Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda aýal bilen erkek adam köpçülik ýerinde gujaklaşyp bilýärmi?


Bezeg suraty. Türkmenistanda bir seýilgäh.
Bezeg suraty. Türkmenistanda bir seýilgäh.

“Gündiziň güni köpçülikde bolşuňyz dagy nähili?! Jemgyýetçilik tertibini bozmaly däl!” diýip, polisiýa işgäri batly sesi bilen ýaş juwanlary gorkuzyp, polisiýa bölümine alyp gitmekçi boldy.

Tehniki orta hünärmen mekdebiniň talyby, 20 ýaşlaryndaky Begnazar elinde bir desse golland bägüli bilen Türkmenabadyň Görogly seýilgähinde söýgülisi Solmaz bilen duşuşyga howlugýar. Yşk hasratyna duçar bolan iki ýaş juwan seýilgähde bir-birege guçak açyp, ýaňy bir ýatdan çykmajak pursatyň “gyrasyndan gädende” bir ýerlerden polisiýa işgäri peýda bolup, aşyk-magşuklary soraga çekip başlaýar.

“Gündiziň güni köpçülikde bolşuňyz dagy nähili?! Jemgyýetçilik tertibini bozmaly däl!” diýip, polisiýa işgäri batly sesi bilen ýaş juwanlary gorkuzyp, polisiýa bölümine alyp gitmekçi bolýar.

“Agam, jübimde 75 manat pulum bar, şol bolýarmy?” diýip, ýaş ýigit çala çekinip, haýbatly polisiýa işgärine sorag bilen ýüzlenýär.

“Polisiýanyň çatyk ýüzi ýazylyp, sähel ýylgyryp başlady. Soň bolsa, ‘akylly boluň!’ diýip, seýilgähi terk etdi” diýip, ýaş ýigit öz başdan geçirenlerini Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär. Ol ‘para berip’ polisiýa işgäriniň haýbatyndan halas bolandygyny aýdýar.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli efirde atlary üýtgedilen ýaş juwanlaryň Görogly seýilgähinde ýaňy-ýakynda şaýat bolan pursatlary Türkmenabatda ilkinji gezek bolup geçmeýär.

Azatlygyň habarçylary iki hepde çemesi mundan ozal hem, bu şäherde polisiýa işgerleriniň seýilgählere aýlanyp, ol ýerlerde gol tutuşyp, gujaklaşýan jübütleri gorkuzyp para alýandyklaryny gürrüň berdi.

Häkimiýetler şeýle çäreleri jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň berjaý edilmegini gazanmak ugrunda alyp barýan tagallalary hasaplaýarlar.

Azatlygyň habarçylary polisiýa işgärleriniň köpçülik ýerlerinde ‘ahlak gözegçiligini güýçlendirýändiklerini’ yzly-yzyna habar berip gelýärler.

Türkmenabatda bolup geçen aýrybaşga bir wakada Bahar etrapçasynyň bir ýaşaýjysy, orta ýaşlaryndaky bir erkek adam öz aýaly bilen şahsy ulaglaryny ýoluň gyrasynda park edip, ulagyň içinde haýsydyr bir gaýragoýulmasyz maşgala meselesini maslahatlaşyp oturan wagtynda polisiýanyň haýbatlaryna duçar bolýar.

Polisiýa ulagy är-aýalyň oturan ýerleriniň gapdalynda säginýär we ulagdan bir polisiýa işgäri çykyp, olaryň nika şahadatnamasyny talap edip başlaýar.

“Biz bir maşgala meselesini maslahatlaşyp otyrdyk. Aýalym hamsygyp başlanda, men ony bagryma basyp köşeşdirjek boldum. Ýöne polisiýa işgäri bize yrsarap, nika şahadatnamamyzy talap edip başlady. Men ulagdan düşüp, polisiýa bilen sanaşyp başladym. Soňra ol aýalymyň aglap durandygyny hem-de ellerimizdäki ýüzüklerimizi görüp, ‘bolýar, maňa bir 20 manat pul beräýiň, gaýrat ediň’ diýip, pul sorady. Men pul bermekden ýüz öwürdim, ol bolsa ‘dünýä gezeklidir, bir şäherde ýaşaýandyrys diýip, haýbat atyp gitdi” diýip, türkmenabatly erkek adam Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda häkimiýetler jemgyýetçilik ýerlerinde erkekleriň we aýal adamlaryň özlerini alyp baryşlaryna gözegçilik işlerini ‘ahlak göreşiniň’ çäklerinde kesgitleýärler we ahlak düşünjesi ýurduň media serişdelerinde ata-babalardan gözbaş alýan däp-dessurlaryň we edim-gylymlaryň berjaý edilmegi hökmünde kabul edilýär.

Azatlygyň habarçylary mundan ozal, fewral aýynda paýtagtyň seýilgählerinde hem hususan-da ýaş raýatlara gözegçilik işleriniň güýçlendirilendigini habar berdiler.

Bu aralykda, türkmen häkimiýetleri milli medeniýet talaplarynyň çäklerinde, mundan ozal, aýal-gyzlaryň daşky sypatyna degişli gözegçilik işlerini hem güýçlendiripdi.

Aýal-gyzlaryň ýasama gaş, kirpik, dyrnak dakdyrmagy, botoks etdirmegi gadagan edildi. Şeýle-de, olaryň lybaslarynyň dar bolmazlygy, giň bolmagy, ýeňiniň uzyn bolmagy talap edildi. Azatlygyň habarçylary öňki ýyllarda bir döwür aýal-gyzlaryň ulaglaryň öňdäki oturgyçlarynda oturmaklarynyň hem dilden gadagan edilendigini habar berdiler. Şol bir wagtda, häkimiýetler aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamasyny almagy bilen bagly hem wagtal-wagtal dürli çäklendirmeleri girizdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan lebaply ýaşaýjylar polisiýanyň seýilgählerde jübütleriň, är-aýallaryň bilelikde geçirýän pursatlaryna gatyşmak synanyşyklaryny olaryň para almak islegleri bilen baglandyşdyrýarlar.

Türkmen hökümeti ýurtda raýatlaryň durmuşynyň ähli ugurlaryna gatyşmakda we olary çäklendirmekde tankyt edilýär.

Häkimiýetler Täze ýyl baýramçylygy ýaly iri baýramçylyklaryň dowamynda hatda maşgalalarda hem baýramçylygyň bellenilip-bellenilmezligine çenli gatyşmaga synanyşýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG