Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan we Özbegistan suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine “aýratyn üns berýär”


Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi. 30-njy aprel, 2024. Türkmenabat
Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi. 30-njy aprel, 2024. Türkmenabat

30-njy aprelde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň dördünji mejlisi geçirildi.

Resmi maglumata görä, maslahatyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleler barada gürrüň edilipdir.

Habarda iki goňşy ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine aýratyn üns berilendigi bellenilýär.

Owganystanyň “Talyban” dolandyryjylarynyň gurýan Amyderýadan gözbaş alýan Koş Tepa kanalynyň doly işe girizilmegi bilen, Amyderýanyň aşaky hanasynyň boýunda ýerleşýän ýurtlarda, hususan-da Türkmenistanda we Özbegistanda suw ýetmezçiligi meselesiniň hasam ýitileşmeginden howatyr edilýär.

XS
SM
MD
LG