Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen, özbek migrantlary Türkiýäniň deportasiýa merkezlerindäki ‘ýowuzlykdan’ şikaýat edýärler


Türkmen, özbek migrantlary Türkiýäniň deportasiýa merkezlerindäki ‘ýowuzlykdan’ şikaýat edýärler
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:44 0:00

Türkiýede saklanan türkmen we özbek zenan migrantlarynyň ençemesi Azatlyk Radiosynyň “Migrant-Media” proýekti bile söhbetdeşliklerinde Stambulyň etegindäki deportasiýa merkezinde özleriniň dürli sütemlere, şol sanda urgulara sezewar edilýändiklerini gürrüň berdiler. Olar deprotasiýa merkezlerindäki şertleriň hem ýaramazdygyny, iýmitiň kadaly berilmeýändigini we şahsy hajatlar üçin hammamlarda suwlaryň gaty hapadygyny bellediler. Bu baradaky ýagdaýlar boýunça mundan bir hepde ozal habar berlenden soň, Özbegistanyň Türkiýedäki konsulhanasy deportasiýa merkezindäki ýagdaýlara gözegçilik edýändigi mälim etdi. Şol bir wagtda, türkmen migrantlary Türkmenistanyň Türkiýedäki wekilhanalarynyň we diplomatlarynyň raýatlarynyň arz-şikaýatlaryna köp ýyllardan bäri üns bermeýändiklerini aýdyp gelýärler.

Wideo: Migrant-Media

Forum

XS
SM
MD
LG