Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türkmen analitigi, "Saglyk programmasynyň" we "Progres" fondunyň esaslandyryjysy Aýnabat Ýaýlymowanyň pikiriçe, feminizm, Annasoltan Kekilowa meselesinde türkmenistanlylaryň arasynda esasan iki sany reaksiýa bar: olaryň birinjisi – 'ine, gürleseň, pikiriňi aýtsaň, Kekilowa ýaly bolarsyň, olar seni öldürerler' diýýänleriň pozisiýasy; ikinjisi - “onuň erkin şahsyýet, şahyr bolmagyndan hyjuwlanýan adamlaryň gaty az bolmagy".
Ýöne, Kekilowanyň ýaşan döwründen tapawutlylykda, türkmenistanlylar bu gün formal taýdan garaşsyz ýurtda ýaşaýarlar we soňky onýyllyklarda daşary ýurtlara çykan, soň sanda öňki sowet giňişliginde bolýan özgerişlikleri görýän, bilýän, ýurtdaky ýagdaý barada pikir edýän, social ulgamlarda, özara gürrüňçiliklerde pikirini aýdýan, iň bolmanda ozal aýdylmadyk pikirleri ýaňzydýan erkekler, aýal-gyzlar az hem bolsa bar.
Mysal üçin, 2019-njy ýylda bir türkmenistanly (Merjen Saparowa) twitterde “Biz turkmen gelini. Ayal, dunyadaki feminizm we human rights meselelerini bir gyra ayyryp, ilki seretmeli meselamiz shu. (Turkmen dale, “sovremennyy” mashgala cykanlar muna degisli dal bolmagy mumkin). Yone turkmen gelini “baran yeri bn bolmaly” filosofiyasy bn hereket edya.”
Elbetde, bu meselede pikirini aýdýan türkmenler başaga-da bar we, belki, olar barada soň aýratyn gürrüň ederis. Ýöne özüni “стервелла” (@vepayevna) diýip atlandyran twitter ulanyjynyň pikiri ýokarda agzalan filosofiýanyň indi ‘biraz könelendigini yşarat edýär.
“Feministlik naçe öne sürülsede, entekler günümizde, yeke gyz bolup adamlar bn işleşmek juda kyn. Hem iş gurjak bolyaň, hem arañdaky çyzgyny belli edip orta yol tapjak bolyañ. Köplenjem garshydakyñ niyeti bashgacha bolup chykyar…” diýip, Sterwella bu meselä, ýagny Annasoltan Kekilowany göreş meýdanyna çykaran ýagdaýa göz ýummagyň kyndygyny tassyklaýar.
Şol bir wagtda, feminist şahyr meselesinde bolşy ýaly, ol “Yöne barde de yene güna gyz çagadan çykyar” diýip ýazýar.
Türkmen jemgyýetinde aýal-gyzlaryň hukuklary, hukuklaryň diňe kagyz ýüzünde däl, durmuşda hem deň bolmalydygy baradaky pikirler soňky döwürde sosial ulgamlarda peýda bolýan dürli kliplerde, wideolarda, aýdymlarda hem görünýär.
Has dogrusy, Türkmenistanda we onuň daşynda türkmenistanly aýal-gyzlaryň urlup-ýenjilip, öz mertebesini gorap bilmän, dolandyryjy gatlagyň we konserwatiw pikirli adamlaryň barha güýçlenýändigi aýdylýan basyşy astynda çäresiz ýaşamagyna nägilelik bildiresi gelýän adamlar, haksyzlygyň, ykdysady kynçylyklaryň we garyplygyň çuňlaşmagy bilen, barha köpeljege çalym edýär.
Şu we beýleki ýagdaýlar barada analitik Aýnabat Ýaýlymowa bilen guralan söhbetdeşligi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Forum