Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa syýahatçylyk wizasy bilen barýan türkmen raýatlarynyň Türkmenistandan çykmagy kynlaşdy


Aşgabadyň halkara aeroporty
Aşgabadyň halkara aeroporty

Aşgabadyň halkara aeroportynda Russiýa syýahatçylyk wizasy bilen gitmekçi bolýan türkmen raýatlarynyň dürli bahanalar bilen ýurtdan çykarylmazlygy bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykdy. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň we çeşmeleriniň soňky maglumatlaryna görä, uçara goýberilmedikleriň köpüsi Orsýetiň ýokary okuw jaýlarynda okaýan ýaşlar.

"Harby gullugy geçen ýegenim rus uniwersitetine okuwa girdi, awgustyň aýynyň aýagynda Russiýa uçara münmekçi bolanda Aşgabadyň halkara aeroportundan 'pasportyňy kompýuter okap bilenok, şonuň üçin hem çykaňok' sözleri bilen migrasiýa gullugy tarapyndan serhetden geçirilmedi" diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aşgabatly gürüň berdi.

Uçara goýberilmedik ýigit soňra migrasiýa gullugyna barypdyr we onuň pasporty barlanyp, hiç bir kynçylyksyz kompýuterde okalýandygyny anyklapdyr. Şeýle-de bolsa, onuň Russiýa uçmak üçin ikinji synanyşygy hem oňyn netije bermändir.

"Gümrükde we migrasiýada işleýän tanyşlarymyz ikiçäk gürrüňdeşlikde Russiýa çykmaga atanagyň ýokardan buýruk bilen goýlandygyny aýtdylar. Häkimiýetler kanuny taýdan nädip çäklendirjegini bilmän, bikanun ýollara geçdiler" diýip, Orsýete gitmäge synanyşýan ýigit anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlyk anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan söhbetdeşleriniň howpsuzlygy bilen bagly aladalar sebäpli olaryň atlaryny hem-de beýleki şahsy maglumatlaryny agzamakdan saklanýar.

Bu aralykda Orsýete gitmekçi bolan studentleriň uçara goýberilmezligine uçar biletleriniň galplygynyň sebäp bolmagy bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykdy.

"Awgustyň ahyrky hepdesinde Moskwa barýan reýslere galp bilet satyn alan talyplaryň 50-den gowuragy biletleriniň galpdygy sebäpli uçara goýberilmedi. Uçara goýberilmedik studentleriň biletlerini kimden satyn alandygy hakynda howa menziliniň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan maglumat toplanyp başlandy. Biletleriň ýörite printerlerde, kompýuterlerde ýasalandygy anyklandy. Olar hakyky biletden tapawutlanmaýar. Olaryň howa menziliniň kassalarynda satylmandygy belli bolansoň, polisiýa we MHM edaralaryna derňäp bermekleri üçin ugradyldy" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme gürrüň berdi.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy galp biletleri satýan adamlaryň, şeýle-de daşary ýurtlara okuw wizasyny düzedip berýän we nobatsyz gymmat bahadan uçar biletlerini alyp berýän araçylaryň awgustyň ortalarynda birden köpelendigini habar berdiler.

"Biletleriň galp ýagdaýda satylmagy bilen bagly ýagdaý 30-njy awgustda, 2-nji, 4-nji we 6-njy sentýabrda anyklandy. Moskwada we Minskde okaýan studentler biletlerini geçen aýda satyn alypdyr we galp biletleri üçin 8 we 12 müň manat aralygynda pul töläpdir. Ýöne heniz galp biletleri satan hilegär ele düşmedi" diýip, polisiýadaky çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Aşgabadyň aeroportunda ýolagçylaryň halkara reýslerine münmekdäki kynçylyklary studentleriň we býujet işgärleriniň daşary ýurt pasportlarynyň ellerinden alynmagy baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi. Balkan welaýatynda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden biometriki pasportlaryny gyssagly tabşyrmak talap edildi. Ýaňy-ýakynda şeýle talap Lebabyň ÝOJ-larynyň studentlerinden edilipdi.

Türkmenistanyň raýatlary ýurduň daşyna çykmakda ýyllarboýy kynçylyk çekip gelýär. Iki ýyla uzan pasport nobatlary, uçar biletleriniň gytçylygy, wiza almak üçin talaplaryň köpelmegi we sebäbini düşündirmezden uçardan düşürilmegi ýaly ýagdaýlar türkmen raýatlarynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini çäklendirýär.

Migrasiýa we howpsuzlyk edaralaryndaky ýagdaýlardan habarly çeşmeler 2025-nji ýyldan başlap, türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlara akymyny düýpli azaltmak planlarynyň işlenilip taýýarlanýandygyny aýdýarlar we munuň üçin käbir döwletler bilen gepleşik alyp barýandygyny belleýärler.

Migrasiýa edarasyndaky çeşme okuw, iş we syýahatçylyk maksatlary bilen daşary ýurtlara barýan raýatlaryň ýurtdan çykmagy üçin düzgünleriň pugtalandyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygy belledi.

"Dünýäniň beýleki ýurtlaryna hem okuwa gitmeklik diňe döwlet sargydy we döwlet ýollanmasy esasynda amala aşyrylar. Şeýle hem döwlet ýollanmasy bilen iberiljek studentler üçin olaryň ene-atasy 'kepil şahs' bolarlar. Studentleriň yzyna gelmezlik islegi ýüze çykanda, jenaýat jogapkärçiligine çekmek göz öňünde tutular" diýip, migrasiýa gullugyndaky çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Çeşme türkmen raýatlarynyň Türkiýe, Russiýa we beýleki islendik ýurda özbaşdak zähmet migrasiýasyna gitmegini gadagan etmegiň planlaşdyrylýandygyny aýdýar.

"Türkiýä we beýleki ýurtlara Türkmenistanda işleýän we diňe döwlet tarapyndan tejribe alyşmak, ussatlygy artdyrmak ýaly gysga möhletlik işewürlik maksadynda döwlet ýollanmasy esasynda raýatlaryň gidip-gelmegi göz öňünde tutulýar. Syýahatçylyk maksadynda hem şahsy esasda ýa-da syýahatçylyk firmalarynyň üsti bilen wiza almaklyk hem doly ýatyrylýar" diýip, çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu barada Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugyndan resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleriniň öz raýatlarynyň daşary ýurtlara çykmagyny çäklendirmek islegleriniň bardygyny milli awiakompaniýanyň wekili hem anonim şertde tassyklady.

"Pudak ýolbaşçylaryndan eýýäm edaramyza dilden 'gizlin maglumat we görkezme" gelip ugrady, ýagny, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistan awiakompaniýasynyň işini dolulygyna daşary ýurtly ýolagçylar üçin uýgunlaşdyrmak tabşyrygy bar, sebäbi, aýdylyşyna görä, 2025-nji ýyldan başlap, türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlara gidip-gelmeginiň tas ýoga çykmagy bilen halkara awiagatnawlarda diňe daşary ýurtly raýatlaryň tranzit uçuşlary amala aşyrylar" diýip, çeşme aýtdy.

Şu ýyl “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň täze halkara ugurlarynyň birnäçesini açyp, munuň syýahatçylygyň ösmegine uly goşant goşjakdygy resmi mediada habar berildi. Emma türkmen awiakompaniýasynyň hünärmenleri munuň Türkmenistana gelýän ýa-da gidýän syýahatçylaryň sanyny artdyrmaga däl-de, daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň serhedinden, ýurduň çägine girizmezden, üstaşyr geçirmäge niýetlenendigini aýtdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG