ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Ukrainadaky we Gazadaky uruşlar ýatyşanyndan soň, Hytaý we Russiýa liderleri bilen bilen duşuşyp, harby çykdajylary azaltmak meselesini ara alyp maslahatlaşmak isleýändigini aýtdy. Ol bu niýetini Ak tamda, žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.
"Haçanda biz bu meseleleriň ählisini çözenimizden soň, men ilkinji duşuşyklarymyň birini Hytaýyň prezidenti Si we Russiýanyň prezidenti Putin bilen geçirmek isleýärin. Men olara: Geliň, öz harby býujetlerimizi iki esse kemeldeliň diýmek isleýärin” diýip, "Associated Press" habar gullugy onuň sözlerine salgylanyp habar berdi.
Şeýle-de, Tramp Hytaý we Russiýa bilen ýadro arsenallaryny kemeltmek baradaky gepleşikleri dikeltmek isleýändigini aýtdy. Ol bu niýetini Ak tamda Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi bilen bolan duşuşygynda aýtdy. "Bizde düýpden täze ýadro ýaragyny döretmek üçin hiç hili sebäp ýok" diýip, ABŞ-nyň prezidenti aýtdy.
Halkara strategiki barlaglar institutynyň (IISS) hasabatyna görä, 2024-nji ýylda Russiýanyň umumy goranyş çykdajylary hakyky manysynda 42% ýokarlandy we 13,1 trillion rubl (462 milliard dollar) boldy. Bu çykdajylar 2025-nji ýylda ýene 13,7% ýokarlanar we 15,6 milliard rubla ýeter.
Bu jemi içerki önümiň 7,5% -ine ýa-da Russiýanyň federal çykdajylarynyň 40% -ine deň harby çykdajy ediljekdigini aňladýar.