Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Demirgazyk Koreýa BMG-niň kesgitlän çäginden köp nebit iberýär – Ak Tam


Ak Tamyň Howpsuzlyk geňeşiniň metbugat wekili Jon Kirby
Ak Tamyň Howpsuzlyk geňeşiniň metbugat wekili Jon Kirby

Russiýanyň Demirgazyk Koreýa, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň kesgitlän çäginden has köp mukdardaky işlenen nebiti ýaşyryn ýagdaýda iberýändigine çalym edýär diýip, Ak Tam 2-nji maýda aýtdy.

Bu Russiýanyň Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýarag we raketa programmalary sebäpli, Phenýana garşy girizilen uzak möhletli sanksiýalaryň berjaý edilişine gözegçilik edýän BMG-niň ekspertler paneliniň mandatynyň täzelenmegine weto goýmagy netijesinde, bu gurluşyň dargadylmagyndan soň mälim edildi.

“Moskwanyň paneliň mandatynyň täzelenmegine weto goýan pursady, Russiýa arassalanan nebiti Wostoçnyý portundan [Demirgazyk Koreýa] iberýär” diýip, Ak Tamyň Howpsuzlyk geňeşiniň metbugat wekili Jon Kirby žurnalistlere aýtdy.

XS
SM
MD
LG