Russiýada Täjigistandan bolan migrantlaryň köpçülikleýin tussag edilmegi syýasy kampaniýa meňzeýär. Ýöne onuň maksady näme?
Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda, Russiýada täjik migrantlarynyň tussag edilmegi baradaky maglumatlar rus habarlarynyň adaty bölegine öwrüldi. 30-njy maý güni irden Moskwanyň "Mitino" metro stansiýasynyň golaýynda, onlarça täjik raýatynyň nobatdaky tussag astyna alnyşy baradaky habar endige öwrülen hereketiň dowamy ýaly görünýär.
Täjigistanyň Orsýetdäki ilçihanasy saklananlaryň arasynda, Orsýetde bolýan beýleki ýurtlaryň, hatda Russiýa Federasiýasynyň graždanlarynyň hem tussag edilendigini aýtsa-da, barlag işleri esasan Täjigistanyň raýatlaryna degişli bolupdyr. Russiýa tarapy bu çäreler hakda, resmi derejede dymýar, bu bolsa ýygy-ýygydan geçirilýän "barlaglaryň" niýeti barada çaklamalara sebäp bolýar.
Moskwa adatça resmi Duşanbeniň özüni alyp barşyndan närazylyk bildirýän täjik migrantlaryna aýratyn üns berýär. Nähili-de bolsa, soňky bolup geçýän wakalar hökümete golaý toparlaryň hiç bir beýanaty ýa-da rus mediasyndaky maglumat kampaniýasy bilen utgaşmaýar.
Basyşmy ýa-da gorkuzmak?
Garaşsyz syýasy bilermen Parwiz Mullojanow bu bolýan zatlary Täjigistany Ýewroaziýa Ykdysady Bileleşige (ÝAYB) goşulmaga mejbur etmek maksady bilen amala aşyrylýan kampaniýa hasaplaýar. Bilermeniň çaklamasyna görä, Emomali Rahmonyň Moskwa soňky saparynyň dowamynda, ýagny Ýeňiş baýramyny bellemek dabarasyna baranda, Täjigistan tarapyna şeýle teklip edilen bolmagy mümkin.
«Şeýle giň gerimli we ägirt uly hüjümler adatça 2011-nji ýyldan bäri amala aşyrylmandy, şol ýyl rus uçarmanlarynyň saklanyp, olara garşy iş gozgalanda, Täjigistandan bolan migrantlar nazarda tutulypdy» diýip, syýasy bilermen aýdýar. Onuň sözlerine görä, adamlary gabawa salmagyň amala aşyrylan ýerlerinde, Täjigistandan gelenlerden başga, GDA ýurtlarynyň raýatlary hem ýaşaýarlar, emma bu hüjümler olara täsir etmändir.
Munuň barysy nämeden başlandy?
Täjigistanly migrantlara garşy geçirilýän gabawlar hem barlaglar Moskwa sebitiniň Kotelniki şäherçesiniň ýaşaýjylarynyň Täjigistandan gelen migrantlardan nägile bolan ýüzlenmesi wideo habarynda ýaýrandan soň başlandy.
Bu wakadan birnäçe gün öň, Amur boýundaky Komsomolsk şäheriniň Tehniki uniwersitetinde okaýan Täjigistandan bolan studentler özleriniň ýatakhanasyna hüjüm eden OMON polisiýasy tarapyndan köpçülikleýin urlup-ýenjilendigini habar berdiler.
Sosial ulgamlarda täjik migrantlarynyň elleri arkasynda halda, stadiona eltilýändigini görkezýän wideo ýerleşdirildi. Olar ýaşamak düzgünlerini bozanlykda, ownuk huligançylykda hem-de polisiýa işgärleriň buýrugyna gulak asmazlykda aýyplandylar.
Orsýetiň habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, migrantlar stadionda oýnap ýören mekdep okuwçylaryny ol ýerden kowup, özleri futbol oýnamaga başlapdyrlar. Interfaks habarlar agentligi polisiýanyň 49 migranta garşy protokol taýýarlandygyny habar berdi.
Ýokardan buýrukmy ýa-da öňüni alyş çärelerimi?
Russiýanyň ministrlikleriniň biriniň wekili bilen Azatlygyň Täjik gullugy söhbetdeş bolanda, bu kampaniýanyň resmi Duşanbe basyş etmek maksady bilen amala aşyrylýandygy baradaky çaklamalary ýalana çykardy. Onuň sözüne görä, Russiýanyň territoriýasynda özlerini arkaýyn duýýan Täjigistandan gelenleriň sanynyň artmagy sebäpli, migrantlaryň gysylmagy jenaýatçy toparlaryň "tabşyrygy" bolup biler. Şol bir wagtda, Täjigistandan bolup, Russiýanyň graždanlygyny alýan täjik migrantlarynyň sany barha artýar.
2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Täjigistanyň 44 müň 854 graždany, ýagny her günde 500 çemesi adam Orsýetiň tebigy raýaty boldy. Orsýetdäki täjik migrantlarynyň sany resmi Duşanbe bilen Moskwanyň arasynda, dartgynly ýagdaýda bolmagynda galýar, dürli çeşmelere görä, ol iki milliona golaý raýat bolup bilýär.
Migrasiýa meseleleri boýunça ekspert Kerim Aliýew häzirki wagtda bolan gysyşlary migrasiýanyň artmagynyň faktorlary bilen baglanyşdyrýar.
«Bu hüjümler, esasan, psihiki maksatlar üçin bolup biler. Şeýle etmek bilen güýç ulanyjy edaralar migrantlaryň millionlarça toparyny dolandyrmaga çalyşýarlar. Häzirki pursatda uruş bilen bagly güýç ulanyjy edaralaryň işgärleriniň sany zerurlykdan has az wagtynda, şeýle "öňüni alyş çäreleri" has-da möhüm bolup biler» diýip, ekspert aýdýar. Onuň sözüne görä, şeýle hüjümleriň nyşany köplenç täjik graždanlary bolup durýar, sebäbi Duşanbe öz graždanlaryny goramak üçin aýratyn alada galmaýar.
«Resmi Duşanbe Russiýadaky ilçisi wezipesine örän gowşak we bilimi bolmadyk adamy belleýär, ol diňe bir nädip işlejegini bilmän, eýsem öz ildeşleriniň tarapyny tutmaga hem gorkýar. Galyberse-de, täjik ýolbaşçylarynyň öz migrant işçilerine bolan biperwaý garaýşy sebäpli täjikler Russiýanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan nyşana alyndy. Orsýet Özbegistan bilen gatnaşyklaryny bozmak islemeýär, şonuň üçinem özbeklere degmeýär, şol bir wagtda, täjiklere garşy çäre görülse, ne ilçi, ne-de Täjigistanyň hökümeti olaryň tarapyny tutjakdygyna düşünýärler» diýip, Aliýew belleýär.
Golaýda Orsýetiň Täjigistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Semýon Grigoriýew Täjigistanyň Daşary işler ministrligine çagyryldy hem oňa Duşanbeniň Täjigistanyň graždanlarynyň Orsýetde köpçülikleýin tussag edilendigi baradaky maglumatlar barada alada edýändigi habar berildi. Şol bir wagtda, Orsýetiň häkimiýetleri migrantlara edilýän basyşyň artmagynyň sebäbini resmi taýdan düşündirmän, eýsem täjik migrantlaryna garşy hüjümleri güýçlendirdi.
Žurnalist Galiýa Ibragimowa migrantlara garşy kampaniýany Orsýetde içerki duşmany gözlemek baradaky göreşde, nähilidir bir birleşdiriji pikir hökmünde ulanyp bolýandygyny belleýär.
«Men bu ýerde geosyýasy ýa-da başga bir faktory gözlemezdim. Russiýa muny diňe özüniň edip bilýändigini görkezmek üçin edýär. Häzir jemgyýetde migrantlara garşy şeýle talap bar. Şertli duşmanlara, goý, ol ukrainalymy, täjiklermi ýa-da rus dünýäsiniň gujagyndan gaçmak isleýänlermi – ählisine garşy birleşýärler» diýip, Azatlygyň Täjik gullugy bilen söhbetdeş bolan žurnalist çaklaýar.
Şeýle-de, žurnalist häzirki gysyşlar bilen rus häkimiýetleriniň migrantlary Ukrainadaky urşa gatnaşmaga mejbur edip biljekdigini hem ret etmeýär.
Mundan ozal dürli derejedäki syýasatçylar tarapyndan, migrantlary urşa çekmek üçin, "täjik batalýonlarynyň" döredilmegine ençeme gezek çagyryş edilipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum