Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki “Täze dünýä” bazarynyň telekeçileri häkimiýetleriň bu ýerde hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri söwdany gadagan etmegine nägilelik bildirýärler.
Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan söwdagärleriň ençemesi bu gadaganlygyň ozal hem öwerlikli bolmadyk söwdanyň derejesiniň has-da pese gaçmagyna getirendigini aýdýarlar.
“Mundan iki aý çemesi ozal häkimiýetler şenbe we ýekşenbe günleri söwda etmegi duýdansyz gadagan etdiler. Bazar resmileri munuň sebäbini düşündirmediler. Bu günler söwda ýok” diýip, türkmenabatly telekeçi gürrüň berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, telekeçileriň bu gadagançylygyň sebäbi bilen gyzyklanyp, ýerli söwda edarasyna eden ýüzlenmeleri hem oňyn netije bermedi.
Köp telekeçiniň pikirine görä, döwlet emeldarlary bu gadaganlyk esasynda şäheriň iň uly söwda nokady hasaplanýan we mundan 10 ýyl çemesi ozal açylyp ulanylmaga berlen bu bazara gelýän alyjylary şäheriň beýleki bazarlaryna çekmäge çalyşýarlar.
“Sebäbi olaryň şol bazarlarda tanyş-bilişleri ýa-da garyndaşlary bolup, olar bu söwdany bilelikde amal edýärler. Şenbe we ýekşenbe iň gelim-gidimli günler, söwdanyň iň gyzgalaňly bolýan günleri hasaplanýar. Şol sebäpli olar bu günlerde söwdany gadagan etdiler. Ýogsam bolmasa, bazar diýlende, esasan şenbe we ýekşenbe günleri göz öňüňe gelýär” diýip, bazardaky başga bir telekeçi aýtdy.
Azatlygyň bu barada sebitiň söwda edarasyndan we agzalýan bazaryň administrasiýasyndan telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Telekeçiler gadagançylygyň ozal hem öwerlikli bolmadyk söwdanyň derejesiniň has-da pese gaçmagyna getirendigini we köp söwdagäriň maddy zyýan çekýändigini aýdyp, sebit häkimiýetlerine nägilelik bildirýärler.
“Ozalky "Dünýä" bazary ýykylyp, onuň deregine şäheriň çetinde bu bazar açylansoň, bazaryň ýeriniň amatsyzlygy, ýagny şäheriň merkezinden uzakda ýerleşýändigi zerarly, onsuz hem alyjy az gelýärdi we şol sebäpli söwdamyz hem gowy däldi. Gadaganlyk zerarly, indi söwda tas ýok diýen ýaly” diýip, telekeçi belledi.
Ol şäheriň merkezinden bazara hepdäniň käbir günlerinde diňe üç, beýleki günlerinde bolsa iki gezek awtobus gelýändigini we munuň ýeterlik däldigini hem aýdýar.
“Häkimiýetler bu awtobus gatnawlarynyň sanyny hem artdyrmaly. Sebäbi ýaşaýjylar awtobus gatnawynyň ýeterlik däldigi zerarly, taksä münüp bu bazara geleninden şäheriň merkezindäki bazarlara, şol sanda 5-nji bazara gidenlerini eý görýärler” diýip, telekeçi sözüne goşdy.
Telekeçileriň sözlerine görä, häzir “Täze dünýä” bazarynyň käbir söwdagärleri şenbe we ýekşenbe günleri gizlin söwda edip, “bu çykgynsyz ýagdaýdan baş alyp çykmaga” çalyşýarlar.
"Bu söwdagärler öz tanyş alyjylaryny bazara gizlin salyp, haryt satýarlar" diýip, bazardaky telekeçileriň biri aýtdy.
2014-nji ýylda Türkmenabadyň “Dünýä” bazary ýykylandan soň, onuň deregine şäheriň merkezinden 15 kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýän “Täze dünýä” bazary açyldy. Öňki “Dünýä” bazarynyň deregine welaýat hassahanasy guruldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum