Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň hassahanalarynda näsaglardan soralýan “aklygyň” möçberi $500-e ýetýär


Aşgabadyň lukmançylyk edaralarynyň birinde lukmanyň ýanyna girmek üçin nobatynyň ýetmegine garaşýan raýatlar (Illýustrasiýa suraty)
Aşgabadyň lukmançylyk edaralarynyň birinde lukmanyň ýanyna girmek üçin nobatynyň ýetmegine garaşýan raýatlar (Illýustrasiýa suraty)

Aşgabadyň hassahanalarynda saglyk işgärleriniň näsaglaryň hossarlaryndan alýan “aklygynyň” möçberiniň barha artýandygyny, paýtagtlylaryň ençemesi aýdýar.

Şeýle-de, olar lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň syrkawlaryň saglyk serişdelerini başga näsaglara satmagy bilen bagly ýagdaýlaryň köpelýändigini belleýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy maýda Aşgabatdan maglumat berdi.

“Soňky aýlarda hassahanalarda ýatyp, saglygyny dikeltjek näsaglardan we olaryň hossarlaryndan soralýan ‘el aklygyň’ möçberi 500 ABŞ dollaryna çenli ýetýär. Näresmi töleg ýa-da mejbury para näsagyň lukmanyna nagt görnüşinde berilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.

Aklyk – türkmen jemgyýetinde syrkawyň saglygyna seredeni ýa-da oňa tebipçilik edeni üçin saglyk işgärine ýa tebibe berilýän sylagdyr. Hökmany bolmadyk bu sylagyň möçberi adatça näsagyň ýa-da onuň hossarynyň göwnünden çykaran maddy serişdesine ýa-da serpaýyna barabar bolýar.

Ýöne şepagat uýasynyň we aşgabatlylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, häzir saglyk işgärleri “aklygyň” möçberini özleri kesgitleýärler. Dürli kesellere ýolugan näsaglar saglygyny dikeltmek üçin ynsapsyz köp lukmanyň we şepagat uýasynyň talap edýän näresmi pul serişdesini bermäge kaýyl bolmaly bolýarlar.

“Sebäbi el aklyk bermedik näsaglaryň saglygyna kadaly seredilmeýär. Saglyk işgärleri öz etmeli işlerini etmeýärler” diýip, paýtagtyň hassahanalarynyň birinde işleýän şepagat uýasy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Şepagat uýasynyň we aşgabatlylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, bu ýagdaýlara paýtagtyň tas ähli hassahanalarynda duş gelse bolýar. Ýöne bu olardaky saglyk işgärleriniň ählisiniň näsaglardan "aklyk" alýandygyny aňlatmaýar.

“Lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň arasynda el aklyk almaýanlar ýa-da näsagyň we onuň hossarynyň göwnünden çykaryp beren puluna razy bolýanlar hem bar. Ýöne olaryň sany juda çäkli” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Ýaşaýjylar lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň syrkawlaryň saglyk serişdelerini başga näsaglara satmagy bilen bagly ýagdaýlaryň hem köpelýändigini belleýärler.

“Näsaglaryň köpüsi operasiýadan soň ýa-da beýleki saglyk ýagdaýlary sebäpli bir hepde ýa-da ondan hem köpräk wagt hereketi çäklenip, tebigy zerurlyklary üçin hajathana baryp bilmeýär we şol sebäpli pampers dakynmaly bolýar. Emma nebsini başyna goýberen lukmanlar we şepagat uýalary näsagyň hossarlarynyň satyn alyp getiren pamperslerini, salfetkalaryny we derman serişdelerini başga palatalarda bejergi alýan näsaglara satyp, wyždansyzlyk bilen goşmaça gazanç edýärler. Soňra olar näsaglaryň hossarlaryndan täze serişdeleri getirmegi talap edýärler” diýip, şepagat uýasy belledi.

Paýtagtlylaryň ençemesi bu ýagdaýlar sebäpli näsaglaryň hossarlarynyň uly göwrümdäki maddy çykdajylary etmeli bolýandygyny aýdyp, nägilelik bildirýär.

“Ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, soralýan el aklygy tapyp bilmän, öz dogan-garyndaşlaryny operasiýa etdirip bilmeýän ýa-da olaryň saglygyna seretdirip bilmeýän hojalyklar köp. Sebäbi olar aklykdan başga-da, müňlerçe manat möçberindäki hassahana töleglerini hem tölemeli bolýarlar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada paýtagtyň Saglygy saklaýyş müdirliginden we ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň lukmançylyk edaralarynda saglyk işgärleriniň näsaglardan ýa-da olaryň hossarlaryndan “aklyk” almagy bilen bagly tejribe ýurt garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden bäri saklanyp galýar. Ilkinji iki onýyllygyň dowamynda onuň möçberi köplenç näsagyň göwnünden çykaran mukdardaky serişdesine barabardy.

Ýöne soňky ýyllarda habarçylarymyz “aklygyň” möçberiniň ýokarlanýandygy we soralýan möçberdäki näresmi tölegi, parany bermedik näsaglaryň saglygyna kadaly seredilmeýändigi, olaryň sanjymlarynyň öz wagtynda urulmaýandygy barada yzygiderli habar berýärler.

Ýurtda saglyk pudagynyň ösdürilýändigini tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG