Türkmenistan bilen Azerbýjanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2024-nji ýylda 400 million amerikan dollaryna golaýlady diýip, “Türkmenportal” “Trend” neşirine salgylanyp ýazýar.
Azerbýjanyň Döwlet gümrük komitetiniň maglumatyna görä, Türkmenistanyň Azerbaýjana eksport eden harytlarynyň umumy bahasy 303 million 471 müň amerikan dollaryndan geçdi.
Ýöne Türkmenistanyň Azerbaýjandan import eden önümleriniň umumy bahasy 80 million 242 müň amerikan dollaryna deň boldy.
Şeýlelikde, iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygynyň 383,9 million amerikan dollaryna barabar bolandygy aýdylýar.
Türkmenistan daşary ýurtlara satýan we olardan satyn alýan önümleri barada ilata maglumat bermegi köplenç zerur hasaplamaýar.