Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda arzan çörek isleýänlerden ýany bilen köke satyn almak talap edilýär


Azyk dükany. Türkmenistan (arhiwden surat)
Azyk dükany. Türkmenistan (arhiwden surat)

Döwlet dükanlaryndan çörek satyn almak uly mesele bolmagynda galýar. Bazar bahasyndan arzanrak çörege alyjylar tarapyndan uly isleg bildirilýärkä Marynyň dükanlarynda satyjylar çöregiň gapdalyndan geçmeýän harytlary ýükläp başladylar.

Mary şäheriniň döwlet dükanlarynda arzan nyrhdan satylýan çöregiň ýany bilen süýji, köke we beýleki konditer önümlerini goşmaça pul töläp almaly edildi diýip, Azatlygyň habarçysy 1-nji oktýabrda Marydan habar berdi.

Arzan çörek diňe belli günlerde satylýar, alyjylar uly nobatda durmaly bolýar.

"Meniň ejem ujypsyzja pensiýasyna hepdede 5 gün döwlet dükanynda irden sagat 6:00-da nobata durýar, altynjy, bazar günler çörek satylmaýar. Her adam başyna 2 buhanka çöregi berilýär her 1 buhanka çöregi ýarym manatdan - 2 sanysy 1 manat bolýar, emma çörek nobatyna barýan adamlardan goşmaça haryt satyn almak talap edilip başlandy, indi 2 sany buhanka çöregini almakçy bolsaň 5 manat alyp barmaly" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertine gürrüň berdi.

Maryly satyjynyň sözlerine görä, her alyja iki buhanka çöregi 5 manada satylanda onuň her biri 50 teňňeden bolýar. Galan 4 manat çöregiň üstüne goşulyp satylýan süýji önümler üçin alynýar. Şeýdip, her bir alyjynyň satyn alan azygynyň bahasy 5 manat bolýar.

Mundan öň döwlet dükanlarynda çöregiň bahasy 2,5 manatdy.

Maryly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, şäheriň käbir dükanlarynda çöregiň üstüne başga harytlary ýüklemek tejribesi eýýäm bir aý çemesi wagt bäri ulanylýar. Satyjylar bolsa bu ýagdaýyň sebäbini özlerine berlen buýruk bilen düşündirýärler.

"Bize-de ýokardan buýruk esasynda ýumuş berilýär. Adamlar dogry düşüniň häzir çörek şol arzan bahadan satylýar 1 manada 2 sany buhanka. Emme daşyndan 4 manatlyk konditer önümlerinden size çaý bilen içmek üçin berýäris. Eger-de daşyndan berilýän 4 manatlyk ýüki almakdan boýun gaçyrsaňyz, onda boýun gaçyran adama arzan nyrhdan çörek satylmaýar" diýip, dükan satyjysy ýagdaýy düşündirýär.

Emma çöregiň gapdalyndan süýji önümleriniň ýüklenmegi alyjylaryň göwnünden turmaýar. Olar bir tarapdan goşmaça çykdajydan zeýrenýän bolsalar, başga bir tarapdan ýüklenýän önümleriň özlerine ýaramaýandygyny belleýärler.

"Meniň ejemde süýjilik keseli bar. Ejeme süýji we ajy zatlardan daşda durmak, olary iýmezlik we içmezlik lukmanlar maslahat berdiler. Meniň ujypsyzja pensiýa alýan ejeme daşyndan hiç bir konditer önümi ýa-da şerbet suwy gerek däl. Ejeme derman-däri gerek" diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Şäheriň döwlet dükanlarynyň birinde nobatda duran gelin, öz maddy ýagdaýynyň agyrdygyny we çörekden başga zada pulunyň ýetmeýändigini gürrüň berýär: "Men 3 çagam we adamym bilen biz 5 adam bolup, öz ýaşara jaýymyz bolman kireýne alnan jaýda ýaşaýarys. Bizde üýtgeşik pul ýok. Onsuzam uzakly güni 1-2 sany çörek satyn almaly bolýarys. Bize goşmaça satmakçy bolýan azyklary gaty agyr degýär. Bize diňe arzan nyrhdan halka hödürlenýän çörek gerek başga zadyň geregi ýok".

Marynyň döwlet dükanlarynda uly nobat we ýany bilen haryt goşulyp satylýan buhanka çöregi hemmä berilmeýär. Çörek propiska boýunça satylýar.

"Her güni nobata durýan alyjylar ýeter-ýetmezçilikde ýaşaýan adamlar bolup, olaryň köpüsinde dükandan arzan nyrhdan çörek almak üçin her güni 1 manada derek 5 manat berip goşmaça harytlary satyn almaga razy bolmakdan başga alajy ýok. Olaryň arasynda propiskasy bolmadyklar hem bar. Olaryň her güni öz gelen daşky etrabyna gidip, çörek alyp gelmäne ýagdaýlary ýok. Onsoň etraplarda arzan nyrhdan çörek satylanok, diňe şäherde satylýar" diýip, Marynyň ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Hususyýetçilerde iň arzan çörek 4 manatdan, gymmatragy 10 manatdan satylýar.

Geçmeýän harytlary ýüklemek tejribesi soňky ýyllarda ornaşdy. Döwlet dükanlarynda subsidirlenen bahadan çörek, un, ösümlik ýagy, ýumurtga ýaly esasy azyk önümleri satylanda adamlardan möhleti geçen süýji, köke, kädi mürepbesi, sakgyç we gazly suw ýaly azyk önümlerini satyn almak talap edildi. Mundan başda rezin ädik, şypbyk, tagara, telefon kabeli ýaly senagat önümleriniň hem azyk önümleriniň ýany bilen ýüklenen pursatlary az bolmady.

Türkmenistanda hökümet tarapyndan resmi derejede boýun alynmaýan azyk krizisiniň dowam etmegine 7 ýyl bolup barýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG