Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň Görogly beg köçesiniň ugrunda ýerleşýän hususy dükanlaryň onlarçasy indi iki hepde bäri ýapyklygyna galýar. Olaryň käbirlerinde ulag ýuwýan ýa-da bejerýän ussahanalar ýerleşen bolsa, käbirlerinde awtoulaglaryň ätiýaç şaýlary, dürli boýaglar ýa-da plastik penjireler satylýardy. Bu dükanlar Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna eden saparyndan bir hepde çemesi öň ýapylypdy.
Lebap: Onlarça dükan möhürlendi

1
Dükanlaryň gapylary möhürlenip, dükanlaryň adyny ýa bolmasa söwda ugruny görkezýän ýazgylary hem aýrylypdyr.

2
Dükan eýeleriniň aýtmagyna görä, şu gün, ýagny 30-njy noýabrda, dükanlardan käbiri gaýtadan açyldy.

3
Beýleki dükanlaryň näme sebäpden ýapyklygyna galýandygy we olaryň atlaryny görkezýän ýazgylaryň aýrylmagy barada anyk düşündiriş ýok.

4
Il arasynda “Izmir” köçesi diýlip tanalýan Görogly beg köçesiniň ugrundaky dükanlaryň gapylaryndaky möhürli kagyzlaryň ýüzünde Türkmenabat şäher häkimliginiň ýa-da Serdarabat etrap häkimliginiň, tok edarasynyň, ýangyna garşy gullugyň, salgyt edarasynyň, keselleriň ýaýramagyna garşy göreş edarasynyň we dürli arçynlyklaryň wekilleriniň gollary goýlupdyr.