3-nji iýunda irden Mary welaýatynyň sebit merkezinde welosipedli ýörişlere mejbury çekilen käbir býujet işgärleri çäräniň dowamynda saglyk problemalaryny başdan geçirdi.
“Tas ýüregim agzymdan çykypdy” diýip, mejbury ýörişe gatnaşan bir býujet işgäri çäreden soňra, Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
“Howa yssy, bagyň kölegesinde otursaň, demiňi zordan alyp bolýar” diýip, beýleki bir býujet işgäri aýtdy.
Mary şäherinde 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin tigir ýörişi geçirildi. Şäheriň Kemine we Mollanepes köçelerinde gurnalan çärä ýokary okuw jaýynyň talyplary, döwlet edara-kärhanalarynyň, şol sanda bilim we terbiýeçilik edaralarynyň, saglygy goraýyş pudagynyň esasan ýaş işgärleri mejbury çekildi. Her bir edaradan takmynan üç-dört işgär tigirli ýörişe gatnaşdyryldy.
Ýöriş Kemine köçesinden badalga aldy we Mollanepes köçesinde tamamlandy.
Howanyň temperaturasy Mary welaýatynda duşenbe güni 36 gradusa çenli ýokarlandy. Ýörişe gatnaşan käbir býujet işgärleri aglyk problemalaryndan şikaýat etdi.
“Adamlar, adat bolşy ýaly, irden sagat 7:00-da Kemine köçesiniň başlanýan ýerindäki badalga nokadynda jemlendiler. Adamlar jemlenip, ýola düşýänçäler sagat 8:00 bolup geçdi. Howa gyzyp başlady. Biz Mollanepes köçesinde gurnalan pellehana baryp ýetýänçäk, sagat 10 bolup geçdi. Yssy howada welosiped sürmek agyr degdi. Demiň demiňe zordan ýetýär, biz bolsa, pedal aýlap, uzak aralygy geçmeli bolduk. Biziň aramyzda welosiped sürüp, huşuny ýitirenler hem boldy. Tiz kömek işgärleri olaryň burunlaryna bir ýakymsyz ys ysgadyp, huşuna getirdi. Soňra bize haýaljak sürüp, dem-dynç almaga rugsat berdiler” diýip, ýörişiň dowamynda saglyk problemasyny başdan geçiren bir býujet işgäri gürrüň berdi. Çärä gatnaşanlaryň arasynda burunlary ganan býujet işgärleri hem boldy.
Olar şeýle çäreleriň howa gyzmazdan ozal, irden 5:00-6:00 aralygynda geçirilmegi boýunça isleglerini beýan etdiler.
3-nji iýunda ýurduň beýleki sebitlerinde hem welosipedli ýörişler geçirildi. Döwlet metbugatyna görä, Aşgabatda geçirilen tigirli ýörişe prezident Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Galyberse-de, golaýda açylyp ulanylmaga berlen awtobanyň Mary – Tejen – Aşgabat böleginde, takmynan 335 kilometr aralykda, welamarafon hem geçirilipdir.
BMG-niň Baş Assambleýasynda türkmen hökümetiniň başlangyçlary boýunça Bütindünýä welosiped güni yglan edilen 3-nji iýun Türkmenistanda we daşary ýurtlarda hereket edýän türkmen wekilhanalarynda giňden bellenip geçilýär.
Häkimiýetler Bütindünýä welosiped gününde mejbury welosipedli ýörişleri guramalaşdyrýarlar.
Aşgabatda bu sene mynasybetli “Welosiped” binasy guruldy. Şeýle-de, Türkmenistanda 2018-nji ýylda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýöriş “iň köp adamly welosiped sapagy hökmünde”, şeýle-de 2019-njy ýylda Aşgabatda geçirilen beýleki bir ýöriş “iň dowamly we bir nyzamly geçirilen welosipedli ýöriş” hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
Döwlet mediasy bu çäreleri sagdyn durmuş ýörelgeleri hökmünde wagyz edýär, ýöne mejbury çärelerde burny ganaýan, huşuny ýitirýän adamlar barada habar bermeýär.
Türkmen häkimiýetleri 2020-nji ýylda tutuş dünýäde koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda karantin çäklendirmeleri girizilýän mahaly hem, köpçülikleýin welosiped ýörişlerinden dänmedi. Pandemiýanyň fonunda ýurduň paýtagtynda we sebitlerinde köpçülikleýin tigirli ýörişler geçirildi.
Şeýle welosipedli ýörişler Türkmenistanda ýylda iki gezek, 3-nji iýun – Bütindünýä welosiped gününde we 7-nji aprel – Bütindünýä saglyk gününde geçirilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum