Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda onlarça hususy dükan ýapyklygyna galýar


Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Görogly beg köçesiniň ugrunda ýapyklygyna galýan dükanlaryň biri. 30-njy noýabr, 2016 ý.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Görogly beg köçesiniň ugrunda ýapyklygyna galýan dükanlaryň biri. 30-njy noýabr, 2016 ý.

Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň Görogly beg köçesiniň ugrunda ýerleşýän hususy dükanlaryň onlarçasy indi iki hepde bäri ýapyklygyna galýar. Olaryň gapylary möhürlenip, dükanlaryň adyny ýa bolmasa söwda ugruny görkezýän ýazgylary hem aýrylypdyr.

Olaryň käbirlerinde ulag ýuwýan ýa-da bejerýän ussahanalar ýerleşen bolsa, käbirlerinde awtoulaglaryň ätiýaç şaýlary, dürli boýaglar ýa-da plastik penjireler satylýardy. Bu dükanlar Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna eden saparyndan bir hepde çemesi öň ýapylypdy.

Dükan eýeleriniň aýtmagyna görä, şu gün, ýagny 30-njy noýabrda, dükanlardan käbiri gaýtadan açyldy. Beýleki dükanlaryň näme sebäpden ýapyklygyna galýandygy we olaryň atlaryny görkezýän ýazgylaryň aýrylmagy barada anyk düşündiriş ýok.

“Men öz dükanymda ulag ätiýaçlyk şaýlaryny satýardym. Prezidentiň saparyndan öň dürli edaralaryň işgärleri gelip, dükany işletmek bolmaýar, belli bir wagtlyk ýapylmaly diýip duýdurdylar we dükanymyň gapysyny möhürläp gitdiler. Indem açjak bolsak, açmaga rugsat berenoklar. ‘Başlygyň karary esasynda ýapdyk’ diýýärler. Başga düşündiriş bermeýärler” diýip, özüni Sanjar diýip tanadan, 40 ýaşlaryndaky türkmenabatly söwdagär aýdýar.

Ýeri gelende aýtsak, il arasynda “Izmir” köçesi diýlip tanalýan Görogly beg köçesiniň ugrundaky dükanlaryň gapylaryndaky möhürli kagyzlaryň ýüzünde Türkmenabat şäher häkimliginiň ýa-da Serdarabat etrap häkimliginiň, tok edarasynyň, ýangyna garşy gullugyň, salgyt edarasynyň, keselleriň ýaýramagyna garşy göreş edarasynyň we dürli arçynlyklaryň wekilleriniň gollary goýlupdyr.

Dükanlar ýapyk, girdeji ýok...

Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna saparynyň tamamlananyna iki gün geçse-de, bu dükanlaryň işlemegine näme sebäpden rugsat berilmeýändigini anyklamak başartmady. Emma dükanlaryň iki hepde çemesi ýapyk bolmagy diňe dükan eýelerine däl, eýse ol ýerde işleýänleriň hem maddy ýagdaýyna ýaramaz täsir ýetirýär.

“Meniň gazanjym gündelik gelýän müşderiniň sanyna bagly. Men maşyn ýuwýan. ‘Prezident gelýär’ diýip, ýarym aý çemesi düzüwli iş bolmady. Şonuň üçin aýlyk gazanjam şoňa görä pese düşdi” diýip, özüni Rüstem diýip tanadan 30 ýaşlaryndaky türkmenabatly ildeşimiz aýdýar.

Dükan eýeleriniň käbirleri prezidentiň mundan ozalky saparlarynda, dükanlaryň iki-üç günlük ýapylyp, soňra açylandygyny aýdýarlar we bu gezekdäki ýagdaýyň geňdigini nygtaýarlar.

Hususy dükan eýeleri dükanlaryny ýapmaga mejbur bolýar

Ýeri gelende bellesek, Balkan welaýatynyň hem çetki obalarynyň ençemesinde hususy dükan eýeleriniň öz işini togtatmak derejesine ýetendigi barada habarlar gelip gowuşýar.

Ýatladyp geçsek, bu welaýatyň medeni zonadan alysda ýerleşýän Garaýylgyn, Kiçjikýazy, Kyrkýyllyk ýaly obalaryndaky döwlete degişli dükanlar bolsa garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýapylypdy.

Şu günlerde bu oblaryň adamlarynyň azyk we hojalyk harytlaryny satyn alyp biläýjek ýeke-täk söwda nokatlary bolan hususy dükanlara hem döwlet edaralary tarapyndan edilýän barlaglaryň artýandygy we olaryň dükan eýeleriniň bir ýyllyk gazanjyna golaý möçberde jerime salýandygy aýdylýar.

“Dükan eýeleri dükanlaryny ýapmak bilen bolýarlar ýa-da şolaryň [barlagçylaryň] geljekdigini eşitse, dükanlaryny bir hepde ýa-da on gün ýapyp goýýarlar. Sebäbi şol obalarda bolanymda, men dükan eýeleriniň käbirleri bilen söhbetdeş boldum. Olar “şolaryň saljak jerimesi meniň bir ýylda aljak girdejimden has ýokary” diýýärler. Şonuň üçinem dükan işletmegiň hiç hili many-mazmuny bolanok. Ýogsam, oba ýerinde iş ýok, obadaşlarymyz üçin dükan ýok. “Alyjy bar, ýöne uly jerimelerden, yrsaramalardan gaçyp, dükanymyzy ýapmaly bolýarys” diýip gürrüň berýärler” diýip, ýaňy-ýakynda Balkan welaýatyna sapar eden synçy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Hojalyk harytlary üçin 200 kilometr ýol sökülýär

Balkanyň çetki obalarynda hususy dükanlaryň doly ýa-da wagtlaýyn ýapylmagynyň ýerli ýaşaýjylara ýaramaz täsir ýetirýändigi, olaryň öz hojalyk harytlaryny satyn almak üçin, 200-250 kilometr çemesi ýoly söküp, etrap merkezlerine gitmeli bolýandygy aýdylýar.

“Olar juda erbet ýollardan, her tarapyna 200-250 kilometr, umumy hasapda 400-500 kilometr ýol geçip, aýdaly, bir-iki kilogram şeker ýa-da gant üçin gitmeli bolýarlar. Ýöne baran ýerlerinde-de harytlar tapylyp duranok. Onsoň, adamlar şol ýerlerde ýaşaýan dogan-garyndaşlaryna pul goýup gaýdýarlar ýa-da elin gidýän bir adamdan pul iberip, “gaýrat et-de, obamyza gaýtjak bir adamdan şu zatlary alyp ugratsyn” diýip haýyş edýärler. Uly kösençlik” diýip, synçy Bugaýew gürrüň berýär.

Türkmenistanda hususy dükanlaryň doly ýa-da wagtlaýyn ýapylýandygy ýa-da ýumrulýandygy barada Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna wagtal-wagtal maglumatlar gelip gowuşýar.

Şu ýylyň mart aýynda Aşgabadyň Garry Kulyýew köçesiniň ugrunda 20-ä golaý hususy dükan ýykylypdy. Maý aýynda hem, Aşgabadyň Parahat 1,2,3,4,5-nji we 6-njy etrapçalaryndaky ýarym-ýerzeminlerde ýerleşen azyk dükanlary ýapylypdy. Şonda paýtagtyň iň gür ilatly raýonlarynyň ençemesinde dükanlaryň uzakly gün ýapyk durmagyna şäher häkimiýetlerinden gelen ýörite görkezme sebäp bolupdy.

XS
SM
MD
LG