Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şaly oragynda emeldar, barlykly ýer eýeleri ileri tutulýar


Özbaşdak şaly ösdürip ýetişdirýän daýhan hojalyklary bu ekiniň has köp düşewünt getirýändigini aýdýarlar. (Arhiw suraty)
Özbaşdak şaly ösdürip ýetişdirýän daýhan hojalyklary bu ekiniň has köp düşewünt getirýändigini aýdýarlar. (Arhiw suraty)

Şu günler Lebap welaýatynyň şaly meýdanlarynda orak möwsümine girişilýär. Hasyl ýygnamak üçin zerur bolan kombaýnlaryň üpjünçiliginde “täsirli” ýer eýeleri ileri tutulýar. Sada şalyçylar özlerine degişli kärende ýerlerinde hasyl ýygnamak işleriniň gijikdirilýändigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji oktýabrda sebitden habar berdi.

“Şaly hasyly wagtynda ýygnalmasa hasyl çüpreýär. Giç ýygnalan hasyldan alnan bürünjiň hili pes bolýar” diýip, şaly ösdürip ýetişdirýän bir kärendeçi aýdýar we kombaýn üpjünçiliginde emeldar we barlykly ýer eýeleriniň şaly meýdanlarynyň ileri tutulýandygyny aýdýar.

Habarçymyzyň toplan maglumatlaryna görä, sebitde döwlet tabşyrygy esasynda şertnamalaýyn şaly ösdürip ýetişdirýän sada kärendeçiler we daýhan birleşiklerinden ekerançylyk ýerlerini wagtlaýyn kärendesine alyp, hasyl ýetişdirýän barlykly hojalyklar bar.

Ýerli kärendeçilere görä, daýhan birleşikleri hasyl möwsüminde täsirli adamlaryň, emeldarlaryň we barlykly hojalyklaryň şaly ýerlerine ilkinji nobatda kombaýn girizýär, döwlet tabşyrygy esasynda ösdürilip ýetişdirilen şaly meýdanlarynda hasyl ýygnamak işleri gijikdirilýär.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan birnäçe kärendeçi hasyl ýygnalanda ileri tutulýan ýer eýeleriniň hemmelerden öňürti kombaýnlara eýe bolmak üçin, ýerli häkimiýetlere para berýändiklerini aýdýarlar.

Üstesine, daýhanlar döwlet tabşyrygy esasynda şertnamalaýyn şaly ösdürip ýetişdiren sada kärendeçileriň hasylynyň tutuşlygyna döwlete satylýandygyny, daýhan birleşikleri bilen ylalaşyp döwletiň kärende ýerlerinden peýdalanýan emeldarlaryň alan hasylynyň bolsa, bazarlarda erkin satylýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy mundan ozal hem Lebap welaýatynyň şaly meýdanlarynyň paýlanyşygynda barlykly ýer eýerleriniň “möhüm şärikliginiň” ileri tutulýandygyny habar beripdi.

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň oba hojalyk möwsüminde ýurt boýunça 18 müň 300 gektar meýdana şaly ekilip, 81 müň 400 tonna şaly hasyly ýygnaldy.

Özbaşdak şaly ösdürip ýetişdirýän daýhan hojalyklary bu ekiniň, döwlet tabşyrygyna girýän gowaça we bugdaý ýaly oba hojalyk ekinleri bilen deňeşdirilende, has köp düşewünt getirýändigini aýdýarlar.

Şaly ekini köp suw talap edýär. Oba hojalyk hünärmenleri bir kilogram tüwini öndürmek üçin 5 tonna töweregi suw serişdesiniň sarp edilýändigini aýdýarlar. Türkmenistan klimat krizisi bilen bagly dowam edýän global aladalaryň arasynda, hususan-da, soňky birnäçe ýyl bäri wagtal-wagtal suw ýetmezçiligini başdan geçirýär.

Türkmenistan tüwini esasan daşary ýurtlardan import edýär. Türkmenistanyň Gümrük gullugy tüwi importlaryndan gümrük pajyny almaýar. 2021-nji ýyla çenli elýeterli bolan barlag maglumatlaryna görä, iki ýyl ozal Türkmenistan daşary ýurtlardan import edýän tüwüsiniň agramly bölegini, 76,6 göterimini Hindistandan, 9,65 göterimini Birleşen Arap Emirliklerinden, 8,67 göterimini Pakistandan we 5,04 göterimini Russiýadan import edipdir.

Hindistan dünýäde iň iri tüwi öndüriji ýurtlaryň hatarynda bolup, Türkmenistanyň goňşusy Özbegistanda hem her ýylda ýüzlerçe müň tonna tüwi öndürilýär.

Türkmenistan-da, Özbegistan-da ekerançylykda Amyderýanyň suwundan peýdalanylýar.

Mundan ozal, tomus aýlarynda Lebap welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir şalyçy daýhan hojalygynyň eýesi iki hasyl möwsüminden ep-esli girdeji gazanmagyň mümkindigini gürrüň berdi.

Ýöne sada kärendeçiler özleriniň ösdürip ýetişdiren hasylynyň kombaýn ýetmezçiligi sebäpli wagtynda ýygnalman, zaýa bolmagyndan gorkýandyklaryny aýdýarlar.

Şaly hasylyny ýygnamak üçin daýhan birleşikleriň ýolbaşçylaryna we arçynlara nagt pul geçirýän hojalyklaryň şaly hasyly “hiç hili päsgelçiliksiz ýygnalýar” diýip, ýerli daýhan aýdýar.

Şaly ekini ýurduň günbatar sebitlerinde iýunyň ikinji ýarymynda, demirgazyk sebitlerde apreliň soňky hepdesinde we maý aýynda ekilýär. Hasyl güýz aýlarynda ýygnalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG