. 5-nji ýyl talyp oglanlar çydamsyzlyk bilen bu güne garaşýarlar” diýip bilim resmisi gürrüň berýär.

Güýç edaralarynda işlemäge özleriniň gyzyklanma bildirýändigini käbir studentler hem aýdýarlar. Olar öz islegini, hususan-da, okuwdan soň zähmet tejribesi üçin has amatly şertleriň hödürlenýändigi bilen düşündirýärler.

Studentleriň biri özlerine berlen düşündirişe salgylanyp, işe kabul edilen ýagdaýynda okuwdan soň okan ugry boýunça iki ýyllyk zähmet çekmek borjuny bu edaralarda geçirip bolýandygyny gürrüň berdi.

"Adatça biz 2 ýyllyk otrabotkany mekdeplerde ýa-da bilim-terbiýeçilik edaralarynda geçirmeli. Emma pagonlylaryň islendik zady çözülýär” - diýip, anonim gürleşen student aýdýar.

Emma güýç edaralarynda işlemek üçin saýlanýan studentlerden bolan talaplar hem güýçli. Hususan-da üç arka barlagy has jikme-jik tertipde geçirilýär we ondan geçip bilmedikler işe kabul edilmeýär. Şeýle-de, saýlanýan ýaşlaryň maşgalalarynyň maddy ýagdaýy, olaryň daşary ýurtlara syýahat edip-etmändigi ýaly şahsy maglumatlar ýygnalýar. Ýaşlaryň bilimli bolmagy we döwrüň ösen tehnologiýalaryndan ökde baş çykarmagy talap edilýär.

Mary welaýatyndaky Energetik Institutyndaky çeşmäniň gürrüň berişi ýaly, bu ýokary okuw jaýynda ýygnaga gatnaşdyrylan studentler eýýäm öňünden barlanypdyr.

"Ýygnaga gatnaşanlaryň ählisiniň üç arka maglumatynyň MHM edaralaryna geçirilenligi hem-de dil, IT tehnologiýa we takyk-tebigy ugurlar boýunça bilim başarnyklary barada hakyky maglumatlaryň ýygnanýandygy aýdyldy" diýip, çeşme belleýär.

Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň ünsüni sowatly we IT ugrundan başarnykly mekdep okuwçylarynyň aryndaky ýaşlar hem çekýär.

MHM işgärleriniň soňky aýlarda ýokary okuw jaýlarynyň studentlerini, ýokary synplardaky mekdep okuwçylaryny we medeniýet işgärlerini hyzmatdaşlyga çekmek boýunça çäre geçirýändigi barada Azatlygyň habarçylary şu aýda maglumat berdiler.

Habarçylar bilen aýry-aýrylykda gürrüňdeş bolan ýaşlaryň birnäçesi we içer işler edaralaryndaky bir çeşme hyzmatdaşlyk teklip edilýän raýatlaryň esasan sosial media başarnyklaryna üns gönükdirilýändigini gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ilata berk gözegçilik etmek bilen tapawutlanýarlar. Soňky döwürde gözegçilik hasam güýçlendi adamlaryň üýşmeginiň öňi alynýar, jemgyýetçilik transportynda wideo we ses ýazgysyny alyp barýan kameralar oturdylýar, ilatyň internetden we sosial mediadan peýdalanmagy çäklendirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG