Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Täze ýylyň öňýany mekdep okuwçylarynyň mobil telefonlary barlanýar


Türkmenistan (arhiw suraty)
Türkmenistan (arhiw suraty)

Türkmenistanyň mekdeplerinde täze ýylyň öňýany okuwçylara basyş artýar. Täze ýyl baýramy duýgusyny artdyrýan taýýarlyklar we baýramçylygy bellemek üçin mümkinçilikler ozalky ýyllara garanda has çäklendirilýän wagty okuwçylara gözegçilik güýçlenýär we olaryň mobil telefonlary barlanýar.

Täze ýyla garaşan mekdep okuwçylarynyň ençemesi şu günler baýramçylyk duýgusyny däl-de, howatyrlanma duýgusy başdan geçirýärler. Häkimiýetleriň gysyşy muňa sebäp bolýar. Türkmenbaşydaky habarçymyzyň maglumatlaryna görä, şu günler şäheriň mekdeplerinde okuwçylaryň jübi telefonlaryny barlamak boýunça çäreler geçirilýär.

"Mekdeplerdäki ýetginjekler ýene-de polisiýanyň basyşy astynda olaryň ýylda bir sapar begenip ýeten täze ýyl şatlygy ellerinden alyndy, galyberse-de olaryň smartfonlary hem ellerinden alynýar" diýip, - habarçymyz 22-nji dekabrda habar berýär.

Edil şeýle barlaglar ýurduň beýleki ýerlerinde hem geçirilýär.

"Türkmenistanyň Hronikasy" garaşsyz neşiri 20-nji dekabrda Türkmenabat şäheriniň golaýyndaky Sarykbala etrabynyň birnäçe mekdebinde okaýan onlarça okuwçynyň mobil telefonlaryny yzyna almak üçin şäher polisiýa bölümine barandygyny habar berdi. Maglumata görä, polisiýa ýerli mekdeplerde reýd geçirýär we okuwçylaryň telefonlary wagtlaýyn ellerinden alýar. Reýdler duýdansyz we sebäbi düşündirilmezden geçirilýär.

Azatlygyň Türkmenbaşydaky habarçysynyň sözlerine görä, mekdep mugallymlary, barlag geçirýän polisiýa we howpsuzlyk gulluklarynyň wekilleri okuwçylaryň jübi telefonlaryny näme sebäpden ýygnaýandygyny we olarda näme gözleýändigini düşündirmeýärler.

Okuwçylaryň ene-atalary öz çagalarynyň ujypsyzja aragatnaşyk serişdeleriniň eden-etdilikli barlanmagyndan we ellerinden alynmagyndan nägile bolýarlar.

"Hökümet, kiber howpsuzlygy, MHM we polisiýa mekdep çagalarynyň VPN ulanýandygyna ynanýan we ökde haker, programist bolup ýetişmeginden howatyr bolýana meňzeýär" diýip Türkmenbaşynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Şol bir wagtda-da, türkmenbaşyly ene-atalar şeýle barlaglaryň şäheriň meşhur hasaplaýan №5, 10 we 13-nji mekdeplerde okuwçylaryň telefonlary barlamak çäreleriň tas geçirilmeýändigini belleýärler. Bu agzalan mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň köpüsi gurply maşgalalardan ýa-da wezipeli resmileriň çagalary.

"Şol mekdepleriň okuwçylary 25 - 30 müň manatlyk gymmat telefonlary ulanýarlar. Şol çagalara gadagançylyk ýok . Emma beýleki mekdeplerdäki garyp çagalar telefon ulansa olara haker bolmakda, pornografiýa maglumatlaryny görmekde, saklamakda, gadagan edilen saýtlary açmakda, Azatlygyň maglumatlaryny okamakda ýa-da onlaýn humar oýunlaryny oýnamakda şübhe bildirilýär. Çagalarymyzyň barlaglardan gözi açylmaýar" diýip, çagalary mekdepde okaýan türkmenbaşyly söhbetdeşimiz aýtdy.

Aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini gaty pes saklaýan we ilata internetiň elýeterliligini berk çäklendirýän ýurduň häkimiýetleri ulularyň we ýaşlaryň mobil telefonlaryny köpçülikleýin barlamak boýunça çärelerini yzly-yzyna geçirip durýar.

Soňky barlaglar ýurtda täze ýyl baýramçylygy sebäpli howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilýän wagtyna gabat geldi. Şeýle-de, türkmen ýaşlarynyň arasynda köçe toparlarynyň meşhurlygynyň artmagy ýakynda üns merkezine düşdi.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary soňky aýlarda paýtagtda we ýurduň beýleki şäherlerinde orta mekdep okuwçylarynyň arasynda köpçülikleýin ýakalaşyklaryň ýygy-ýygydan ýüze çykýandygyny habar beripdi. Azatlyk bilen gürleşen polisiýa işgärleriniň we ene-atalaryň köpüsi muny türkmen ýaşlarynyň arasynda meşhurlyk tapan “Ýigdekçäniň sözi” atly rus teleserialynyň köp görülmegi bilen baglanyşdyrdylar.

Marydaky polisiýa işgäriniň aýtmagyna görä, ýetginjekler filmi internetden ýükläp alýarlar we fleşkada öz arasynda paýlaşýarlar. Şeýle hem ýaşlar bu seriala aýry bir ýerlerde, şol sanda jaýlaryň ýerzeminlerinde jemlenip, topar bolup tomaşa edýärler.

Türkmen resmileri bu meseläni agzamadylar. Azatlygyň häkimiýet wekillerinden maglumat we pikir almak synanyşyklary netije bermedi.

Azatlyk bilen anonim gürleşen türkmenbaşyly mugallym häkimiýetleriň berk gözegçiligine garamazdan, ýapyk Türkmenistanda-da ýaş nesliň dünýädäki ösen tehnologiýalardan peýdalanmaga hem höwesli, hem-de ukyplydygyny belledi we soňky barlaglary häkimiýetleriň mundan howatyr bolmagynyň mümkindigini çak etdi.

Türkmenbaşyly ene-atalar mekdep okuwçylarynyň telefonlarynyň barlanmagynyň we käbir pursatda ellerinden alynmagynyň ýetip gelýän baýramçylyk duýgusyny puja çykarýandygyny aýdýarlar.

Bu aralykda şu ýyl türkmen häkimiýetleri adatdakysy ýaly başlan baýramçylyk bezeglerini, ilatyň hasabyna edilen esli çykdajylara garamadan, birden aýyrdylar. Şeýlelikde şäherlerde, şol sanda paýtagtda onlarça täze ýyl arçasy ýok edildi we sanlyjasy galdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG