Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen DIM-i: Hazarüsti taslamasynyň gurluşygyna päsgel berýän syýasy, ykdysady ýa-da maliýe sebäpler ýok


Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Belek" gaz gysyjy stansiýasynda Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşýar. 23-nji dekabr, 2015 ý. Arhiwden alyndy.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Belek" gaz gysyjy stansiýasynda Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşýar. 23-nji dekabr, 2015 ý. Arhiwden alyndy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 24-nji iýulda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat çap edip, Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň gurluşygynyň Hazar deňziniň düýbüniň çäkleriniň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda kesgitlenilmegine baglydygyny aýtdy. Daşary syýasat edarasynyň beýanaty Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýewiň, biraz öň, Hazarüsti taslamasynyň maliýe meselelerini gozgamagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Azerbaýjan metbugatyna görä, Aliýew 21-nji iýulda geçirilen bir media maslahatynda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyny maliýeleşdirjek taraplar mälim bolmazdan, taslamanyň durmuşa geçirilmegini sorag astyna aldy.

“Siziň hem oňat bilişiňiz ýaly, ýewropa banklary indi gazylyp alynýan ýangyç taslamalaryny maliýeleşdirmegi bes etdi” diýip, azeri prezidenti aýtdy.

“Şol sebäpden, bu babatda möhüm serişdeleri toplamak kyn bolar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Munuň yz ýany, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin çap eden beýanatynda Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň halkara goldawyna eýedigini, şeýle-de taslamany durmuşa geçirmek üçin hiç hili syýasy, ykdysady we maliýe päsgelçilikleriniň ýokdugyna ynanýandygyny aýtdy.

Şol bir wagtda, Türkmenistan Hazar deňziniň hukuk durumy boýunça 2018-nji ýylda kabul edilen Konwensiýanyň 14-nji maddasyna salgylanyp, taslamany durmuşa geçirmek üçin halkara hukuk binýadynyň bardygyny aýtdy.

“Şeýlelikde, häzirki wagtda Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda [deňziň-red.] düýbüniň çäkleriniň kesgitlenilmegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr” diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

Türkmenistan köpýyllyklaryň dowamynda özüniň ýangyç eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak tagallalarynyň çäklerinde, türkmen gazyny Hazarüsti gaz geçiriji taslamasy arkaly Ýewropa bazarlaryna ibermek ugrunda tagalla edýändigini aýdýar.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän “Methinks” energiýa howpsuzlygy barlag guramasynyň eksperti Jon Roberts 25-nji iýulda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda taslamanyň töwereginde peýda bolan türkmen beýanatynyň hem-de azeri prezidentiniň teswirleriniň, aslynda, bir ugra yşarat edýändigini we taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň potensialyny açyp görkezýändigini aýtdy.

Energetika bilermeni resmi beýanatlara iki jähetden çemeleşýär:

“Birinjilik bilen, türkmenler möhüm beýanat bilen Hazarüsti gaz geçirijisine gyzyklanma bildirýärler. Bu, megerem, iň möhüm, ähmiýetli waka bolup durýar. Biz köp wagtdan bäri Türkmenistanyň öz gazyny Günbatara, Ýewropa ibermek hyjuwlaryny beýan edýän şeýle beýanatlaryny görmändik” diýip, ekspert aýtdy.

Ikinjilik bilen, bilermene görä, Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine realist çemeleşýär we öz hakykatçyllygyny ýewropa banklarynyň gazylyp alynýan ýangyç serişdeleri bilen bagly taslamalary maliýeleşdirmegi bes etmegi bilen esaslandyrýar.

Ýöne, şol bir wagtda, Aliýew özüniň soňky teswirleri bilen Türkmenistana hyzmatdaşlyk teklip edýär we türkmen gazyny Ýewropa ýurtlaryna üstaşyr geçirmek üçin öz ýurdunyň häzirki bar bolan gaz geçiriji infrastrukturasyndan peýdalylmagyny, ýa-da täze gaz geçirijileri çekmek üçin ýerleri bölüp bermegi teklip edýär.

“Başga sözler bilen aýdylanda, Aliýew Türkmenistana [Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly iberiljek türkmen gazyny öz ýurdunyň üstünden geçirmek üçin] täze gaz geçirijilere derek, Azerbaýjanyň häzirki bar bolan gaz geçiriji infrastrukturasyndan peýdalanmagy ileri tutýan taslamany teklip edýär” diýip, ekspert aýtdy.

Mundan ozal, türkmen hökümeti Ýewropa ýurtlaryna ýylda 30 milliard kub mert türkmen gazyny ibermäge gyzyklanma bildirýändigini mälim edipdi. Ýöne britaniýaly ekspert häzirki bar bolan gaz geçiriji infrastrukturalary bilen munuň mümkin däldigini, üstesine köp mukdarda türkmen gazyny Azerbaýjandan aňry Ýewropa ibermek üçin täze gaz geçirijilere zerurlygyň bardygyny aýdýar. Ýewropa banklary bolsa gazylyp alynýan ýangyç serişdeleri bilen bagly täze iri taslamalary maliýeleşdirmeýär.

Muňa derek, britaniýaly bilermene görä, azeri prezidenti Türkmenistana kiçi göwrümli taslamany ileri tutmagy teklip edýär.

“Meniň pikirimçe, Aliýew soňky teswirler bilen Türkmenistana ‘siz iri taslamalary gurup bilmersiňiz’ diýýär, sebäbi şeýle taslamalary hiç kim maliýeleşdirmeýär. Ýöne Aliýew ‘biz size ýardam bereris diýýär, eger siz kiçi göwrümli taslamany durmuşa geçirmekçi bolsaňyz biz [gazy üstaşyr geçirmek üçin] öz desgalarymyzy berip bileris diýýär. Bu ýerde şeýle sorag bar: türkmenler kiçi göwrümli taslamalara gyzyklanma bildirýärmi?” diýip, ekspert aýtdy.

Ekspert Türkmenistandan Azerbaýjana çekiljek kiçi göwrümli Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň bahasynyň gaty gitse 500-600 million dollara barabar boljakdygyny we şeýle geçirijiniň üsti bilen ilkibaşda ýylda 5 milliard kub metr töweregi türkmen gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa iberip boljakdygyny, soňy bilen bu möçberi 12 milliard kub metre çenli çykarmagyň mümkindigini gürrüň berdi.

Tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän Türkmenistan häzirki wagtda özüniň daşary ýurtlara iberýän mawy ýangyjynyň agramly bölegini Hytaý ugry boýunça eksport edýär. Häkimiýetler ençeme ýyllaryň dowamynda ýurduň ýangyç eksport ugurlaryny köpeltmegi öňe sürüp gelýärler.

Maglumat üçin aýdylsa, türkmen we azeri bilelikdäki Iş topary soňky sapar 2023-nji ýylyň 24-25-nji ýanwar aralygynda Hazar deňziniň düýbüniň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky çäklerini kesgitlemek üçin Aşgabatda duşuşypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG