Türkiýe iş gözleginde gidýän müňlerçe täjik migrantynyň ýurdy boldy. Olaryň käbirleri bu ýurtda diňe bir özüni tutmak bilen çäklenmän, eýsem beýleki watandaşlaryna-da iş orunlaryny döredip bildiler.
Mundan otuz ýyl ozal Täjigistanda graždanlyk urşy möwç urýan wagtynda, Zülfiýa iş gözläp, Türkiýä gidipdi, häzir bolsa ol işi üstünlikli barýan söwdagärlerden biri.
Ilki başda ol tikinçilik fabriklerinde işlemeli bolupdyr, soňra tanymal türk dükanlarynda has girdejili iş tapypdyr. Şeýdibem telekeçilik dünýäsine ýol açypdyr.
Zülfiýa häzirki derejesine ýetmegiň aňsat bolmandygyny boýun alýar. Sebäbi onuň aýtmagyna görä, telekeçilik işi mydama töwekgelli bolýar.
«Pandemiýa döwründe-de men işimi togtatmadym, Internet arkaly biznes gurnap, Internetiň üsti bilen adamlaryň tabşyrygyny aldym» diýip, Zülfiýa bütin ömrüniň ýarysyny bagyş eden işi barada gürrüň berýär.
Orsýetden we Gazagystandan soň, Türkiýe täjik graždanlaryna öz durmuşy üçin, işlemäge we söwda etmäge örän amatly ýurt. Resmi bolmadyk maglumatlara görä, bu ýurtda 10 müňe golaý täjigistanly ýaşaýar hem işleýär.
Söwdagär bolan mugallym
Mundan on iki ýyl ozal Firuza Haýdarowa Stambula barypdy, häzir ol belli türk kompaniýasynda işleýär. Kompaniýa Täjigistandan bolany, iş tejribesiniň ýeterlikdigi hem dil bilýändigi üçin, bu zenany saýlapdyr.
Ol Azatlyk Radionyň Täjik gullugy bilen gürrüňdeşlikde şeýle diýdi: «Men müşderileriň ähli haýyşlaryny yzarlaýaryn. Haýsy modeller bazarly, haýsy modeller has köp talap edilýär, men şol islegleriň ählisini öwrenýärin hem kompaniýa üçin bazar hasabatyny düzýärin, şeýdip, owadan egin-eşik kolleksiýasyny işläp taýýarlamaga ýardam edýärin».
Firuzanyň aýtmagyna görä, ol Stambul şäherine gelmezden öň, mekdepde matematika mugallymy bolup işleýän eken. Aýlyk ýetmezçilik edip başlan ýagdaýynda, ol iş gözlegine gitmegi ýüregine düwýär. «Meniň iki gyzym bar, olar ulaldygyça, ekläp-saklamak kynlaşyp başlady. Men biznes işine geçmäge mejbur boldum. Bütinleý ýat ýurda gitdim, gyzlarymyň hiç zada zar bolmazlygy, çagalarymyň ýokary bilim almagy üçin işledim» diýip, Firuza gürrüň berýär.
Onuň aýtmagyna görä, iňlis we türk dillerini gowy bilmegi oňa gowy iş tapmaga goşmaça ýardam edipdir. Firuza Haýdarowa her gezek aýallaryň üstünligini görende begenýändigini aýdýar. Kim öz biznes işine başlamak islese, oňa ýardam edýär hem olara ilkinji ädimlerinde gorkmazlygy maslahat berýär.
«Öz çöregimizi halal gazanýarys»
Türkiýede Täjigistandan gelen köp sanly işewür adam bar. Olaryň köpüsi söwda dükanlarynda işleýärler we gowy gazanç edýärler.
Şirinmoh – Türkiýedäki ýene bir täjik zenany. Russiýada onuň ogluny deportasiýa edenlerinden soň, işi başa barman, Türkiýede bagtyny synap görmegi ýüregine düwüpdir. Dört ýyl mundan ozal ol maşgalasy bilen Stambula gelýär.
Owal başda dil bilmezlik sebäpli kynçylyk döräpdir, kem-kemden ol türk dilini öwrenip başlapdyr. «Her işiň öz kynçylyklary bar, ýöne olary çözmegiň ýollary-da bar. Hudaýa şükür, keseki ýurtda ýaşasak-da, biz aýlyk alýarys, ýöne dogrusyny aýtsak, biz öz çöregimizi halal gazanýarys. Meniň hiç zada närazylygym ýok, oglum ýanymda» diýip, Şirinmoh aýdýar.
Kynçylyklaram ýeterlik
Şirinmohyň aýtmagyna görä, onuň işi diňe dükanda egin-eşik satmak bilen tamamlanmaýar. Ol telekeçi – täjik söwdagärlerinden Internet arkaly tabşyryk alýar hem olara haryt iberýär. «Elbetde, aňsat däl. Ilki bilen biz olara harydyň suratyny iberýäris. Eger makul bilseler, onda harydy iberýäris. Başga ýol ýok. Biz hem Internet bilen işleýäris, hem-de Duşanbeden haryt almaga gelýän söwdagärler bilen işleşýäris» diýip, ol sözüne goşýar.
Onuň bilen ýene-de şol dükanda dört sany ildeşi işleýär. Söhbetdeşimiziň aýtmagyna görä, bu oňa özüne ynam döredýär hem güýç berýär. Bu zatlaryň ählisiniň ýeterlik kynçylyklarynyň hem bardygyny aýdýar.
Merkezi Aziýa ýurtlaryna gowy hilli harytlaryň we egin-eşikleriň köpüsi, adatça, Türkiýeden lomaý söwda bazarynyň üstünden getirilýär, ýagny ol harytlar biziň gürrüňdeşlerimiziň we beýleki täjik zenanlarynyň işleýän ýerlerinden alynýar. Şoňa görä-de, olar müşderilere bolan garaýyş, olar bilen aragatnaşyk etmek özleri üçin uly jogapkärçilik döredýär diýip düşünýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum