Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentiniň kasam kabul ediş dabaralary ýurduň taryhynda döwletiň täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýan esasy syýasy çäredir. Kapitolyň basgançagynda dabaraly kasamdan başlanyp, müňlerçe adamyň gatnaşmagyndaky dabara hem şowhunlar bilen bezelip, her bir açylyş dabarasy deňsiz-taýsyzdyr. Olaryň käbiri öň görülmedik howpsuzlyk çäreleri, käbiri bolsa tomaşanyň ululygy we milli agzybirligi bilen ýatda galýar. Amerikanyň prezidentiniň her bir inaugurasiýa dabarasynyň iň esasy pursady Mukaddes Kitaba kasam etmek saýylýar.
Soňky 100 ýylyň içinde, ABŞ-nyň prezidentleriniň kasam kabul ediş dabaralary nähili geçdi. Fotosergi
![Prezident Kelwin Kulija (baş maşynyň arka kürsüsinde başy açyk) 1925-nji ýylyň 4-nji martynda ikinji kasam kabul ediş dabarasyndan soň, dabaraly kerwen bilen barýar. Dabaraly çäreler ilkinji gezek milli radioda ýaýlyma berildi. Bu bolsa 23 milliona golaý amerikalylara täze prezidentiň çykyşyny diňlemäge mümkinçilik döretdi.](https://gdb.rferl.org/a95019bc-0c0f-45b1-a4b6-13f6c52e6ad5_w1024_q10_s.jpg)
1
Prezident Kelwin Kulija (baş maşynyň arka kürsüsinde başy açyk) 1925-nji ýylyň 4-nji martynda ikinji kasam kabul ediş dabarasyndan soň, dabaraly kerwen bilen barýar. Dabaraly çäreler ilkinji gezek milli radioda ýaýlyma berildi. Bu bolsa 23 milliona golaý amerikalylara täze prezidentiň çykyşyny diňlemäge mümkinçilik döretdi.
![1929-njy ýylyň 4-nji martynda prezident Herbert Guweriň inaugurasiýa çykyşyny diňlemek üçin, Kapitol meýdanynda we üçeklerde ýygnan märeke. Inaugurasiýa dabarasynyň senesi ilkibaşda 4-nji marta bellenildi, emma 1933-nji ýylda Konstitusiýa girizilen düzedişe laýyklykda, geljekde dabaralaryň geçirilmegi 20-nji ýanwara bellenildi.](https://gdb.rferl.org/e27d7c68-9c24-44f4-afb8-3e67f7fd4c8e_w1024_q10_s.jpg)
2
1929-njy ýylyň 4-nji martynda prezident Herbert Guweriň inaugurasiýa çykyşyny diňlemek üçin, Kapitol meýdanynda we üçeklerde ýygnan märeke.
Inaugurasiýa dabarasynyň senesi ilkibaşda 4-nji marta bellenildi, emma 1933-nji ýylda Konstitusiýa girizilen düzedişe laýyklykda, geljekde dabaralaryň geçirilmegi 20-nji ýanwara bellenildi.
Inaugurasiýa dabarasynyň senesi ilkibaşda 4-nji marta bellenildi, emma 1933-nji ýylda Konstitusiýa girizilen düzedişe laýyklykda, geljekde dabaralaryň geçirilmegi 20-nji ýanwara bellenildi.
![Ýaňy wezipesine başlan prezident Franklin Delano Ruzwelt (ortada, ala galstukly) 1933-nji ýylyň 4-nji martynda aýaly Eleanora we ogly Jeýms bilen Ak tama gelýär. Prezident 1933-1945-nji ýyllar aralygynda, öň görülmedik dört möhlete gulluk eder. 1951-nji ýylda Konstitusiýa girizilen düzediş mümkin bolan prezidentlik möhletiniň çägini iki möhlete getirdi.](https://gdb.rferl.org/c4b6a0f9-07b7-4288-9e0d-804fa0d2fd16_w1024_q10_s.jpg)
3
Ýaňy wezipesine başlan prezident Franklin Delano Ruzwelt (ortada, ala galstukly) 1933-nji ýylyň 4-nji martynda aýaly Eleanora we ogly Jeýms bilen Ak tama gelýär. Prezident 1933-1945-nji ýyllar aralygynda, öň görülmedik dört möhlete gulluk eder.
1951-nji ýylda Konstitusiýa girizilen düzediş mümkin bolan prezidentlik möhletiniň çägini iki möhlete getirdi.
1951-nji ýylda Konstitusiýa girizilen düzediş mümkin bolan prezidentlik möhletiniň çägini iki möhlete getirdi.
![Prezident Garri Truman 1949-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda Kapitola ýygnanan mähellä ýüzlenýär. Bu çykyşdan soň Trumanyň ýeke-täk doly möhletlik prezidentlik wezipesi başlandy. Ruzwelt ýolbaşçy wagtynda, ol wise-premýer bolup işledi we 1945-nji ýylyň aprel aýynda Ruzwelt aradan çykandan soň, premýer-ministrlik wezipesiniň gysgaldylan birinji möhletine ýolbaşçylyk etdi. ](https://gdb.rferl.org/e8577482-b9fa-484e-890b-7c69a81a0e14_w1024_q10_s.jpg)
4
Prezident Garri Truman 1949-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda Kapitola ýygnanan mähellä ýüzlenýär.
Bu çykyşdan soň Trumanyň ýeke-täk doly möhletlik prezidentlik wezipesi başlandy. Ruzwelt ýolbaşçy wagtynda, ol wise-premýer bolup işledi we 1945-nji ýylyň aprel aýynda Ruzwelt aradan çykandan soň, premýer-ministrlik wezipesiniň gysgaldylan birinji möhletine ýolbaşçylyk etdi.
Bu çykyşdan soň Trumanyň ýeke-täk doly möhletlik prezidentlik wezipesi başlandy. Ruzwelt ýolbaşçy wagtynda, ol wise-premýer bolup işledi we 1945-nji ýylyň aprel aýynda Ruzwelt aradan çykandan soň, premýer-ministrlik wezipesiniň gysgaldylan birinji möhletine ýolbaşçylyk etdi.