Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentiniň kasam kabul ediş dabaralary ýurduň taryhynda döwletiň täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýan esasy syýasy çäredir. Kapitolyň basgançagynda dabaraly kasamdan başlanyp, müňlerçe adamyň gatnaşmagyndaky dabara hem şowhunlar bilen bezelip, her bir açylyş dabarasy deňsiz-taýsyzdyr. Olaryň käbiri öň görülmedik howpsuzlyk çäreleri, käbiri bolsa tomaşanyň ululygy we milli agzybirligi bilen ýatda galýar. Amerikanyň prezidentiniň her bir inaugurasiýa dabarasynyň iň esasy pursady Mukaddes Kitaba kasam etmek saýylýar.
Soňky 100 ýylyň içinde, ABŞ-nyň prezidentleriniň kasam kabul ediş dabaralary nähili geçdi. Fotosergi

5
1953-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda inaugurasiýa dabarasy geçirilende, Monty Montanaly at çopany prezident Duaýt D. Eýsenhaweriň üstüne kement oklap, gülki döretdi. Eýsenhawer ABŞ-nyň prezidentiniň wezipesine doly iki möhletde hyzmat etdi.

6
Prezident Jon Kennediniň (başky ulagda başy açyk barýar) hormatly kerweni 1961-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda kasam kabul ediş dabarasyndan soň, Amerikanyň baş köçesi Pensilwaniýa awene golaýlaşyp barýar. Kennedi 1963-nji ýylyň noýabr aýynda atylyp öldürildi.

7
Lindon B. Jonson 1965-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda ABŞ-nyň 36-njy prezidenti hökmünde kasam edýär. Onuň üçin kasam kabul edişlik Kennediniň öldürilmeginden soň, wezipä gireninden bäri ikinji gezek bolýar.

8
Täze prezident Riçard Nikson (çepde) maşgalasy bilen 1969-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda, öňki prezidenti Jonsonyň maşgalasy bilen görüşýär. Nikson Ak tama iki gezek saýlansa-da, Watergate masgaraçylygyndan soň, ikinji möhletiniň ortasynda wezipesinden çekildi.