Russiýanyň S7 awiakompaniýasy 9-njy ýanwardan bäri Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky uçar gatnawynyň sanyny hepdede 5-den 7-e çenli köpeltdi diýip, “Turkmen.News” neşiri TASS habar gullugyna salgylanyp habar berýär.
“Türkmenistan Howaýollarynyň” geçen ýylyň dekabr aýynyň aýagyndan 31-nji ýanwara çenli Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky uçar gatnawyny togtatmagy bilen, S7 bu ugurdaky ýolagçy gatnawyny 15-nji ýanwardan başlap hepdede 9 gezege ýetirmegi meýilleşdirýär diýip, habarda aýdylýar.
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky wizasyz gatnaşygyň ýatyrylmagy netijesinde, ozal Türkiýä ýykgyn eden zähmet migrantlarynyň köpüsiniň, rus-ukrain urşy bilen bagly aladalara garamazdan, barha kän Russiýa gitmäge çalyşýandygy, bu ýagdaýyň Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň öňünde uzyn nobatlary, şol sanda parahorlugy döredýändigi habar berilýär.